Ï Türkmen paýtagty dünýä ulgamynda öz saýtyny açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagty dünýä ulgamynda öz saýtyny açýar

view-icon 817
Türkmenistan Internet ulgamynda öz “wekilçiligini” giňeltmegini dowam edýär.Internetde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny, onuň gazananlaryny we üstünliklerini giňden beýan edýän, belli bir ugurly, mowzuklaýyn ýa-da ýöriteleşdirilen mazmunly makalalary hödürleýän, okyjylary dürli ugurlardaky täzelikler we wakalar, seljeriş synlary hem-de öwreniş we ylmy-köpçülikleýin häsiýetli makalalar bilen tanyşdyrýan milli habarlar serişdeleriniň sany yzygiderli artýar.

Şu günler ählumumy habarlar giňişliginde işe girizilýän nobatdaky Internet-taslama türkmen paýtagtyna bagyşlanýar. “Ak şäher—Aşgabat” atly saýt Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde taýýarlandy.


“Aşgabat şäheri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty diýen belent ada mynasyp bolmalydyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça işler durmuş-ykdysady özgertmeleriň artýan depginini nazara almak bilen öňde barmalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlap şu hepdede geçiren maslahatynda aýtdy.

Täze habarlar serişdesiniň açylmagy ýurdumyzyň baş şäheri babatda milli Liderimiziň kesgitlän derhal we strategik wezipeleri netijeli çözmekde goşmaça itergi bolup, elektron hökümetini döretmekde ýene bir ädime öwrülmelidir.

Şäher häkimliginiň resmi saýtynda Aşgabat şäheri hakynda dürli habarlar, onuň taryhy we häzirki güni, ajaýyp künjekleri we dürli desgalar barada maglumatlar ýerleşdirildi. Bölümleriň uly toplumy häkimligiň we onuň edara-kärhanalarynyň, şäher gulluklarynyň we beýleki düzümleriň işine degişli edildi.

Bu ýerde şeýle hem kadalaşdyryjy namalar bilen tanşyp bolýar, arza ýa-da talap hatlaryny ýazmak üçin zerur bolan resminamalaryň nusgalaryny tapyp bolýar. Ýurdumyzyň Internetden peýdalanyjylaryny, ozaly bilen aşgabatlylary, ilkinji nobatda, jemagat-durmuş düzümi, ýaşaýyş jaý toplumy, ýol-ulag ýa-da aragatnaşyk ulgamy bilen bagly meseleler hakynda tiz maglumat almak mümkinçiligi özüne çekse gerek.

Ikitaraplaýyn aragatnaşygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar, munuň özi şäher hojalygyny dolandyrmakda paýtagt hyzmatlarynyň we şäherlileriň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkin bolan ähli serişdeleri hem-de wagty tygşytlamaga ýardam eder. Häkimligiň elektron “kabulhanasyna” habarlary, meseleleri ýa-da talaplary, maslahatlary we arzuw-islegleri iberip bolar.

Saýt Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem biziň ýurdumyz bilen işewür hyzmatdaşlygy, işewür gatnaşyklaryny we gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin hem gyzykly bolsa gerek. Olar bu ýerde paýtagtymyz hakynda özleri üçin zerur bolan ähli maglumatlary tapyp biler.

Her gün diýen ýaly paýtagtymyza daşary döwletleriň, halkara guramalarynyň wekiliýetleri gelýärler, ikitaraplaýyn hökümet gepleşikleri, ykdysadyýet, ylym we bilim, medeniýet we ekologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça forumlar geçirilýär. Bu zatlaryň ählisi paýtagtyň ykdysady, durmuş, medeni we sport durmuşy, resmi wakalaryň habarlary, bilim edaralarynyň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň, senagat kärhanalaryň we beýlekileriň durmuşy baradaky täzeliklerde bolşy ýaly, “Ak şäher--Aşgabat” saýtynyň sahypalarynda öz beýanyny tapar.

Aýry-aýry bölümler şäherde guralýan iri sergilere we forumlara, geljegi uly maýa goýum we binagärlik taslamalaryna hem-de olar bilen baglanyşykly geçirilýän bäsleşiklere bagyşlanar. Habarlaryň giňişliginiň üstüni dürli statistiki maglumatlar, çyzgylar we kartalar, bildirişler we peýdaly maslahatlar ýetirer. Mundan başga-da, bu ýerde baýramçylyk çäreleriň, konsertleriň, teatrlaryň bildirişleri, kinoteatrlaryň meýilnamalary we howa maglumaty hem-de beýlekiler bilen tanşyp bolar.

Saýtyň baş sahypasynyň bezegi—paýtagtyň gözel görnüşleri şekillendirilen owadan slaýd-şüweleňdir. Fotoserginiň kömegi arkaly şäher boýunça “oturan ýeriňden” gezelenç etmek bolar. Türkmen, rus we iňlis dillerindäki görnüşleri bolan täze internet serişdäniň amatly düzümi we döwrebap bezegi peýdalanyjylar üçin onuň ugur almasynyň örän ýönekeý we çalt bolmagyny üpjün edýär.


Bu eýýäm Türkmen döwlet habarlar gullugynyň beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlykda soňky iki ýarym aýda döreden üçünji internet saýtydyr. Mart aýynyň ilkinji günlerinde ulgamda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramçylygynyň bellenilişine bagyşlanan “Nowruz baýramy” saýtynyň, aprelde bolsa “Behişdi ahalteke bedewleri” saýtynyň döredilendigini ýatladýarys. Ine, maý aýynda bolsa “Ak şäher Aşgabat” atly ýene-de bir täze saýt döredildi. Köptaraply mazmuna eýe bolmagy netijesinde bu serişdeler köp sanly daşary ýurtly okyjylaryň ünsüni özüne çekýär hem-de türkmen medeniýetiniň baý dünýäsine we biziň halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryna, ruhy mirasyna wirtual syýahata öwrülýär.

Paýtagtymyzy onuň durmuşynyň we binagärlik görnüşini ähli gözelliginde beýan edýän täze saýt habar beriş üpjünçiliginiň ulgamyny has-da gowulandyrmaga, abraýyny artdyrmaga hem-de dünýäniň ýaşamak üçin iň ösen, amatly şäherleriniň arasynda derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir.