Ï Türkmenistan Konstitusiýanyň kabul edilen gününi hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi baýram edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Konstitusiýanyň kabul edilen gününi hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi baýram edýär

view-icon 834
Türkmenistan Konstitusiýanyň kabul edilen gününi hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi baýram edýär

Şu gün milli senenamamyzyň şanly senesi—Konstitusiýanyň kabul edilen güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Konstitusiýa binasynyň etegine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter bahar gül desseleri goýuldy. Milletimiziň döwlet we ruhy ösüşiniň üznüksizdigini beýan edip, iki baýramçylygyň bir gelmegi tötänleýin däldir. Hut şol gün biziň ýurdumyz türkmen halkynyň döwlet gurluşynyň we deňsiz-taýsyz demokratiki tejribesniň ýörelgelerini özünde jemleýän Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasyna eýe boldy.

Ir säherden başlap gadymy Köpetdagyň dag etegindäki ajaýyp ýerde gurlan Konstitusiýa binasynyň ýanynda mähriban topragymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny açmak bilen, adamlaryň ýüreklerini we kalplaryny birleşdirmek hem-de ruhlandyrmak boýunça häzir öz düýp ähmiýetine eýe bolan şu günki baýramçylyk dabaralary başlanýar.

Hemme ýerde ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar, aýdym-saz ýaňlanýar, ajaýyp gül desseleriniň täsin öwüşginleri we ýadygärlikler toplumynyň ýanyna ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi, bularyň hemmesi bilelikde uly baýramçylygyň buýsanç we watançylyk duýgusyny döredýän tolgundyryjy dabaraly ýagdaýy emele getirýär.

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan Konstitusiýa binasy biziň demokratiki, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mäkämliginiň hem-de üýtgewsizliginiň, mähriban Watanymyza buýsanjyň, türkmen halkynyň bozulmaz agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň ýurdumyzyň abraýyny we şöhratyny pugtalandyrmagyň hem-de baýlaşdyrmagyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyrmaga taýýardygynyň özboluşly beýany boldy. Ol halkymyzyň özbaşdak döwlet hakyndaky, onuň kuwwatyny we rowaçlygyny beýan edýän köp asyrlyk arzuwynyň durmuşa geçmeginiň subutnamasy boldy.

Geçen 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny öz esasy düzgünini saklap galmak bilen birlikde çeýe hukuk guraly bolup durýar, ol bolup geçýän giň möçberli özgertmelere görä kämilleşýär. Başga sözler bilen aýdanyňda, häzirki pursatda Türkmenistanyň konstitusion ösüşi onuň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus ýagdaýa laýyklykda döwlet-hukuk modelini kämilleşdirmek bilen häsiýetdendirilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi, ol jemgyýetimiziň we döwletimiziň häzirki zaman ösüşini häsiýetlendirýän taryhy ähmiýetli beýik işleriň kanunçylyk beýany boldy. Ýurdumyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze sepgitlerine okgunly hereket edýän döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy diýarymyzda bolup geçýän, milletimiziň rowaçlygyna gönükdirilen ähli özgertmeler üçin iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän kanuny binýady üpjün edýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyry üçin hemişelik ewolýusiýa, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlarda durnuklylyk hem-de giň möçberlilik häsiýetlidir. Häzirki döwrüň wezipesi taryhy taýdan gysga möhlet içinde öňki ýyllardaky ösüşiň mäkäm esasynda döwletimizi düýpli suratda täzelemekden ybaratdyr.

Bu baýramçylygyň adynda agzybir, güýçli we gülläp ösýän döwlet hakynda halkymyzyň köp asyrlyk arzuwy öz beýanyny tapdy, onuň döredijilik ösüş we taryhy kämillik ýoly bilen buýsançly gadamy gazanylan beýik üstünliklere beslenendir. Bu bolsa döwürdeşlerimiz tarapyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylan uly ýolyň diňe başlangyjydyr.

Birneme soňrak aşgabatlylaryň we biziň şäherimiziň myhmanlarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň merkezinde, buýsanç bilen Magtymgulynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşen seýilgähde bolan dabaraly çärä gatnaşdylar. Bu seýilgäh indi öňden bäri Aşgabadyň iň söýülýän we gelim-gidimli ajaýyp ýerleriniň biridir, ol şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine hem öwrüldi. Elbetde, hut şu ýerde şu gün ir bilen türkmen şahyrlary we ýazyjylary, şeýle hem edebi döredijiligiň köp sanly muşdaklary beýik Pyraga bagyşlanan şanly baýramçylyga gatnaşmak üçin ýygnandylar. Beýik Magtymgulynyň ajaýyp döredijilik ussatlygy bilen döredilen, türkmenleriň asyrlaryň dowamynda milli ruhunyň esasyny düzýän ähli ajaýyplyklary uly hyjuw bilen beýan eden şygyrlary türkmen halkynyň köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolmagynyň senasy bolup ýaňlandy.

Şu gün ýüzlerçe adamlar Aşgabadyň bu ajaýyp künjegine geldiler, şol ýerde täsin suw çüwdüriminiň ýanynda beýik Pyragynyň heýkeli otyr. Ýadygärligiň etegine goýlan güller ajaýyp haly düşelene çalym edip, milletimiziň beýik ogluna halkymyzyň çäksiz söýgüsiniň we hormatynyň beýany boldy.

Häzirki wagtda, asyrlar geçse-de, Magtymgulynyň belent ýörelgeleri, onuň Watanymyza bolan asylly söýgüsi garaşsyz, Türkmenistanda hem, dünýäniň beýleki döwletlerinde hem ýaşaýan hoşniýetli erk-islegi bolan adamlaryň hemmesi üçin ýakyndyr hem-de düşnüklidir. Sebäbi hakyky ussatlygyň çägi ýokdur we wagta hem-de aralyga garamazdan, ynsan ýüregini tolgundyrmaga ukyplydyr. Bu ajaýyp bahar baýramçylygynyň şuglasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze işlere we ýeňişlere ruhlandyryp, mähriban Watanymyzyň durmuşyny nurlandyrýar.

“Aşgabat” aýdym-saz merkezinde bolup geçen döredijilik baýramçylygy Konstitusiýanyň kabul edilen güni hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň esasysy boldy. Oňa iň gowy ussat ýerine ýetirijiler, ýurdumyzyň aýdym-saz we tans, halk döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Konserte gatnaşyjylar milli tanslary we mukamlary döredijilik joşguny, hyjuwy we ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Şol agşam garaşsyz Watanymyz, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligimni we täze eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik gujur-gaýratyny wasp edýän aýdymlar belent owazda ýaňlandy.

Elbetde, bu baýramçylyk agşamynda çykyş edenleriň köpüsi öz çykyşlaryny türkmen poeziýasynyň ussady beýik Magtymgula bagyşladylar, onuň döredijilik mirasy türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleri üçin deňsiz-taýsyz ruhy-ahlak wesýeti bolup durýar.

Şu gün ýurdumyzyň bäş welaýatynyň merkezlerindäki meýdançalarda Magtymgulynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň ýadygärliklerine gül goýmak dabarasy, şeýle hem ählihalk baýramçylygynyň hormatyna aýdym-saz — şahyrana dabaralar we konsertler geçirildi.