Şu gün küşt boýunça ýokary liga girýän erkekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar tamamlandy. Aýlaw ulgamynyň barşynda 25 ýaşly FIDE-niň ussady Tejen şäherinden (Ahal welaýaty) Annaberdi Esenow ýeňiş gazandy. Onuň üçin milli derejedäki şeýle wekilçilikli ýaryşlarda bu altyn medal ilkinji üstünligidir.
Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt sport mekdebinde geçirilen ýaryşa (şu ýerde hem ýeňiji soňky sekiz ýylda öz ussatlygyny artdyrdy) ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ökde küştçüleriň 16-sy gatnaşdy.
A.Esenow 12 döwde ýeňiş gazanyp, 2 döwde deňme-deň oýnap, bir oýunda hem ýeňlip, 13 utuk toplady. Ýeňjiden bir utugy Lebaply küştçi Suhrab Semiýew aldy. Ol halkara ussady adyna eýedir. Emma bu ýeňiş birinji orun üçin ýeterlik bolmady: S.Semiýew 12,5 utuk ýygnap, kümüş medalyň eýesi boldy.
Üçünji orna ýaryşa iň ýaş gatnaşyjylaryň biri - 14 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýew mynasyp boldy. Ol 12 utuk gazandy.
Aşgabatda awgust aýynyň ahyrynda ýokary liganyň küştçüleriniň arasynda Türkmenistanda birinjiligi almak ugrundaky ýene bir ýaryş badalga alar: medallar üçin ähli welaýatlardan zenanlar bäsleşerler.