Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden we Bagam adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, kükürdi az bolan ýangyç mazudyny, gidrousulda arassalanylan dizel ýangyjyny, taplanan nebit koksuny satyn aldylar.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazut we benzin Germaniýadan we Normand adalaryndan gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki uglerodyny bolsa Russiýadan gelen telekeçiler satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensa, nah mata we tüýjümek mata, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta linti, nah ýüplügiň arassalanan galyndylary ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Polşa, Lihtenşteýn, Ukraina, Azerbaýjan boldy.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 158 million 213 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, BAE-niň, Şotlandiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplükden öndürilen matany we nah ýüplügi, garaköli goýunlarynyň ýuwlan ýüňüni, çig ýüpegi, pagta sarunyny we nah ýüplügiň arassalanan galyndylaryny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 11 million 275 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri azyklyk bugdaýy satyn aldylar. Satylan harydyň umumy bahasy 179 müň manatlykdan gowrak boldy.