Şu gün paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Raýat kodeksine ilkinji ylmy-amaly Teswirlemäniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly Sebit maksatnamasy guradylar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty Türkmenistany ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de türkmenistanlylaryň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman türkmen döwletiniň sazlaşykly ösüşi demokratiýa we kanunyň ileri tutulmagy, raýat agzybirligi we jebisligi ýaly mizemez ýörelgelere esaslanandyr.
Hukuk özgertmeleri häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugry bolup, onuň esasy maksady milli kanunçylygy kämilleşdrmek, ony konstitusion we halkara hukugynyň umumy kadalaryna gabat getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar bu işde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite döreden kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça döwlet toparyna ähmiýetli ornuň degişlidigini bellediler. Ol toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we halkara standartlaryny ýurduň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna ornaşdyrmak boýunça işleri geçirýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işi degişli ylmy seljermäniň geçirilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Raýat kodeksine Teswirlemeleri taýýarlamak boýunça Iş topary bu ugurda möhüm işleri amala aşyrýar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň binýadynda döredildi. Bu toparyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Adalat ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Aşgabat şäheriniň aklawjylar kollegiýasynyň, bank ulgamynyň wekilleri girdi.
Raýat kodeksine ylmy-amaly Teswirlemäni taýýarlamak işleri türkmen hukukçylary tarapyndan birnäçe ýylyň dowamynda halkara bilermenleri, hususan-da, GIZ-den bolan bilermenler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda alnyp baryldy. Türkmenistanyň Raýat Kodeksiniň 1-nji bölümine ilkinji Teswirlemäniň neşir edilmegi netijeli hyzmatdaşlygyň miwesi bolup, ol ýygnananlaryň biragyzdan belleýşi ýaly, hukuk ulgamynyň milli hünärmenleri üçin, şeýle hem hukuk maslahatyna gyzyklanma we isleg bildirýän raýatlar üçin ýan kitabyna öwrüler.
Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny we anyk mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanmak bilen bellediler. Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly Sebit maksatnamasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň hem-de Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň gol çeken Ähtnamasy bu hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň işlenip taýýarlanylmagy köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri boldy diýlip bellenildi. Onda döwletleriň, ykdysady işiň subýektleriniň we häzirkizaman, demokratik, erkin jemgyýetiň raýatlarynyň arasyndaky täze gatnaşyklar şöhlelendirildi.
başga-da, GIZ Sebit maksatnamasynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak, mekdepden we orta ýörite bilimlerden başlap, ýokary bilimiň käbir ugurlaryna çenli dürli derejelerdäki bilim ulgamy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak arkaly halk hojalygynyň dürli pudaklaryna goldaw bermek, neşeleriň sarp edilmegine we onuň netijelerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda işjeň gatnaşyklar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda nemes kärdeşler milli parlamentarilere täze Raýat—iş ýörediş kodeksini işläp taýýarlamakda ýardam berýärler.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar türkmen we nemes bilermenleriniň hukuk ulgamynda geçirýän bilelikdäki işleriniň Türkmenistanyň häzirki zaman hukuk ylmyny ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Dabaranyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar hukuk ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary has-da berkitmek barada pikirlerini aýtdylar. Şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.