Şu gün Türkmenbaşy şäheri Aşgabatdan otly bilen Zehinli çagalaryň “Awaza — dostluk mekany” atly IV Halkara festiwalyna gatnaşyjylary garşylady.
Şonuň öňüsyrasynda 6-njy awgustda başlaýan döredijilik forumyna gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan gelen ýaşajyk wekillerde ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyplyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şol döwürde Türkmenistanyň myhmanlary we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden Aşgabada gelen ýaşajyk wekiller Gökderede ýerleşýän “Nesil” çagalar sagaldyş merkezinde boldular. Ol ýerde dürli welaýatlardan gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümini şatlykly geçirýärler. Merkezde geçirilen duşuşyklarda dürli dillerde gepleýän körpeler üçin ýakymly pursatlar, dostluk gürrüňdeşlikleri boldy. Jogapkärli forumyň öňüsyrasynda erkin ýagdaýda geçen duşuşyklar şatlykly duýgulara, oňyn täsirlere beslendi.
Şeýle hem bu çäräniň öňüsyrasynda festiwala gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine gezelenç guraldy. Soňra olar “Älem” medeni-dynç merkezine we “Çagalar dünýäsi” söwda merkezine baryp gördüler. Körpe myhmanlar türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlary aldylar. Şeýle hem olar oýun attraksionlarynda wagtlaryny hoş geçirdiler we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ýapyk çarhda aýlandylar.
Giçlik bolsa birek-birek bilen dostlaşan çagalar otla münüp, Hazaryň kenaryna tarap ýola düşdüler. Deňiz ýakasynda şäheriň demir ýol menzilinde festiwala gatnaşyjylary hormaty myhmanlar hökmünde, aýdym-sazlar, şygarlar bilen garşyladylar. Demir ýol menzilinden awtobus kerwenleri körpe myhmanlary ýakynda Türkmenbaşy şäheriniň düzümine täze etrap hökmünde giren "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna getirdi.
Dürli şarlar we lentalar, festiwalyň hem-de “Awazanyň” nyşanlary bilen bezelen oňaýly awtobuslaryň 10-sy bir hatara düzülip, ýaşajyk myhmanlary örän amatly hem-de döwrebap şäherçäni alamatlandyrýan “Arzuw” çagalar dynç alyş merkezine alyp geldi. Bu ýerde körpeleriň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli amatly şertler üpjün edilipdir.
Şondan köp wagt geçmänkä merkeziň seýilgäh zolaklarynda körpeleriň şatlykly sesleri ýaňlandy. Dünýäniň 12 ýurdundan çagalaryň 500-e golaýy Awaza festiwalyna gatnaşmaga geldiler. Bu çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Bilim ministrligi Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde guraýar.
Çagalaryň döredijilik baýramçylygynyň “Awazada” geçirilmegi tötänden däldir. Ýaşlyk arzuwlaryny we häzirki zamanyň döredijilik ylhamyny özünde jemleýän bu çäräniň uly ähmiýeti bar. Festiwalyň esasy wezipeleriniň biri çagalaryň zehinini, milli medeniýetleriň däplerini goldamakdan, türkmen medeniýetini halkara derejesinde wagyz etmekden, dostluk gatnaşyklarynyň esasynda çagalaryň döredijiliginiň ösmegine we dürli halklaryň wekilleriniň birek-birek bilen gatnaşygynyň baýlaşmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Bu ýerde parahatçylyk döredijilikli ýörelge bilen özboluşly çeperçilik hem-de ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen çäreler dünýä medeniýetiniň mysalynda utgaşýar.
Şol bir wagtyň özünde festiwal “Awazanyň” syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine, Hazaryň türkmen kenarynyň täze halkara merkez hökmünde ykrar edilmegine gönükdirilen giň möçberli medeni çäre bolup durýar. Ynsanperwerligiň, beýik ahlaklylygyň, hoşniýetliligiň, halk diplomatiýasynyň umumy gymmatlyklary, medeni alyş-çalşyň kemala gelmegi we ýaş nesillerde aň-bilimiň ösdürilmegi ýaly ýörelgeler festiwalyň esasyny düzýär.
Biziň durmuşymyz köp ugurly we örän köp öwüşginlidir. Ýöne şol köp öwüşginliligiň bitewüliginde onuň durmuş kuwwaty we mylaýymlygy öz beýanyny tapýar. Häzirki asyrda ol ählumumy ähmiýetli mesele bolan ekologiýa ulgamynda ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Medeniýet ulgamy hem özboluşly ekologiýadyr, biziň durmuşymyzyň ruhy ekologiýasydyr. Şunlukda, adamlar dürli-dürli bolsalar-da, olar ruhy taýdan bitewüdirler. Çünki biziň hemmämiziň geljegimiz birdr. Geljek bolsa biziň çagalarymyzdyr. Nurana we hoşniýetli ýörelgeleriň bähbidine çagalaryň birleşmegi, diýmek, ýer ýüzünde parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine halklaryň bitewüleşýänligidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygy bilen geçirilýän “Awaza—dostluk mekany” halkara festiwalynyň baş maksady hem şundan ybaratdyr. Bu festiwal uly geljegi bolan iri döredijilik taslamasy hökmünde ýyl-ýyldan ykrar edilýär.
