Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni, 15-nji aprelde geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine öňümizdäki Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek baradaky mesele hem girizildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza dabaraly çäreleriň geçiriljek ýerine barýan ýollary abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şol sanda aýlawly ýollarda bedewleriň heýkellerini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly mesele barada hasabat berildi.
Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýoluň şol aýlawlaryny “Atly aýlaw” hem-de “Polatly aýlaw” diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullap, täze heýkelleriň atlary babatda türkmen halkynyň öňe süren başlangyjyny goldaýandygyny nygtady. Şol heýkeller ýakyn günlerde dabaraly ýagdaýda açylar. Munuň özi mähriban halkymyzyň ganatly bedewlerine hemişe uly hormat-sarpa goýýandygynyň, olara örän aýawly garaýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Olaryň hormatyna her ýyl biziň ýurdumyzda giň möçberli dabaralar geçirilýär.
Türkmenistanda eýýäm ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çäreler başlandy. Ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” mynasyp derejede aýratyn orna eýe bolmak bilen, milletimiziň köklerine we ajaýyp medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýram soňky ýyllarda halkara ähmiýetine eýe boldy. Bedewler mynasybetli baharyň gözel çagynda geçirilýän dabaralar türkmen topragynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlary – şöhratly ahalteke tohumlaryna mynasyp baha berip bilýän hünärmenleri we janköýerleri ýygnaýar. Bu baýramçylyk öz däplerini ýüze çykaryp, rowşen görki we döwrebaplylygy bilen ýyl-ýyldan barha täze öwüşginlere beslenýär.
Şu aýyň ahyryna çenli dowam etjek medeni çäreleriň tapgyry, 15-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde açyldy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşirýat önümlerinde, suratlarda hem-de wideoşekillerde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça yglan edilen doredijilik bäsleşigine hödürlenen işler görkezilýär. Bäsleşige suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, ussat fotosuratçylaryň we dizaýnerleriň, şeýle hem telewideniýanyň işgärleriniň ýüzlerçesi gatnaşdylar.
Buýsançly gözel bedewleriň suraty, hala çitilen şekilleri, demirden, daşdan, beýleki materiallardan taýýarlanan şekilleri sergi zalynyň meýdançasyny doldurdy. Bu ýerde atlaryň dürli keşpdäki görnüşleri – kuwwatly we erkin tebigy häsiýetiniň göz öňünde janlanmasyndan başlap, dostlukly inçe içki dünýäsi bilen baýlaşan şekillerine çenli görnüşler beýan edilýär. Sungat eserleri özünde bedewleriň hakyky keşbini we ajaýyp gözelligini jemleýär.
Bedewi suratkeşler, heýkeltaraşlar, grafikaçylar zeminiň dürli künjeklerinde, dürli ýurtlarda, dürli döwürlerde we eýýamlarda kämil ussatlar hem-de halk senetçiliginiň ussalary, höwesjeň suratkeşler beýan edipdirler.Ýöne, bedewiň keşbi gözelligiň we sazlaşygyň özboluşly saýlama nusgasy bolup, türkmen sungatynda has giň ýaýrandyr. Gadymy eýýamlarda halk döredijiliginde at ygtybarlylyk, daýanç, dowamat, wagt, ýagtylyk, güýç hökmünde göz öňüne getirilipdir. Häzirki zaman türkmen sungatynda bedew gözbaşymyzyň, gadymy köklerimiziň, wagty we giňişligi ýeňip geçmäge ukyply bolan ruhuň galkynyşynyň özboluşy nyşany bolup durýar.
Ahalteke bedewini şekillendirmedik ýekeje-de türkmen suratkeşini tapmak kyndyr. Munuň özi onuň diňe bir gözelligine haýran galmak bilen baş egmek däl-de, eýsem köp asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän hakyky ähilhalk söýgüsiniň ýüze çykmasydyr. Özüne milli döredijilik däplerini siňdirmek bilen, ýaş nesiller şekillendirmegiň täze garaýyşlaryny beýan etmek arkaly, olar babatda täzeçe pikirlenýärler.
Ýaş suratkeşleriň bedew temasy baradaky döredijilik gözleglerini akademiýanyň Sergi merkezinde 20-nji aprelde açyljak ekspozisiýa görkezer, şonda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işleri çykarylar.
Elbetde, tebigatyň we ynsan paýhasynyň hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak döreden gymmatlygy, ýagny ahalteke bedewi türkmen edebiýatynda-da, nusgawy poeziýada-da, halk döredijiliginde-de, şol sanda nakyllarda we atalar sözlerinde, dessanlarda we eposlarda-da öz beýanyny tapdy. Şeýle häsiýet häzirki zaman ýazyjylaryny we şahyrlaryny, şeýle hem taryhçylary, etnograflary, arheologlary we beýlekileri biparh goýmaýar.
Ençe asyrlaryň dowamynda bedew türkmen halkynyň durmuşynda örän möhüm orun eýeledi. Türkmenler bedewi özleriniň maşgala agzasy, dosty, ynamdar we söweşjeň ýoldaşy hasaplap geldiler. Bedewe buýsanyp, onuň üçin gymmat bahaly metallardan we daşlardan her dürli owadan şaý-sepleri döredýärler. Durmuşda bolsa, bedew bilen baglanyşykly birnäçe däpler emele geldi. Bularyň ählisi barada “Şöhraty dünýä ýaýran bedewler” diýen umumy at bilen geçiriljek baýramçylyk sergisinde jikme-jik we örän aýdyň düşünje almak bolar. Ol öňümizdäki bütin hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde we kitaphanalarynda geçiriler.
