Ï Täze neşirler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze neşirler

view-icon 815
Türkmen halkynyň kalbynyň ganaty-bedewlere bagyşlanýar

Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda ahalteke bedewine we milli atçylyga, bedewiň halkymyzyň ruhy dünýäsindäki, medeniýetindäki we sungatyndaky ornuna we ähmiýetine bagyşlanan täze neşirler çap edildi. Birkemsiz bezelen neşirler giň okyjylar köpçüligine niýetlenilip, ahalteke bedewleriniň gözelligine uly sarpa goýýan muşdaklar, at münmegi halaýanlar, şeýle hem atçylyk ulgamynyň hünärmenleri, şol sanda ýurdumyzyň myhmanlary – Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III maslahatynyň wekilleri we türkmen bedewiniň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin oňat sowgada öwrüldi.

“Behişdi ahalteke atlary” atly žurnalyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň durmuşynyň birgiden taraplaryny äşgär edýän bu giň ugur täsirli beýan edilýär.

Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň habarlar-syn beriş žurnalynyň täze sanynda Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmegiň döwrebap ugurlary bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak dowam etdirilýär, şunda geçirilen işleriň netijeleri, atçylyk dünýäsindäki wajyp ähmiýetli wakalar beýan edilip, halkymyzyň “behişdi bedewler” bilen bagly milli ýörelgeleri barada gürrüň berilýär.



Žurnalyň şu sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň hakyky täsinligidir, türkmen halkynyň kalbynyň ganatydyr, biziň milli buýsanjymyzdyr” diýen sözleri bilen başlanýar. Bu sözler türkmenleriň “behişdi bedewler” ýaly gymmatly genji-hazyna garaýşyny diýseň täsirli beýan edýär.

Žurnalyň sahypalarynda ahalteke atçylygynyň tahyry we häzirki ýagdaýy, ýurdumyzda geçirilýän saýlap-seçmek işi, bu tohumy köpeltmek, şol sanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň çäklerinde geçirilýän köpugurly işler, ahalteke bedewiniň keşbini şekillendiriş sungatynda wasp etmek, atlaryň milli esbaplary we beýlekiler bilen bagly ylmy-köpçülikleýin makalalar we gyzykly makalalar çap edildi.

Häzirki döwürde sportda belli-belli tohumlara degişli bedewler bilen geçirilýän işler we halkara tejribesi, at münmegi öwretmegiň ýörelgeleri boýunça täze çemeleşmeler we atlary beýleki ulgamlarda ulanmak barada pikir alşylmagyna aýratyn üns berilýär. “Behişdi bedewler alysdaky atşynaslaryň gözi bilen” atly sözbaşy bilen, ippoterapiýa barada gyzykly makala ýerleşdirildi. Germaniýadan atşynas Katarina Jekob at münüp gezmek bilen bagly terapiýanyň esaslary we oňyn täsiri barada gürrüň berýär, şunda ol bejeriş usulyýetleriniň şu görnüşinde psihiki-emosional taýdan özboluşly gurluşy, duýgurlygy, estetiki taýdan özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewlerini ileri tutýar.

Atşynaslar atyň ygrarly we wepaly bolmagyny isleseň, onuň ýakyn dosty bolmalydygyňy belleýärler. Ýöne şunda atyň gelip çykyşyny we taryhyny, onuň neneňsi häsiýetlere eýe bolup durýandygyny we onuň bilen dostlaşmagyň ýoluny bilmek zerurdyr. Şeýle hem žurnalyň şu sanynda Türkmenistanyň çägindäki arheologik tapyndylar baradaky maglumatlar berilýär. Şol tapyndylar türkmen bedewleriniň gelip çykyşynyň irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny tassyklaýar. Professor Ö.Gündogdyýewiň taryhy oçerkinde aty eldeki etmekden başlap, türkmen atlylarynyň gatlagynyň ýüze çykmagyna we harby işiň atçylyk bilen bagly ugrunyň kemala gelmegine çenli ahalteke bedewi baradaky sene ýazgylary täsirli beýan edilýär.



Şeýle hem žurnalyň täze sanynda türkmen atçylyk pudagynyň hünärmenlerine, tanymal seýislere söz berilýär. Olar atçylyga we tohumçylyk işine, saýlap-seçmegiň we atlary döwrebap usullar esasynda hasaba almagyň wajyp meseleleri barada gürrüň berýärler.

