Ï “Demokratiýa we hukuk” žurnalyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demokratiýa we hukuk” žurnalyň nobatdaky sany

view-icon 709
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan her çärýekde bir gezek neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çykdy. Okyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňden görüji ýolbaşçydygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurluryna bagyşlanan birnäçe makalalar hödürlenýär. Hemme habarlar, däp bolşy ýaly, üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýär.

Žurnal geçen ýylyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine we häzirki ýylyň ilkinji nobatdaky wezipelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bilen açylýar. Milli Liderimiz öz çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli pudaklarynda gazanylan oňyn ösüşler, jemi içerki önümiň ýokary durnukly ösüş depgini we köp beýleki makroykdysady görkezijiler biziň milli ykdysadyýetimiziň mäkämdigini aýdyňlygy bilen beýan edýär.


Döwlet büjetiniň ägirt uly böleginiň durmuş-ykdysady maksatlaryna gönükdirip sarp edilendigi, gurlup ulanyşa tabşyrylan desgalaryň möçberleriniň köp esse artandygy uly täsir galdyrýar. Ine, soňky bäş ýylyň dowamynda her ýylky ykdysady ösüş 11 göterim boldy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlaryň möçberi bolsa, 8 esseden gowrak artdy! Ykdysadyýetiň hususy bölegine döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldawyň netijesinde, onuň jemi içerki önümiň möçberinde paýy 8 göterimden gowrak artdy.

Şeýle hem okyjylara döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ulgamlaryny hukuk taýdan sazlaşdyrmagyň dürli ugurlaryna bagyşlanan makalalaryň birnäçesi hödürlenýär. “Jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň kadalarynyň özara sazlaşygy” makalasy okyjyny bu kanunçykaryjylygyň esasy meseleleri, onuň gurluşy we ýerine ýetirişiň usulyýeti bilen tanyşdyrýar. Şeýle-de makalada biziň ýurdumyzda hereket edýän hukuknamalary we resminamalary barada käbir maglumatlar getirilýär. Olar bilen bir hatarda halkara hukukynyň kadalary hem möhüm orun tutýar.

“Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygynda adam hukuklarynyň goragy” – ýene-de bir makalanyň ady. Onda ýurdumyzda her bir raýatyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy üpjün etmek işinde alnyp barylýan yzygider we toplumlaýan işler barada gürrüň berilýär.

Mäli bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, parahatçylyk dörediji syýasaty netijesinde biziň ýurdumyzda milli kadalaýyn - kanunçykaryjylyk binýadyny özgertmek, ony häzirki zamanyň talaplaryna we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça iri möçberli işler alnyp barylýar. Bu möhüm işiň netijeli durmuşa geçirilişi barada “Türkmenistanyň milli kanunçylygynda halkara hukuk kadalarynyň orny” diýen makalada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna -- biziň ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikler üpjün edilýär, ýurdumyzyň aýallarynyň erkekler bilen deň hatarda döwlet dolandyrmak işlerine işjeň gatnaşmaklary, Watanyň abadançylygynyň bähbidine netijeli zähmet çekmekleri üçin hemme şertler döredilýr. Gadymdan biziň ata-babalarymyzyň enelere, ähli aýallara olaryň akyllylygynyň, sabyrlylygynyň, zähmetsöýerliginiň hem-de gözelliginiň öňünde baş egip uly sarpa we hormat bilen garandyklary barada “Türkmen jemgyýetinde zenan orny: taryh we häzirki zaman diýen makalada aýdylýar”.

Žurnalyň “Türkmenistanda zenan telekeçiliginiň ösüşi” diýilip atlandyrylan beýleki bir makalasynda bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen döwletiniň zenanlary – bu hünär derejeli, jogapkär we ynamly, talapedijilikli we ugurtapyjy ýolbaşçylar we alymlar, mugallymlar we lukmanlar, deputatlar we ilçiler. Häzirki wagtda, döwrebap ykdysadyýetiň ösüşinde telekeçiligiň möhüm orun eýeleýän wagtynda, ýurdumyzyň döwrebap telekeçiliginiň kemala gelmeginde zenanlara aýratyn orun degişlidir. Bu makalada, hususan-da, biziň ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösdürilmegine zenanlaryň gatnaşyşlary, zenanlaryň işewür işjeňliginiň artmagy hem-de olaryň zehininiň we ukyplarynyň doly açylmagy üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler barada gürrüň edilýär.

Daşary syýasatyň esasy ugurlary we dünýäniň hemme döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada “Daşary syýasat we diplomatiýa: parahatçylyk we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk” atly makalada beýan edilipdir.

Türkmenistanda gadymy milli ruhy-medeni däpleriň galkynmagyna we saklanmagyna, biziň halkymyzyň ruhy durmuşynyň has-da baýlaşmagynda olaryň tutýan ornuna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle däpleriň biri gadymy Nowruz baýramynyň toýlanylşy bolup durýar. Biziň ata-babalarymyzyň Nowruzy nähili belleýşleri we onuň döwrebap aýratynlyklary barada “Nowruz – täzelenişiň, bagtyň we abadançylygyň baýramçylygy” diýen makalada gürrüň berilýär.

Neşiri şu ýylyň birinji çärýeginde bolup geçen esasy wakalar baradaky habarlar jemleýär. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň köptaraply işleri hronologik tertipde şöhlelendirilýär.