Aşgabatda ilata we awtoulaglaryň sürüjilerine teleradio ýaýlymlar arkaly habar bermek ulgamy işe girizilýär
Mälim bolşy ýaly, islendik şäheriň, aýratyn hem ýokary depginde barha ösýän türkmen paýtagtynyň sazlaşykly durmuşynyň üpjün edilmegi birnäçe ugurlara baglydyr. Olar şäher hojalyk ulgamynyň işine, adamlar üçin amatly şertleriň döredilmegi ugrundaky işlere täsir edýär. Şeýle ähmiýetli ugurlaryň biri-de awtomobil ulaglarynyň hereketiniň sazlaşygyny guramak we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar. Şu meseleleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durmagy tötänden däldir. Ine, 29-njy aprelde geçirilen göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda-da döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýol hereketiniň sazlaşygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda degişli işleri geçirmek baradaky meselelere ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, awtoulaglaryň, şol sanda hususy ulaglaryň sanynyň artmagy bilen baglylykda, ähmiýeti artýan şol möhüm meseleleriň çözülmegi paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda degişli işleriň ykjam seljerilmegi esasynda toplumlaýyn amala aşyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde awtoulag serişdeleriniň sanynyň ep-esli artandygyny bellemek gerek.
Öz nobatynda bu ýagdaý ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginleri, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň gyşarnyksyz ýokarlanmagy bilen gös-göni baglydyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän we durmuşa gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Halk baradaky aladany şol oňyn strategiýanyň möhüm bölegi diýip yglan eden döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleri netijesinde Türkmenistanda adamlaryň abadan we bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi, raýatlaryň durmuş derejesi gyşarnyksyz ýokarlanýar. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýokary halkara ülňülerine we täze taryhy döwrüň talaplaryna gabat gelýän häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, senagat we ulag- aragatnaşyk düzümleriniň döredilmegi onuň anyk netijeleri bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýollarynda, esasan hem, paýtagtymyzyň köçelerindedir şaýollarynda hususy awtoulaglaryň sany barha artýar. Hojalyklaryň iki, hatda üç awtoulag edinip bilýänleri-de az däl. Köpelýan ilatymyzyň artýan islegi we hal-ýagdaýynyň mümkinçiligi netijesinde ulag ýollarymyzda döwrebap awtoulaglaryň köpelmegi, elbetde, käbir meseleleri hem ýüze çykarýar. Ol mesele bolsa, ilkinji nobatda, hereketleriň howpsuzlygyny we şäherde ulaglaryň köplüginden döreýän dykynlary aradan aýryp, hereketleriň sazlaşygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Ýeri gelende aýtsak, ulag dykynlary, soňky wagtlarda paýtagtymyzdaky ýollaryň durkuny täzelemek we olary giňeltmek, täze ýollary gurmak boýunça tapgyrlaýyn işleriň ýerine ýetirilmegi bilen hem döreýär. Dogrusy, munuň özi, ulag hereketinde biraz bökdençliklere sebäp bolýar.
29-njy aprelde geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda-da bu barada gürrüň gozgalyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler ministrine garamagyndaky düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek, paýtagtymyzda ulaglaryň hereketini sazlamak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny, hereketleriň sazlaşygyny üpjün etmek üçin döwlet Baştutanymyzyň berýän ýardam-goldawlary netijesinde soňky ýyllarda Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebap derejede pugtalandyryldy. Ministrligiň Dolandyryş merkeziniň ýanyndaky Seljeriş merkeziniň işi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gurnalan wideogözegçilik ulgamy paýtagtymyzyň köçelerinde, şaýollarynda awtoulag serişdeleriniň hereketinde ýüze çykýan ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagynda uly ähmiýete eýedir. Ýöriteleşdirilen dikuçarlaryň hem hereketiň howsuzlygyny sazlamakda ähmiýeti uludyr. Şäheriň üstünden uçuş amala aşyryp, dykyn dörän köçeler barada Dolandyryş merkezine habar bermek arkaly awtoulag sürüjilerini habardar edip bolar.
Elbetde, sürüjileriň şeýle maglumatlar bilen habarly bolmagy örän peýdalydyr we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam edýär. Şonuň üçin hem bu barada milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahatynda-da ministre anyk tabşyryk berdi. Şol tabşyrykdan ugur alnyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen paýtagtymyzyň myhmanlaryna we ýaşaýjylaryna haýsy ugurlar boýunça hereket edilende amatly boljakdygy baradaky maglumatlaryň ýetirilmegi ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatlarynyň her gün milli telewideniýäniň “Aşgabat” teleýaýlymy we “Owaz” radioýaýlymy boýunça irden başlap, her iki sagatdan, ýagny 7 sagat 15 minutda, 9 sagat 15 minutda, 11 sagat 15 minutda, 13 sagat 15 minutda, 15 sagat 15 minutda we 17 sagat 15 minutda halka ýetiriljekdigini habar berýäris.
Ýollarda hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek barada gürrüň edilende, paýtagtymyzda gurlan döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň, ýol aýrytlarynyň we goşmaça ýol şahalarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Olar paýtagtyň merkezlerindäki ýollarda ulaglaryň hereketini azaltmaga mümkinçilik berýär. Aşgabadyň töwereginde halkalaýyn awtoulag ýolunyň gurulmagyna möhüm orun degişli bolup, ol ýokarda sanalan çäreler bilen bir hatarda, şäheriň merkezi köçelerine düşýän agramy peseltmäge ýardam etmelidir.
Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli ünsi çekýär. Milli Liderimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda ulag hereketiniň artmagyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak we dolandyrmak meselelerine döwrebap serişdeleriň we usullaryň esasynda çemeleşmek gerek.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda şäheriň durmuş üpjünçiliginiň möhüm şerti hökmünde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäreler görülýär. Ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda geljekde awtulaglaryň has-da artjakdygyny nazara alanyňda, ýol ulag düzümini çalt depginler bilen ösdürmek häzir esasy talap bolup durýar. Şu maksatlar üçin biziň ýurdumyzda uly möçberde serişdeler goýberilýär, bu bolsa halkymyz baradaky aladanyň, adamlaryň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.