Aşgabatda ozalky döwlet kabulhanasynyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän binasyny köp çagaly maşgalalar üçin raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna öwürmek boýunça işler başlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn göni aragatnaşykda wideoşekilli maslahatyň barşynda beren tabşyrygyna laýyklykda, bu bina şäher häkimliginiň garamagyna berler we geljekde ýaşaýyş jaýyna öwrüler. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň martyna çenli bu binanyň raýatlary göçürip getirmek üçin taýýar bolmalydygyny, galyberse-de, şol jaýlaryň paýlanjak döwrüne çenli sekizinji çagasy doglan maşgalalara öýleriň muzdsuz berilmelidigini belledi.
Soňky ýyllarda müňlerçe maşgalalar öz öýleriniň bagtyýar eýelerine öwrüldiler. Her bir täze binanyň ulanmaga berilmegi durmuş bilen bagly jähediň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasatyň esasy ugry bolup durýandygyny we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýandygyny aýdyň subutnamadyr.
Häzirki tapgyrda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokady depgine eýe bolmagy uly möçberli durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär, türkmenistanlylaryň ýaşaýyşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň özenidir. Şunda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyny edinmekde ilata hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz şol meseleleriň çözülmegine talabedijilikli çemeleşýär hem-de bu meseleler hökümetiň mejlislerinde we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän iş maslahatlarynda düýpli ara alnyp maslahatlaşylýar. Milli Liderimiz adamlaryň göwnejaý durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, şol sanda döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belleýär.
Asyrlarboýy jemgyýetçilik gurluşygynyň ynsanperwer ýörelgelerini ileri tutýan ata-babalarymyzyň belent ruhy däp-dessurlarynyň we ahlak gymmatlyklarynyň nesilden-nesle geçmegi täze taryhy eýýamda esasy ugur bolup durýar. Türkmenistanyň Baştutany şol ýörelgelere eýerip, olary ösdürmek we baýlaşdyrmak arkaly maşgalanyň hukuk derejesiniň pugtalandyrylmagyna, maşgala döwlet tarapyndan goldaw berilmegine gönükdirilen ýene-de bir umumymilli taslama badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow enelige we çagalyga durmuş taýdan goldaw bermek boýunça meseleleri kesgitlände, maşgala näçe berk bolsa, jemgyýetiň hem şonça kuwwatly boljakdygyny birnäçe gezek belledi. Dürli görnüşdäki ýeňillikleriň ulgamynyň işlenip düzülmegini, şol sanda enäniň 8 we şondan-da köp çagany dogurmagynyň höweslendirilmegini, çagalar 15 ýaşa ýetýänçä, olara muzdsyz lukmançylyk hyzmatynyň berilmegini, çagalar üçin kömek pullarynyň möçberleriniň artdyrylmagyny we şol kömek pullarynyň bellenilen wagtynda tölenilmegini muňa mysal edip görkezmek bolar. Her bir maşgala ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyny edinmek üçin ýeňillikli karzlary bermegiň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň hasabyna aýratyn ýaşaýyş jaýy ýa-da öý bilen üpjün edilmelidir.
Milli ykdysadyýetiň uly kuwwata eýe bolmagy, jemi içerki önümiň durnukly ösmegi türkmen döwletine bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamy, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, jemagat hojalygy üçin maýa goýumlaryny maksadaokgunly artdyrmaga we mundan başga-da, öz raýatlaryna goşmaça durmuş ýeňillikleriniň toplumyny bermäge mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda Türkmenistany döwletliligiň türkmen nusgasyna mahsus bolan täsin aýratynlyklarsyz göz öňüne getirmek aňsat düşmez. Ilata durmuş taýdan goldaw bermekde Türkmenistanyň raýatlarynyň gazdan, elektrik energiýasyndan, benzinden, agyz suwundan, duzdan muzdsuz peýdalanmagy ýaly çäreleriň dünýä tejribesinde deňi-taýy ýokdur. Köp ýyllaryň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynda we döwletiň ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli öýlerde jemagat hyzmatlardan, jemgyýetçilik ulagyndan we telefon aragatnaşygyndan peýdalanylmagy üçin tölegler örän ujypsyzdyr.
