Şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda däp boýunça aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde her ýyl Türkmenistanda giňden bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramyna bagyşlanylan dürli çäreleriň gerimi giňelýär.
Baharyň hoştap howasy, ajaýyp tebigy öwüşginleri medeni merkezlerde, dürli suw howdanlarynyň kenarynda gurnalan konsert meýdançalarynda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň ruhubelentligini baýlaşdyrýar, olar müňlerçe adamlary ýygnaýar. Bir hepdäniň dowamynda baýramyň öňüsyrasynda bütin ýurdumyzda ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, jemgyýetçilik guramalary, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan çäreler geçirilýär.
Ýykynda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramyna bagyşlanylan çäreler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we obasenagat toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmak bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir.
Rowaçlygyň esasy çeşmesi bolan suwa bagyşlanylan baýramçylygyň öň ýanynda badalga alan şu medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasyna ýurdumyzyň muzeýlerinde we kitaphanalarynda dürli sergileriň tapgyry goşuldy. Türkmenistanyň Milli kitaphanasynda kitap sergisi açyldy, şonda degişli ylmy we çeper edebiýat goýuldy, metbugat habar beriş serişdelerinde çap edilen oçerikler we makalalar seçilip alyndy. Ýurdumyzyň dürli muzeýlerinde türkmen ekerançylygy üçin däp bolan suwdan rejeli peýdalanmagyň usullary-käriz ulgamlary, guýular, jykyrlar we başgalar hakynda gürrüň berýän ýöriteleşdirilen sergiler taýýarlanyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda suw serişdelerine aýawly çemeleşmäge ähmiýet berilmegi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň birnäçe ylmy-barlag institutlarynda üçünji aprelden bäşinji aprel aralygyndaky döwürde guramak bellenen maslahatlarda we seminarlarda nygtalyp geçilýär, şolarda suw meselesine degişli barlaglaryň jemleri boýunça çykyşlar we ylmy habarlar hödürlener. Arheologiýa we etnografiýa institutynda “Suwdan peýdalanmak we ekerançylyk bilen baglanyşykly türkmen halk däpleri” atly ylmy-amaly maslahat bolar. Taryh institutynda “Orta asyrlarda Türkmenistanyň şäherlerini suw bilen üpjün etmegiň aýratynlyklary” atly ylmy maslahat geçiriler. Gün institutynyň we Himiýa institutynyň hünärmenleri “Türkmenistanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ylmy esaslary” atly bilelikdäki ylmy maslahaty gurar.
Bu çäreleriň hemmesi türkmen döwletiniň suwdan aýawly peýdalanmagyň, suw serişdelerine tygşytly gatnaşygyň meselelerini çözmäge hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegi ylmy taýdan esaslandyrar. Biziň ýurdumyz suw serişdelerini peýdalanmak we gorap saklamak babatda halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulyp, bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Ýakynda Daşoguzda tamamlanan “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahat hem munuň nobatdaky subutnamasydyr, şonda ökde hünärmenleriň sebitiň suw serişdelerini rejeli hem-de utgaşdyryp dolandyrmak meseleleri boýunça möhüm pikir alyşmasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän, ep-esli maliýe serişdeleri gönükdirilýän iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek we şorlaşmaga garşy göreş alyp barmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi maksat edinen daşky gurşawy goramak boýunça iş ýüzündäki çäreler dünýä bileleşiginde bolşy ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Merkezi Garagumda häzirki wagtda özboluşly gidrotehniki toplum, gidromelioratiw desgalaryň çylşyrymly ulgamy bolan, ähli welaýatlaryň oba hojalyk ýerlerinden zeýkeş suwlaryny toplamak üçin niýetlenilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär. Öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bu taslamanyň Türkmenistan üçin hem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýeti bardyr, onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen bir hatarda, tutuş sebitiň ekologiýasyna oňaýly täsir eder.
Şeýlelikde, oňyn gatnaşyklara ygrarly Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy babatda işjeň orny eýeleýär, durnukly ösüşiň wezipelerini, şol sanda suwdan peýdalanmagyň meseleleriniň sazlaşykly, özara peýdaly çözgütlerini bilelikde agtarmak ugrunda çykyş edýär. Bu babatda geçen anna güni “Prezident” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de bilermenleriniň gatnaşmagynda Suw syýasaty boýunça milli gatnaşyklaryň Utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi boldy.