Okyjylar üçin atlaryň milli esbaplaryna, türkmen ussalarynyň atyň enjamlaryny we bezeglerini taýýarlaýşynyň aýratynlyklaryna, milli däp-dessurlara we baýramçylyk adatlaryna we şunda atyň görnükli orny eýeländigine, şeýle hem türkmenleriň halk döredijiliginde, edebiýatda we şekillendiriş sungatynda, halyçylykda bedewleriň wasp edilmegine bagyşlanan gyzykly makalalar ýerleşdirildi.

Žurnalda Türkmenistanyň Germaniýadaky halkara atçylyk sergisine gatnaşmagy baradaky makala ýerleşdirildi. “Türkmenistanda atçylyk sporty” atly bölümde bolsa päsgelçilikli bäsleşigiň, milli atçylyk-sport oýunlarynyň geçirilen mahalynda düşürilen täsirli suratlar bilen bezelipdir. Žurnalyň ähli sahypalarynda türkmen bedewleriniň owadan we täsirli suratlary ýerleşdirilip, neşiriň bezegliligini, täsirliligini we özboluşly öwüşginliligini äşgär edýär.

Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan oňat bezelen neşirleriň tapgyry çap edildi. Şolaryň biri “Bedew sarpasy” diýlip atlandyrylýar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewleriniň taryhynda açylan täze sahypa bagyşlanýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ähli welaýatlarda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň ählisi barada gürrüň berilýär.

Munuň özi Türkmenistanda atçylygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini görkezýän ýene-de bir subutnamadyr. Ahalteke bedewiniň gymmaty iki ýagdaýdan: onuň arassa tohumdan gelip çykmagyndan we çapyşyklarda görkezen netijelerinden ybaratdyr. Hut synaglary geçirmek arkaly atyň mümkinçiliklerini, güýç-gaýratyny, çydamlylygyny we ýyndamlygyny äşgär edip bolýar. Tohumyň esasy ugurlary saýlanyp-seçilende, hut atyň sport bilen bagly ajaýyp häsiýetleri göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, türkmen jigitleri özleriniň ezberligini we ussatlygyny görkezip, tomaşaçylarda şatlykly we tolgundyryjy duýgulary döredýärler. Ýurdumyzda at gazanan daşary ýurtly seýisler bilen bäsleşip, dünýä derejesinde ýeňiş gazanmaga ukyply çapyksuwarlary taýýarlamak bu giň gerimli işiň ýene-de bir möhüm ähmiýetli ugrudyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen beýleki albomlaryň ikisinde okyjylar joşgunyň we döredijiligiň, sazlaşygyň we kämil gözelligiň täsin galdyrýan dünýäsine aralaşmaga çagyrylýar, şunda ahalteke bedewi ajaýyp nusga bolup durýar. Halkymyzyň düşünjesine görä, ahalteke bedewi röwşen we asylly ýörelgeler, belent arzuw bilen baglydyr.

Atlaryň esbaplaryny taýýarlamagyň sungaty baradaky neşir “Göwhere beslenen bedew” diýlip atlandyrylýar. Türkmenlerde bu sungat milli medeniýetiň özboluşly ugruna öwrüldi.

Zergärçilik ussatlygynyň we halyçylygyň bu kämil, özboluşly ugrunda bedewleriň görmegeýligine we owadanlygyna buýsanç, bedewlere aýawly we mähirli garaýyş öz beýanyny tapýar. Sungatyň beýleki islendik görnüşinde bolşy ýaly, atyň esbaplarynyň görnüşleriniň köp dürli bolmagynyň we olary bezemegiň usullarynyň öz gyzykly taryhy bar. Täze neşirde şol ýörelgeleriň gözbaşy, bu ýörelgeleriň ösüşiniň barşy we nesilden-nesle geçmegi, täsirli şekillendirmegiň many-mazmuny barada gürrüň berilýär. Şonda ýurdumyzyň muzeýlerindäki genji-hazynalarda saklanýan gyt we gymmatly zatlar we häzirki döwürde atlar üçin, hakykatdan-da, ajaýyp zatlary taýýarlaýan türkmen zergärleriniň işleri mysal hökmünde görkezilýär.

