Ï Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy

view-icon 176
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy.

Ählumumy ösüş ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen aýrylmaz baglydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň berkligi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawyny emele getirmekde esasy gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerledip, sebitdäki we ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşýar.

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda giň gerimli döwlet maksatnamalary, milli we sebit bähbitli iri taslamalar amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda ýurdumyzda hukuk binýady halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrylyp, daşary ýurtly maýadarlar üçin ýeňilliklerdir kepillikler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem abraýly halkara guramalar, maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. “Hyzmatdaşlyk we ösüş” ady bilen Diýarymyzda ilkinji gezek geçirilýän şu gezekki köpugurly halkara sergi hem gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň işewürlik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Sergä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iri kärhanalarynyň 100-e golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar. Onuň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýany we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanda halkara sergiler, ylmy maslahatlar, işewürlik duşuşyklary giň gerimde geçirilýär. Bu bolsa dünýä ýurtlary bilen bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Bu giň möçberli halkara sergi hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki hereketleri ýola goýmaga itergi berer” diýip belleýär.

Halkara gözden geçirilişe gurluşyk senagatynda iş alyp barýan köp sanly kärhanalar gatnaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan iri özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürler jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär. Açylyp ulanmaga berlen, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalary, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär.

Şähergurluşyk pudagynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredijilik zehini ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň görkezijisi bolan ägirt uly gurluşyk taslamalarynda öz beýanyny tapýar. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň we dünýäniň şäher gurluşygynyň ajaýyp üstünligidir. Öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň, iň täze sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolan bu şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Sergä Türkiýe Respublikasyndan köp sanly kompaniýalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda elektrik, yşyklandyryş, kabel, alýumin, santehnika, kauçuk we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary görkezmek bolar. Birnäçe kompaniýa bolsa köp gatly desgalar üçin liftleri öndürmekde, suw arassalamakda, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny gurnamakda, demir we polat enjamlary işläp taýýarlamakda bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

Hytaý Halk Respublikasyndan onlarça kompaniýa elektrik enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň eksporty babatda, senagat we gurluşyk gurnamalaryny getirmekde hyzmatlaryny hödürleýär. Köpugurly gözden geçirilişe dostlukly döwletiň agaç, mebel önümçiligi bilen meşgullanýan, binalar üçin dürli bezeg we howpsuzlyk serişdelerini öndürýän, “akylly” şäher gurşawy üçin döwrebap çözgütleri işläp taýýarlaýan kärhanalary hem gatnaşýarlar. Bu ýerde Hytaýda öndürilen awtoulaglaryň dürli görnüşleri, şäherleriň jemagat hojalyklary üçin zerur bolan tehnikalaryň kuwwatlyklary bilen hem ýakyndan tanyşmak mümkin.

Azerbaýjandan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýadan, Italiýadan, Russiýadan, Özbegistandan gelen wekiller howalandyryş ulgamlary üçin enjamlary, elektrik hereketlendirijileri, panelleri, beýleki senagat önümlerini öndürmek, asfalt öndürýän zawodlaryň gurluşygy, kärhanalaryň we şäherleriň elektrik üpjünçiligi, awtoulag hyzmatlary babatda bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Gurluşyk serişdelerini öndürýän pudak döwlet tarapyndan giňden goldanylyp, oňa ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ýerli ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmekde esasy pudaklaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki döwürde pudagyň kärhanalary importyň ornuny tutýan, halkara hil standartlaryna laýyk gelýän önümleriň dürli görnüşlerini, şol sanda sementi, diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramzit, gurnama demirbeton önümlerini, bişen kerpiçleri, örtük plitalaryny öndürýärler hem-de Türkmenistanyň barha giňeýän gurluşyk bazaryny bu önümler bilen üpjün edýärler. Sergä ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan köp sanly işewürleri gatnaşýarlar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen desgalar, döwrebap edara ediş binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň gurluşygynda ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, döwrebap kärhanalar gurulýar. Häzirki wagtda gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek, senagatlaşdyrmak, senagat we ulag düzümini ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Soňky ýyllardaky köp sanly taslamalaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarlar, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gatnaşýarlar. Köpugurly sergide elektron enjamlary, mebelleri, plastmas, polipropilen, haly önümlerini, aýakgap öndürýän kärhanalar öz önümlerini görkezýärler. Oňa ulag-logistika, dürli çäreleri guramak ulgamynda hyzmatlary hödürleýän, awtoulaglar üçin çalgy ýaglaryny, suwuklyklary öndürýän kompaniýalaryň gatnaşýandygyny hem bellemek gerek.

Gözden geçirilişiň çäklerinde kärhanalaryň önümleriniň, toplan öňdebaryjy tejribeleriniň, täze taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär. Olarda ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri tarapyndan öndürilýän täze önümler tanyşdyrylýar. Şeýle hem degişli ugurlarda daşary ýurtly işewürleriň toplan tejribeleri sergä gatnaşyjylaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi serginiň diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin däl, eýsem, önümçilik, hyzmatlar ulgamynda bilimleri artdyrmak, täze işewürlik başlangyçlaryny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän ähmiýetli çäre bolup durýandygyny hem aýdyň görkezýär.

Şeýlelikde, “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä giňişliginde mahabatlandyrmakda, halkara işewürlik giňişliginiň möhüm merkezleriniň biri hökmünde paýtagtymyzyň eýeleýän ornuny berkitmekde ähmiýetli çärä öwrüler. Köpugurly sergi 4-nji aprelde öz işini tamamlar.