Ï Žurnallaryň nobatdaky sanlary çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žurnallaryň nobatdaky sanlary çapdan çykdy

view-icon 690
“Standart, hil we howpsuzlyk”

Her çärýekde türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Standart, hil we howpsuzlyk” atly ylmy-tehniki žurnalyň sahypalarynda “Standartlaşdyrma”, “Döwlet gözegçiligi we hil”, “Wakalar we seneler” hem-de beýleki umumy sözbaşylaryň astynda dürli möwzukdaky makalalar hödürlenilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany “Türkmenistanyň ösüşleriň we rowaçlyklaryň belentliklerine ynamly gadamlarynyň döwürleri” atly makala bilen açylýar. Onda täze taryhy eýýamyň - Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň başlanylmagy hökmünde taryha giren 2012-nji ýylyň esasy wakalaryna syn berilýär. Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gün durnuklylygyň, durmuş we jemgyýetçilik ylalaşygynyň nusgasy bolup, dünýä bileleşigine halk hojalyk toplumynda ägirt uly özgertmeleriň, ykdysady kuwatyň, ylmy-tehniki ösüşiň ýokary depginlerini, milli rowaçlygyň anyk mysallaryny görkezýär.


Okyjylaryň dykgatyna “Täze kanunçylyk esasynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek” atly makala hem hödürlenilýär. Bu makalada “Standartlaşdyrmak hakynda” we “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary jikme-jik teswirlenýär. Bu kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasnyda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek jähtinden taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek bilen, biz ýurdumyzyň dünýäniň hil taýdan ösen ykdysadyýetli döwletleriniň hataryna girmek ugruna maksada okgunly eýerýäris. Şol döwletde bolsa ýaşaýyş-durmuşyň hiliniň ýokary standartlary geljekki okgunly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Makalanyň awtorynyň bellemegine görä, täze kanunlarda standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň milli ulgamynyň, olary ylmyň gazananlarynyň, maksada gönükdirmegiň, yzygiderliligiň we halkara talaplara laýyk getirmegiň esasynda has-da ösdürmegiň konsepsiýasy şöhlelendirildi.

“Döwlet gözegçiligi we hil” atly umumy sözbaşynyň astynda hem mowzuklaýyn makalalaryň birnäçesi ýerleşdirildi. Mysal üçin, makalalaryň biri häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşulan syýahatçylyk ulgamynda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanýar. Bu pudak milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynyň hatarynda täze taryhy eýýamda özüniň mümkinçiliklerini täze derejä çykarmak üçin kuwwatly itergi aldy. Makalanyň awtory bu ulgamdaky işi kadalaşdyrýan hukuk namalarynyň esasy düzgünleriniň üstünde jikme-jik durup geçýär.

Makalada şeýle hem döwletimiziň goldawy we milli Liderimiziň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge berýän ünsi netijesinde ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ýurduyzyň myhmanhana işewürligini we syýahatçylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ulgamyny halkara standartlarynyň derejesine çykarmaga, bu ulgamda täze taslamalary durmuşa geçirmäge we milli ykdysadyýetimiziň ýaş, ýöne okgunly ösýän pudagynyň işini hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge täze itergi berilýändigi aýdylýar.

“Hil ulgamyny önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti” atly seljeriji makalada ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümi döretmek üçin Halkara standartlaşdyrmak guramasy tarapyndan kabul edilen standartlary ornaşdyrmagyň örän derwaýysdygy bellenilýär. Galyberse-de, awtorlaryň belleýşi ýaly, munuň özi milli ykdysadyýetiň bazar gurallarynyň ep-esli işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.

“Wakalar we seneler” atly umumy sözbaşynyň astynda 14-nji oktýabrda “Ýitgileri azaldarys, netijäni gowulandyrarys. Standartlar netijeliligi ýokarlandyrýar” diýen şygar bilen bellenilen Bütindünýä standartlar gününe bagylanan makala çap edildi. Makalada halkara standartlaryny peýdalanyp, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen önümçiligiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, tebigy serişdeleri tygşytlamagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berilýär. Bu wezipe milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen ynamly gadam urýan garaşsyz Türkmenistan döwletimiz üçin hem örän möhümdir.