Halydan we keçeden edilen nagyşly jullar we içirgiler, ýarym gymmat bahaly daşlar we kümüş bilen birgeňsi görnüşde bezelen esbaplar – türkmen atlarynyň esbaplarynyň nusgawy toplumy täsin galdyrýan bezeg bolmak bilen birlikde, türkmen bedewleriniň gözelligini, görmegeýligini we belent mertebeli gurluşyny nepislik bilen görkezýär. Şol bir wagtda munuň özi bedewleriň güýjüne sarpa goýulýandygyny, olaryň ýyndamlygynyň haýran galdyrýandygyny äşgär edýär hem-de bularyň ählisi tebigatyň döreden kämil gudratyna syn edip doýup bolmaýandygyny alamatlandyrýar, şunda güýç-kuwwat we täsin galdyrýan gözellik birigýär.

“Sungatda bedew keşbi” atly albomda şu ugra degişli gürrüň dowam etdirilýär. Bu neşirde halkymyzyň bedewlere mähirli söýgüsi beýan edilýär. Grafikaçylar, heýkeltaraşlar, suratçylar, haly we demir bilen salyşýan suratkeşler öz eserlerinde bedewleri egsilmez hyjuw bilen şekillendirýärler. Olar öz işlerinde diňe bir bedewleriň alamatlaryny görkezmek, olaryň daşky keşpleriniň nusgasyny çekmek bilen çäklenmän, örän duýgur bedewleriň kalbyny, olaryň asyllylygyny we täsin galdyrýan derejedäki üşükliligini beýan etmäge çalyşýarlar.

dürli görnüşlerde şekillendirilýär. Bedewler uzyn we guwuňka meňzeş egrelýän boýunly we başyny buýsançly saklaýan, ynamly gadam urýan, näzikligi we täsin galdyrýan tebigat bilen sazlaşykly ýagdaýda dabaraly gadam urýan görnüşde şekillendirilýär. Käbir eserler monumental, dabaraly görnüşde bolup, atyň baş bermeýän egsilmez güýjüni äşgär edýän ýaly bolup görünse, beýleki eserler tomaşaçylary “behişdi bedewlere” atlanyp, arzuwlaryň dünýäsine alyp gidýän ýaly täsir galdyrýar. Suratkeşleriň käbiri sýužetleri gözläp, milli taryha ýüzlenýärler, çünki şunda bedew aýgytlaýjy orny eýeläpdir. Beýlekiler edebi we halk döredijiligindäki äheňlere ýüzlenýärler, başga birini bolsa, häzirki döwürdäki hakykat we bedewiň milli simwolyň ornuny eýelemegi ruhlandyrýar. Awtorlaryň arasynda adygan ussatlar, şeýle hem olaryň ýaş şägirtleri bar. Olar ahalteke bedewleriniň özüni alyp barşynyň we hereketiniň aýratynlyklaryndan, bedewleriň bedeniniň gurluşyndan we gylyk-häsiýetinden oňat baş çykarýarlar.

Ähli žanrlarda giňişleýin wasp edilýän we baý içki dünýäsi bolan bedewlere bagyşlanan sungat eserleriniň köp sanly fotosuratlaryny synlanyňda, bedewiň elmydama içki hyjuwy, maksada okgunlylygy, gelşikliligi, owadanlygy, güýji we şol häsiýetleriň ählisiniň sazlaşygy arkaly türkmen suratkeşleriniň ünsüni çekjekdigine düşünýärsiň.

Türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen neşirleriň ählisi birkemsiz bezelipdir hem-de atçylyga degişli neşirleriň ýygyndylarynyň toplumynda görnükli orny eýelemäge mynasypdyr. Galyberse-de, bular ýöriteleşdirilen internet-resurs -saýtda – şu aýyň başyndan bäri ählumumy ulgamda şu salgy: www.ahalteke.gov.tm boýunça hereket edýän “Behişdi ahalteke bedewleri” atly saýtda doly möçberde elýeterli bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmen döwlet habarlar gullugynyň “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen bilelikde taýýarlanan saýty şu günlerde halkara jemgyýetçiligini Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan ähli wakalar bilen tanyşdyýar.