Şol günlerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy hem “Meniň bedewim – meniň ganatlarym” atly kitap sergisini gurar. Sergä geljekler ahalteke tohum atlarynyň taryhy boýunça neşirler, ylmy monografiýalar we bu ugra degişli seýrek duş gelýän beýleki kitaplar bilen tanşyp bilerler. Bu pudakdaky döwrebap ylmy işlere, ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçiriljek maslahatlaryň dowamynda garalar. Onuň mejlisleri Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda geçiriler.
Medeni maksatnamany bolsa, ýurdumyzyň teatrlarynda baýramçylyga bagyşlanyp ýörite taýýarlanan sahna oýunlarynyň tapgyrlary dowam eder. Teatrlaryň tomaşaçylary 22-nji aprelde sahna oýunlaryna tomaşa edip bilerler.
“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň behişdi bedewleri” diýen at bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 23-nji aprelde ylmy maslahat geçiriler. Oňa belli atçynaslar, seýisler, tohumçylyk bilen meşhullanýanlar we pudagyň beýleki hünärmenleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşarlar.
25-nji aprelde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi uzak aralyga bedewleriň ýaryşyny guraýar. Olar Köpetdag şaýoly boýunça uzalyp gidýän aralyklarda bäsleşerler, günüň ikinji ýarymynda bolsa, Halkara atçylyk sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlar geçiriler.
Şol gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Onda abraýly emin agzalarynyň pikiri boýunça, bedewleriň gözelligini wasp edýän iň oňat eserler saýlanar.
Anna güni, 26-njy aprelde paýtagtymyzyň ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasynda merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, bu Halkara assosiasiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylyň awgust aýynda döredildi we onuň başlyklygyna hormatly Prezidentimiz biragyzdan saýlanyldy. Guramanyň esasy maksady tohumyň arassalygyny gorap saklamakdan, onuň ajaýyp häsiýetlerini kämilleşdirmekden, olaryň baş sanyny köpeltmekden, şeýle hem dünýä atçylygynda nusgalyk bolup durýan behişdi bedewleriň dünýäde meşhurlygyny artdyrmagy gazanmakdan ybarat bolup durýar. Forumda bu ugurlarda edilen işleriň netijelerine garalar, täze maksatnamalar we taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar hem-de assosiasiýanyň agzalarynyň arasyndaky mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary kesgitleniler.
Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin dünýäniň köp döwletlerinden daşary ýurtlarda eýýäm meşhurlarlyga eýe bolan bu guramanyň agzalary türkmen paýtagtyna gelerler. Şeýle hem Aşgabada dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly myhmanlar hem-de iri habar beriş we ýöriteleşdirilen neşirlere wekilçilik edýän žurnalistler gelerler.
Şol gün Sergi köşgünde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we atşynaslygyň dünýä sungaty” atly V Halkara ylmy maslahaty öz işine başlar. Eger-de maslahatyň geçirilmegi apreliň adaty wakasyna öwrülen bolsa, ýöriteleşdirilen ýarmarka biziň ýurdumyzda ilkinji gezek guralýar. Ol şol günlere baýramçylyk äheňini goşar.
Şenbe güni, 27-nji aprelde baýramçylyk çäreleriniň jemleýji tapgyrlary başlanar. Şunda Halkara ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi jemlener we sungat işgärleriniň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän şeýle gözden geçirilişler häzirki zamanda türkmen halkynyň iň oňat atçylyk däplerini ösdürmäge we çeperçilik taýdan beýan etmek bilen birlikde, ahalteke tohumyny giňden ýaýratmaga gönükdirilendir.
“Behişti bedewleriň” köpsanly janköýerleri, şol sanda daşary ýurtlardan gelenler bütindünýä atçylygynda iň gowudan-gowusyny, saýlama şöhratly tohumlary ähli görkünde synlamaga hakykatda ajaýyp mümkinçilik alarlar. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi hem-de olaryň çeperçilik taýdan beýan edilişine degişli döredijilik bäsleşigi – bu iki bäsleşikde bedew bilen adamyň birligini, olaryň dostlugyny, ruhy sazlaşygyny we netijeli hyzmatdaşlygyny görkezýän pikir birleşdirýär.
Türkmen toýuna mahsus bolan baý aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, ýurduň iň oňat halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabaralaryna ajaýyp öwüşgin berer.
Paýtagtymyzda indiki hepdede geçiriljek dabaralaryň üsti şeýle hem 26-njy aprelde “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde we 27-nji aprelde “Ylham” seýilgähinde guraljak uly aýdym-saz çykyşlary bilen ýetiriler. Olarda tomaşaçylara edebi-aýdym-saz kompozisiýalary, halk we meşhur estrada aýdymlary hödürlener. Bu aýdym-sazly baýramçylyk çärelerine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen meşhur atşynaslar we seýisler gatnaşarlar.
Şeýlelikde, Türkmen bedewiniň baýramçylygy barha belent derejelere göterilýär. Ol bedew bady bilen ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylyp, täze belentliklere hem-de Watanymyzyň geljegine tarap uzamak arkaly özi bilen ajaýyp ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýar.