Ï Türkmen türgeni - Surdolimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgeni - Surdolimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi

view-icon 1357
Şu günler XXII tomusky Surdolimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolan Bolgariýanyň paýtagty Sofiýadan hoş habar gelip gowuşdy. Bu toplumlaýyn ýaryşlar Zeminiň ähli künjeginden eşidiş ukyby bozulan iň oňat türgenleri ýygnaýar.

Häzirki oýunlara dünýäniň 90 ýardundan, şol sanda Türkmenistandan wekiller gatnaşýarlar. Bu iri sport forumynda biziň ýurdumyzdan Milli paralimpiýa komitetiniň wekiliýeti çykyş edýär.

Ýakynda oýunlaryň meýilnamasynda grek-rim göreşi boýunça ýaryşlar tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň topary ilkinji medala – bürünç medala eýe boldy. Ony 60 kilograma çenli agram derejesinde halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşýan, aşgabatly sport ussatlygyna kandidat Hojamyrat Azapow gazandy. Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Nariman Şafiýewiň 22 ýaşly şägirdi ýaryşyň ikinji tapgyrynda Surdolimpiýa oýunlarynyň Russiýaly çempionyndan ýeňildi. Üçünji orun üçin geçirilen çekeleşikli duşuşykda onuň barşynda 0:6 hasabynda ýeňlişe sezewar bolup barýarka, 2009-njy ýyldaky oýunlaryň Bolgariýaly baýrak eýesinden arassa ýeňiş gazanyp, bürünç medala eýe boldy.

Biziň beýleki bir türgenimiz 2012-nji ýylyň dünýäniň wise-çempiony Marydan Nagmat Gurbanow 55 kilograma çenli agram derejesinde pälwanlaryň oňdäki bäşisiniň sanawyna girmegi başardy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin hem hemme şertler döredilen. Mälim bolşly ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige örän uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurulýar. Ol ýerde Paralimpiýa toplumy hem göz öňünde tutulandyr. Döwletiň ähli taraplaýyn aladasy netijesinde türkmenistanlylar halkara sport ýaryşlarynda barha üstünlikli çykyş edýärler. Biziň watandaşymyzyň Bolgariýadaky Surdolimpiýa oýunlarynda gazanan häzirki bürünç medaly ýaňky aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.