Şu ýyl çagalaryň halkara döredijilik festiwalyna Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Keniýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Latwiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň döredijilik toparlary gatnaşýarlar. Özi-de bu festiwala köp ýurtlar birbada birnäçe dürli döredijilik toparlaryny iberipdirler. Olar wokal, tans toparlaryndan, instrumental we folklor-etnografiki toparlardan hem-de beýlekilerden ybaratdyr. Olaryň köpüsi Türkmenistana ilkinji gezek gelýärler. Latwiýanyň “Zelta Sietins” tans topary biziň ýurdumyzda ilkinji gezek bolýar. Onuň döredilenine şu ýyl 55 ýyl dolýar. Bu gezekki festiwal olar üçin ellinji festiwaldyr we Türkmenistan toparyň çykyş edýän ýetmişinji ýurdudyr.
Naýrobi şäheriniň döwlet gyzlar mekdebiniň döredijilik toparynyň bolsa bu ilkinji daşary ýurt saparydyr. Şu festiwala biz uly umyt bilen geldik diýip, mekdebiň direktory hanym Joan Mioti gürrüňe başlady. Biziň täze toparymyz ilkinji gezek halkara derejesinde öz sungatyny hödürleýär. Biz türkmen paýtagtynda bolup, şäheriň owadanlygyndan täsirlenip, bu ýerde çagalara uly üns berilýändigine göz ýetirenimizden soň siziň ýurduňyzyň beýik geljeginiň bardygyna ynandyk. Biziň mekdebimiziň ýylýazgysynda Türkmenistan bilen baglanyşykly sahypanyň dörändigi üçin biz örän bagtlydyrys.
Festiwala gatnaşýan toparlaryň hersi barada gürrüň etseň edibermeli, ýöne ýene bir topar hakynda aýtmak isleýäris. Ol Garagalpagystanyň 1-nji respublikan Haýyr-sahawat öýüniň “Tong gunçalary” toparydyr. Olar “Awaza” festiwalyna beýleki gatnaşyjylardan öňürti geldiler we ilkinjiler bolup “Arzuw” çagalar dynç alyş merkezinde ýerleşdiler.
Bu çagalar öz ömründe ilkinji gezek deňziň kenarynda dynç alýarlar diýip, çagalar öýüniň direktory Swetlana Son gürrüň berýär. Olar muňa örän begendiler. Bu ýerde döredilen şertlere şatlanmazlyk mümkin däl. Türkmen oglanlary we gyzjagazlary häzirki döwrüň ajaýyp sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. 7 ýaşdan 10 ýaşa çenli aralykda bolan toparyň agzalary ähli sport we oýun meýdançalarynda, ýüzüş howuzlarynda we deňizde wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýöne olar festiwala taýýrlyk işlerini hem ýatdan çykarmaýarlar. Bize ýatdan çykmajak peşgeşleri eçilen “Awaza” özümiziň täze döredijilik sowgadymyzy hödürläsimiz gelýär. Çünki biziň çagalarymyz bu ýerde özlerini öýlerinde ýaly duýýarlar. Festiwal bolsa uly maşgala baýramçylygyna meňzeýär.
Bu baýramçylykda Türkmenistana wekilçilik edýän toparlaryň sany, elbetde, köp. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalaryň 200-den gowragy bu ýere geldiler. Olaryň hatarynda belli toparlar hem we öz deň-duşlaryny özboluşly çykyşlary bilen haýran galdyrmagy niýet edinýän ýaşajyk höwesjeň artistler hem bar.
Ertir, 6-njy awgustda festiwalyň resmi taýlan açylyş dabarasy bolar. Ýöne oňa gatnaşýan çagalar üçin bu dabara eýýäm başlandy. Olar birek-birege öz çykyşlaryny görkezýärler. Başarnyklaryny, tejribelerini paýlaşýarlar we ussat mugallymlardan maslahat alýarlar. Günüň ahyryna çenli bu ýerde ähli mugallymlar we festiwala gatnayşyjlar birek-birege kömek etdiler, şowly çykşylara, täze çemeleşmelere, gyzykly çözgütlere hemmeler bilelikde şatlandylar.
Halkara çagalar festiwalyna gatnaşmak çagalaryň döredijilik taýdan ösmegi üçin oňyn mümkinçilikleri açýar we tejribe alşylmagyny şertlendirýär, iň esasy bolsa olaryň halypalarynyň birek-birek bilen tejribe alyşmagyna giň ýol açýar. Mundan başga-da, Awaza festiwaly ýaşajyk artistlere döredijilik ussatlyklaryny, çykyşlaryny deňiz ýakasynda şatlykly dynç alyş bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, festiwal başlanýar. Ol halk däpleriniň köp öwüşginliligini we gaýtalanmajak gymmatlygyny beýan etmäge, halklaryň aýawly saklanýan we tutuş dünýäde biziň çagalarymyzyň yhlasy bilen dowam edýän köpugurly medeniýetiniň gözbaşyna ýene bir ýola aralaşmaga gönükdirilendir.