Ï Ýurdumyz Nowruz baýramyny garşylaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyz Nowruz baýramyny garşylaýar

view-icon 627
Ahal welaýatynyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde Halkara Nowruz baýramyna taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ajaýyp bahar baýramy bolan Nowruz halklary berk dostluk we hoşniýetlli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýan ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we asylly ýörelegleriň baş nyşanyna öwrüldi. Nowruz häzirki wagtda-da baky juwanlygyň hem-de täzeden döreýşiň dabaralanýandygyny we baharyň gelendigini buşlap, biziň her birimiziň güýç-kuwwatymyzy artdyrýar hem-de ýagşylyga we döredijilige ruhlandyrýar.

Tebigatyň gözel künjeginde geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara görülýän taýýarlygyň giň möçberliligi we beýik ruhy, çäräni guraýjylaryň yhlasynyň sazlaşygyndan “Toý ýaýlasy” diýlip atlandyrylýan meýdançada özboluşly gözel görnüşi emele getirýär. Bu ýerde parahat, dostlukly we ajaýyp ýurdumyzyň merdana halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nurana baýramçylygyny bellemek ruhunda beýik işleri bitirýär.

Häzirki günlerde bu ýerde milli aýdym-sazlar ýaňlanýar.Tans hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary kämilleşdirilýär. Bu ýerde dikilen ak öýler abadanlaşdyrylýar. Şeýle hem aýry-aýry bölümçeleriň ýerleşjek ýerlerinde geçiriljek çäreleriň yzygiderliligi anyklaşdyrylýar. Olaryň netijesinde dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däpleri, baýramçylyk dessurlary bilen tanşarlar.

Türkmen halkynyň asylly myhmansöýerlik däplerine görä, baýramçylyk mynasybetli guraljak dabaralara köp sanly myhmanlar çagyryldy. Olaryň hatarynda Nowruz baýramçylygyny belleýän döwletleriň baştutanlary, halkara guramalarynyň wekilleri we döredijilik toparlary bar. Bir söz bilen aýdylanda, bu baýram adamlary parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we bagtyýarlygyň ýörelgeleriniň daşyna jebisleşdirýär. Türkmenistanda geçirilýän halkara Nowruz baýramçylygyna dürli ýurtlaryň žurnalistleri aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň we daşary ýurlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu baýramçylykda öz orunlaryny has-da giňeltmäge çalyşýarlar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen köp sanly myhmanlar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň köp öwüşginli folklor toparlarynyň çykyşlaryna, ajaýyp aýdym-sazly sahna eserlerine tomaşa ederler hem-de eli hünärli halyçylarymyzyň, keşdeçilerimiziň, ussat zergärlerimiziň we senetkärlerimiziň sungat eserlerine baha bererler. Milli tagamlarymyzdan dadyp görerler. Şeýle hem baýramçylyga gatnaşyjylar ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligine syn ederler we türkmen atly jigitleriniň, çapyksuwarlarynyň çykyşlaryna tomaşa ederler. Mundan başga-da, bu ýerde köp sanly milli oýunlar we şadyýan bäsleşikler giňden ýaýbaňlandyrylar. Baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar hem döredijilik çykyşlaryny görkezerler. Şu maksat bilen daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary Halkara Nowruz baýramçylygynyň geçirilýän ýerine gelip başladylar. Olar bu ýerde ýaýbaňlanlyrylan taýýarlyk işleriniň ýokary derejededigini bellemek bilen, dabarada görkezjek tomaşalaryna taýýarlyga girişdiler. Şeýlelikde, Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralýan dabaralar örän gyzykly we özüne çekiji çärelere, duşuşyklara beslener. Türkmenistanyň sungat ussatlary bilen olaryň daşary ýurtl kärdeşleriniň bilelikdäki şowhunly konserti baýramçylygyň jemini jemlär.