Ilatyň anyk girdejileriniň artmagy ýene-de bir möhüm ähmiýetli ýagdaýdyr, munuň özi zähmet hakynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň, döwletiň nyrh syýasatynyň amala aşyrylmagynyň, ykdysadyýetiň hususyýetçilik ulgamyna goldaw berilmeginiň we beýleki çäreleriň hasabyna üpjün edilýär.
Ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň ählisinde türkmen Lideriniň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan ugurlar esasy ýörelgä öwrüldi. “Saglyk” döwlet maksatnamasy muňa aýdyň mysal bolup biler. Häzirki wagtda şonuň çäklerinde milletiň saglygyny goramagyň ulgamynyň düýpgöter täze nusgasy kemala getirilýär, munuň gözbaşynda ençeme ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda saglygy goraýşa baştutanlyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durýandygyny aýtsa bolar.
Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň ulgamyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda enäniň we çaganyň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezleriniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Çagany emdirmek we az ganlylyga garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyryrýar. Häzirki güne çenli ýurdumyzda çaga dogrulýan öýleriň ählisine diýen ýaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan tassyklanan “Çaga mähirli garaýan saglyk öýi” diýen hukuk berildi.
Ýeri gelende aýtsak, eneligi we çagalygy goramak maşgala, enä, çaga hemmetaraplaýyn goldaw berilimegine gönükdirilen durmuş we ykdysady çäreler arkaly amala aşyrylýar, munuň özi Türkmenistanyň dürli kadalaşdyryjy hukuknamalarynda öz beýanyny tapdy. Olaryň arasynda soňky ýyllarda kabul edilen “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky kodeksi” we “Türkmenistanyň Zähmet kodeksini” görkezmek bolar. Şol resminamalara laýyklykda, çaga dogrulanda we oňa ideg edilende berilýän kömek pullaryň möçberi artdyryldy.
Zähmete degişli kanunçylykda göwreli zenanlary işden çykarmak, olary gijesine we iş wagtyndan daşgary işletmek gadagan edilýär, göwreli zenanlara we ýaş çagaly enelere has ýeňil iş, şol sanda amatly iş tertibi we doly bolmadyk iş güni hödürlenýär, galyberse-de, beýleki hukuk kepillendirmeler ýaş çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün edýär we işleýän enelere çagalary terbiýelemek üçin has köp wagtyň bolmagyna mümkinçilik döredýär.
“Ene mähri” atly hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler ençeme ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Ýöne ilkinji nobatda bu hormatly at tapawutlandyrmagyň belent nyşany hem-de enäniň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, ajaýyp zenanlaryň ata Watanymyzyň ösüşine we rowaçlygyna goşýan önjeýli goşandynyň aýratyn ykrar edilmeginiň nyşany hasaplanýar.
Döwrebap Türkmenistan geljege okgunly gadam urýan, şol bir wagtyň özünde milli däp-dessurlara aýawly garaýan we baýlaşdyrýan ýurtdur. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten belent ruhy ýörelgeleriniň we ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanmagyna aýratyn üns berýär.
Islendik döwletiň, şol sanda her bir adamyň at-abraýy onuň ýagşy işleri bitirmegi arkaly artýar. Häzirki wagtda tutuş dünýä gadymy türkmen topragynda ýagşylyga we döredijilige güýçli badalga berlendigini görýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň egsilmez güýç-kuwwaty bilen ruhlanan Türkmenistan öz abadançlygynyň we rowaçlygynyň täze belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen, maksadaokgunly gadam urýar, şol hereketiň depginleri ýylsaýyn has-da güýçlenýär.