Şol ýerde Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi baradaky makala ýerleşdirildi. Ykdysady gözden geçirilişe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny öz içine alýan döwlet we hususy kärhanalaryň 80-den gowragynyň hatarynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň ekspozisiýasy hem ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiline, ölçegleriň bitewüliginiň üpjün edilişine, ýerasty baýlyklaryň goralyşyna we rejeli peýdalanylyşyna, şeýle hem zähmetiň howpsuzlygyna gözegçilik edýän edara bolmak bilen, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bu ulgamda gazanylanlary we standartlaşdyrmak, metrologiýa, ygtyýarlandyrmak hem-de hil babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işleri doly görkezmegi başardy.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň düzümindäki himiki – toksikologiýa bölüminiň işi bilen tanyşdyrýan makalanyň hem okyjylarda uly gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir. Bu düzümleýin edaranyň esasy maksady önümiň hili we howpsuzlygy babatda alyjylaryň bähbitleriniň hem-de hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Çagalar üçin önümler, ilkinji nobatda, oýnawaçlar içgin öwrenilmegini talap edýän harytlaryň toparlarynyň biri bolup durýar. Makalanyň awtory oýnawaçlary seçip almagyň esasy aýratynlyklaryna okyjylaryň ünsüni çekýär.

Žurnal ýokary neşirýat derejesinde çap edildi we özboluşly hem-de döwrebap bezegi bilen tapawutlanýar.

“Demokratiýa we hukuk”

Neşiriň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Mälim bolşy ýaly, umumymilli forumda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijeleri jemlendi, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we türkmen döwletiniň ykdysady ösüşini hem-de rowaçlanmagyny üpjün etjek möhüm çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiziň öz çykyşynda:

“Geçilen ýola baha bermek bilen, biz eziz Watanymyzda giň gerimli we tutumly işleriň amala aşyrylandygyny, örän uly üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belläp bileris. Sebäbi taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde biz Garaşsyz döwletimizi döretmegi başardyk we onuň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe gitmegini gazandyk” diýip belledi.

Syn berlen makalalaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary strategiýasy oňyn bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmasydyr” atly makalanyň okyjylaryň ünsüni çekjekdigi gürrüňsizdir. Bu makala hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlanandyr. Şol syýasat bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.

GIZ-iň “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly sebitleýin maksatnamasynyň direktory jenap Ýorg Pudelkanyň makalasynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti (GIZ) bilen gatnaşyklaryň esasy ugurlary açylyp görkezilýär.

Žurnalyň okyjylarynyň dykgatyna ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň eýeleýän orny hakynda makala hödürlendi. Onuň awtorynyň belleýşi ýaly, berkararlyk we bagtyýarlyk, ösüş hem-de rowaçlyk döwründe döwletliligi we ykdysadyýeti giň gerimli ösdürmek hem-de onuň üsti bilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň köp ugurly usulyny döretmek boýunça wezipeleri çözmek örän möhümdir. Şonuň üçin hem ol döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň öňde goýan “Demokratik bazar özgertmeleri – her bir maşgalanyň bolelin ýaşamagy – kuwwatly döwlet” diýen maksadyna ýetmäge ymtylmany ýene bir gezek tassyklaýar, çünki Türkmenistanda ähli zat adamyň bähbidine gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, häzir ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlary, şol sanda pensiýa üpjünçilik ulgamyny gurşap alýan düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Pensiýa özgertmelerini ösýän bazar gatnaşyklarynyň şertlerine uýgunlaşdyrmak zerurlygy onuň esasy maksady bolup durýar. “Pensiýa üpjünçilik ulgamy adalatlylyk we aýdyňlyk ýörelgelerinde özgerdilýär” atly makala şu meselä bagyşlandy. Onuň awtory pensiýa ulgamyny özgertmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda pensiýa tölegleriniň ýönekeý kesgitlemesini hem-de pensiýa bolan hukugy almak üçin amatly şertleri ulanmak, şeýle hem pensiýa ätiýaçlandyrmasyna tölegleri tölemek boýunça höweslendirmeleri we işiň has dowamly döwrüni artdyrmak arkaly pensiýa ulgamyny ýönekeýleşdirmek wezipelerini görkezýär.

Okyjylaryň dykgatyna “Ylym jemgyýetiň ösüşiniň açarydyr”, “Adam hukuklary – häzirki zaman halkara hukugynyň aýrylmaz bölegi”, “Türkmenistanyň daşary syýasaty we energiýa howpsuzlygy ugrundaky halkara hyzmatdaşlygy” diýen makalalar hödürlenýär.

Žurnalyň nobatdaky sany däp bolşy ýaly, esasy halkara guramalary bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde ýurdumyzda geçirilen duşuşyklara we maslahatlara, şeýle hem türkmen hukukçylarynyň dürli forumlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlara amala aşyran iş saparlaryna berlen syn bilen jemlenýär.