Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny ugrundaky 22-nji bäsleşiklere badalga berildi. Onda ýaryşyň tertibi boýunça yzda barýan toparlaryň “Daşogzuň” we “Bagtyýarlyk-Lebabyň ” duşuşygy boldy. Şu ýyl bubäsleşiklere ýokary topardaky komandalaryň onusy gatnaşýar. Olaryň ikisi deslapky tapgyrda ýaryşa girişdiler, galanlary bolsa biraz gijiräk başlar.
Deslapky tapygyryň birinji duşuşygynda “Bagtyýarlyk-Lebap” myhmançylykda “Daşoguz” toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Onuň jogap duşuşygy 4-nji awgustda Тürkmenabatda geçiriler. Ilkinji ýaryşyň 81-nji minutynda E. Aşyrow, 90-njy minutynda bolsa M. Ýagşyýew tapawutlandylar.
Bu toparlaryň arasynda ýeňiş gazanan futbolçylar “Aşgabat” toparynyň oýunçylary bilen duşuşarlar. Onuň birinjisi türkmen paýtagtynda 13-nji awgustda bolar. Jogap oýny bolsa 20-nji awgustda garşydaşyň meýdançasynda bolar.
Ýokary liganyň beýleki toparlary çärýek finalda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklere girişerler. Ol oýunlar 3-24-nji sentýabr aralygynda bolar.
Türkmenistanyň Kubogy –2013-iň eýesi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli 28-nji oktýabrynda geçiriljek final oýunlarynyň netijesi boýunça belli bolar.