Ï “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak”

view-icon 3134
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, we rus dillerinde neşir edýän “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly žurnalynyň birinji sany çapdan çykdy.

Bu ylmy-köpçülikleýin neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu hepde gol çeken ýörite Kararyna laýyklykda esaslandyryldy. Onuň esasy wezipeleri Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde gazanylýan üstünliklerini giňden beýan etmek, ekologiýa bilen bagly meseleleriň many-mazmunyny okyjylara aýdyňlaşdyrmak, şeýle hem biziň ýurdumyzda we daşary döwletlerde bolup geçýän sebitleýin we halkara ähmiýetli möhüm wakalara syn bermek bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalyň okyjylaryna we işgärlerine Gutlagy bilen açylýan ilkinji sanynda Türkmenistanyň tebigaty goramak maksatnamasy jikme-jik beýan edilýär. Onuň esasynda adamzadyň mundan beýläk-de ösmegi diňe tebigata, onuň köpdürlüligine we baýlyklaryna aýawly garamak, daşky gurşaw baradaky alada bilen utgaşyklykda mümkindir diýen taglymat goýuldy. Türkmenistan ýer ýüzünde ähli halklaryň abadançylygynyň bähbidine ähli döwletler bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen bu ugra gyşarnyksyz eýerýär.

Ekologiýa meselesi ýaly möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulmak bilen, Türkmenistan BMG-nyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Jurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birelşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde, 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa Federatiw Respublikasy) geçirilen BMG-nyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem 2012-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşlaryndan setirleriň mysal getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, şol maslahatlarda milli Liderimiz ählumumy durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny we netijeli tekliplerini beýan etdi. Neşiriň şu sanynda çap edilen makalalaryň agramly bölegi şol başlangyçlara, şol sanda Araly halas etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-nyň Sebitara merkezini döretmek, Hazar ekologik forumyna hemişelik hereket edýän halkara guramasynyň derejesini bermek meselelerine bagyşlanandyr. Şol forum Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak meselelerine garamak üçin binýat bolmalydyr.

Makalalarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ekologiýa meselelerine uly üns berilýär, sebäbi daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi goramak, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, innowision “ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan ähli giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologik esas bilen berk baglanyşyklydyr.

Okyjylara hödürlenýän materiallaryň hatarynda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyna, biziň ýurdumyzyň Hazaryň ekologik maksatnamasyny amala aşyrmaga goşýan goşandyna, şeýle hem aýratyn goralýan çäkleriň – goraghanalaryň giň zolagyny döretmek boýunça geçirilýän işlere bagyşlanan synlar bar.

Olaryň awtorlarynyň belleýşi ýaly, biologik köpdürlüligi saklamak we dikeltmek, Hazaryň tebigy arassalygyny we abadançylygyny, Garagum çölüniň täsinliklerini we Köpetdagyň eteklerini goramak boýunça çäreler, suwdan peýdalanmagyň we ýerleriň ýaramazlaşmagynyň meselelerini çözmekde gazanylýan üstünlikler, şeýle hem ekologiýa syýahatçylygynyň ösüşi daşary ýurtly ekolog alymlaryň, durmuşyň dürli ugurlaryndan bolan hünärmenleriň we bilermenleriň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistan bu meselelerde oňyn tejribe alyşmak, ýurtlaryň sebitleýin gatnaşyklarynyň we dürli halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny gözläp tapmak boýunça köp sanly halkara maslahatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Žurnalyň ilkinji sanynyň Daşoguz şäherinde “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynyň geçirilmeginiň öň ýanynda çykmagy guwandyryjydyr. Dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýan möhum meselä “Aralyň meseleleri we olary çözmegiň ýollary” diýen aýratyn makala bagyşlandy.

Ähli makalalar we materiallar türkmen tebigatynyň, gaýtalanmajak gözel künjekleriniň ajaýyp görnüşlerini şekillendiren reňkli suratlar bilen bezelipdir. “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň özboluşly bezelişi hem täze neşiriň esasy konsepsiýasyna we baş mowzugyna gabat gelýär.