Müňlerçe türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda guralan ählihalk ýowarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy mähriban Watanymyza we tebigatymyza bolan söýgini alamatlandyrmak bilen, ol Halkara Nowruz baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky möhüm çärä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen badalga berlen ählihalk ýowaryna müňlerçe türkmenistanlylar bilen ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň Medeniýet we Bilim ministrlikleri hem-de olaryň düzümleri, welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Halkara Nowruz baýramyny garşylamak boýunça çäreleriň uly maksatnamasy taýýarlandy. Şeýle hem bu maksatnama boýunça dabaraly duşuşyklary, baýramçylyk maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen birlikde guralan dabaraly maslahata gatnaşanlaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip yglan edilen täze taryhy eýýamyň döredijilige, parahatçylyk dörediji başlangyja beslenýändigi bellenildi. Çykyş edenler Nowruz baýramynyň tebigatyň esasyny, taryhy gelip çykyşy we baý medeni mirasy, ruhy däp-dessurlary özünde jemleýän baýramçylyga öwrülendigini aýtdylar. Nowruz bu baýramy belleýän ähli halklar tarapyndan ileri tutulýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, abadançylyk, rowaçlyk, döredijilikli zähmet we egsilmez hyjuw, tebigata söýgi ýaly gymmatlyklara esaslanýar. Nowruzyň halkara we ynsanperwerlik ähmiýeti, halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birleşdiriji güýji hut şundan ybaratdyr.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde Nowruza bagyşlanan baýramçylyk maslahatyna bilim ulgamynyň esasy hünärmenleri, mugallymlar ýygnandylar.

Şu günler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy hem öz sergisine çagyrýar, bu ýerde Gündogaryň bu baýramçylygynyň taryhy we ony bellemegiň dessurlary barada gürrüň berýän we seýrek duşýan kitaplar, tanymal daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň işleri hem-de täze ylmy-köpçülikleýin neşirler görkeziler.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ählisinde, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bu bahar baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde we Sakarçäge etrabynda täze, döwrebap çagalar baglarynda baharyň gelmegi mynasybetli ilkinji dabaralar geçirilýär.

Ýerlerde ruhy-medeni ýörelgeleri we milli gymmatlyklary wagyz etmek maksady bilen, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler guralar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýudumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2013” atly däp bolan bäsleşigi guradylar. Ol 15-nji martda Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirildi. Şeýle hem 18-nji martda “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde aýdym-syzly baýramçylyk çäresi boldy.

Medeniýet ministrliginiň düzümine girýän edaralaryň sungat ussatlary baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Olar baýramçylyk maksatnamasynyň ýatdan çykmajak we täsirli bolmagy hem-de milli däp-dessurlaryň we adatlaryň öwüşginine çaýylmagy ugrunda öz yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Baýramçylygyň öňüsyrasyndaky günlerde ýurdumyzyň muzeýleri we sergi zallary tomaşaçylary “Nowruz geldi bagtyýar ilimize” diýen umumy mowzukly çeperçilik we etnografik sergileriň açylyşyna çagyrýarlar. Halkara baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde milli senetçileriň önümleriniň, amaly-haşam sungaty, suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, keramika boýunça ýaşlaryň we ykrar edilen ussatlaryň döredijilik işleriniň sergileri guraldy. Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy tarapyndan Berekediň çeper halyçylyk kärhanasynda hem baýramçylyk mynasybetli sergi guraldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet aýdym-sazly drama teatrynda tanymal ýerine ýetirijileriň we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda “Nowruzyň äheňleri” atly sahnalaşdyrylan täsirli aýdym-sazly çykyşlar öz tomaşaçylaryny çagyrýar.

Baharyň gelmegi mynasybetli esasy darabaralar 21-nji martda – baharda gije-gündiziň deňleşýän gününde başlanar. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň we Täjigistanyň teklibi boýunça Nowruz baýramy BMG tarapyndan Halkara Nowruz baýramy diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramy Gündogaryň köp sanly halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda däp-dessurlaryny we adatlaryny özünde jemleýär hem-de 2009-njy ýylda UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna goşuldy. Şu ýylda bu baýramçylyk halkara derejesinde Türkmenistanda bellenilýär, oňa köp sanly belent mertebeli myhmanlar we daşary ýurt wekiliýetleri gatnaşarlar. Ozal habar berlişi ýaly, halkara ylmy maslahatynyň tamamlanmagy bilen, baýramçylyk çäreleri Köpetdagyň gözel künjeginde ýaýbaňlandyrylar.

gelmegine bagyşlanan çäreler 22-nji martda agşam “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde geçiriljek konsertler bilen jemlener. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi paýtagtymyzdaky esasy konsert meýdançasyna öwrüler, bu ýerde ýygnananlara tanymal sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň, çeper höwesjeňleriň gatnaşmagynda täsirli aýdym-sazly tomaşa görkeziler. Olar öz aýdymlarynda we tanslarynda täze güni, täze bahary, täze durmuşy wasp ederler. Nowruzyň ruhy, asylly many-mazmuny biziň kalplarymyzda ýakymly täsir galdyrar.

Nowruz baýramçylygy günlerinde aýdym-sazly çykyşlar we beýleki tomaşalar ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde hem giňden ýaýbaňlandyrylar.