Şanly senä taýarlyk görmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, “Türkmenylymsuwtaslama” institutynyň hünärmenleri “Ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda öňdebaryjy dünýä tejribesi” atly ylmy maslahata gatnaşarlar. Şonda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň oba hojalyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek meseleleri gozgalar. Şenbe güni Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçiriljek bu maslahat Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi tarapyndan guralar.
Durmuşyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşe beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky abadançylygyň girewi, bolelin durmuşyň çeşmesi hökmünde suwa aýratyn sarpa goýýar we aýawly çemeleşýär, şonuň üçin hem oňa we aýratyn many berip, “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramyna uly ähmiýet berýär.
Suw hojalyk pudagynyň işgärleri suwuň bolçulygy barada arzuw eden ata-babalarymyzyň däplerine eýermek bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň zähmetsöýer ekerançylary bilen bilelikde, suw serişdelerini aýawly peýdalanmak barada aladalanýarlar we ekerançylyk meýdanlaryny suwlulandyrmak, täze suwarymly ýerleri özleşdirmek boýunça ägirt uly işleri geçirýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obany düýpli özgertmek boýunça öňde goýan uly möçberli wezipelerine laýyklykda, bar bolan suw howdanlarynyň meýdany yzygiderli giňeldilýär hem–de täze suw howdanlary gurulýar, suwaryş ulgamlary çekilýär, akabalar gazylýar, olaryň hanasy arassalanýar hem-de täzelenýär, suwaryşyň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw tygşytlaýan tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn suwaryş we suw tutmagyň beýleki öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, suw çeşmeleriniň sanyny artdyrmak, täze, has kuwwatly häzirki zaman gidromelioratiw desgalary gurmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ugurda birnäçe uly taslamalar durmuşa geçirildi, paýtagtymyzda we welaýatlarda iň täze suw arassalaýjy desgalar guruldy, her bir etrapda, obada ýakyn geljekde häzirki zaman desgalarynyň we suw çeşmeleriniň peýda bolmagy, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işler çalt depginlerde dowam etdirilýär.
Baýramçylygyň öň ýanyndaky çärelere syn bermegi dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan “Suw damjasy—altyn dänesi” atly maslahatyň boljakdygyny belläp geçmeli. Oňa Türkmenistanyň suw hojalygynyň işgärlerinden başga hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar hem-de obasenagat toplumynyň weteranlary gatnaşar.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ekerançylyk meýdanlaryny we suw serişdelerini rejeli hem-de aýawly peýdalanmagy, ýylyň islendik wagty oba hojalyk önümleriniň ähli görnüşlerine, gök-bakja önümlerine we miwelere bolan islegi has doly kanagatlandyrmak, ylmy açyşlary we öňdebaryjy iş tejribesini önümçilige ornaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan uly möçberli maksatnamalara aýratyn üns berler. Halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu maksatnamalar oba hojalyk toplumynyň ähli zähmetkeşleriniň öňünde, şol sanda suw hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde uly möçberli hem-de örän jogapkärli wezipeleri goýýar.
Şu ýyl umumymilli baýramçylygyň hormatyna sport çäreleriniň, şol sanda suw sporty boýunça çäreleriň geçirilmeginiň biziň ýurdumyzda badalga alan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine gabat gelmegi guwançlydyr. Şu günler Türkmenbaşy şäherinde baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça ýaryşlar geçirilýär, paýtagtymyzyň, “Olimpiýa” suw sporty toplumynda bolsa sport mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň suw görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bolar. Bu özüne çekiji ýaryşlary Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Balkan welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri guradylar.
Şenbe güni agşam paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Altyn asyr” seýilgähine ýygnanar, şol ýerde baýramçylygyň hormatyna ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar bolar, ýurdumyz boýunça, aýratyn hem kenar ýakasyndaky seýilgählerde we seýilbaglarda ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlar we konsertler, halk gezelençleri, suw hojalygy ulgamynyň weteranlaryny hem-de iň oňat işgärlerini hormatlamak dabarasy guralar.
Däp boýunça paýtagtymyzda Garagum derýasynyň kenarynda geçiriljek uly möçberli baýramçylyk dabaralary esasy çäre bolar, şonda mowzuklaýyn sergiler we sport ýaryşlary guralar. Baýramçylyk meýdançasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynyň gözelligini we sahylygyny wasp edýän meşhur artistleriň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda özüne çekiji çäreler geçiriler.