Her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän umumymilli baýramçylyk – Türkmen gawunynyň güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenildi.
Düýn, şenbe güni Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmen gawunynyň waspy” atly ylmy maslahat geçirildi. Ol Oba hojalyk ministrliginiň düzümine girýän edara-kärhanalaryň wekillerini we ilkinji nobatda, ussat bakjaçylary, tanymal alym agronomlary, seçgiçileri we oba senagat toplumynyň işgärlerini bir ýere ýygnady. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň işgärleri bar. Maslahatyň barşynda ylmy esasda bakja ekinleriniň dürli sortlaryny has-da kämilleşdirmegiň birnäçe meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri we geljegi, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy, şeýle hem türkmen gawunlarynyň şan-şöhratynyň taryhy hakynda çykyşlar diňlenildi. Günüň ikinji ýarymynda ylmy maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň ýanyndaky ylmy-tejribe meýdançasynyň çäginde bakja ekinleriniň tohumçylygy boýunça göçme önümçilik maslahatyny geçirdiler. Bu ýerde alymlar gawunlaryň zyýan berijilere hem-de kesellere durnuklylygy, daşamaga amatlylygy we saklanyş möhletini gowulandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gawunyň şanyna baýramçylyk çäreler tutuş ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyryldy. Oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklaryň işgärleriniň, ykdysadyýetiň şu ulgamynyň hususy önüm öndürijileriniň sergileri, sahnalarda we açyk konsert meýdançalarynda artistleriniň, döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň bazarlarynda bolsa baýramçylyk söwdalary we gawunlary dadyp görmek çäreleri guraldy. Şu gün Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda ýerli artistler konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler.
Türkmen gawunynyň baýramçylygy mynasybetli esasy çäreler agşamara paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk milli seýilgähiniň çäginde hem-de “Aşgabat” medeni merkeziniň aýdym-saz sahnasynda geçirildi. Şonda türkmen bakjaçylarynyň we elbetde, olaryň janypkeş zähmetiniň miwesi bolan türkmen gawunynyň hormaty we öwgüsi ýetirildi. Däbe öwrülen dabaralar Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy.
Dabara hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, diplomatik düzümiň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk şowhuny toý lybasyna beslenen seýilgäh hem-de milli tanslaryň we aýdymlaryň ajaýyp owazy bu ýere köpsanly aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny ýygnady. Oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan oba hojalyk işgärleri, daýhanlar we bakjaçylar bolsa, şu günki baýramçylygyň baş gahrymanlary we hormatly myhmanlary boldular.
Seýlgähiň baş girelgesiniň öňünde dabara gatnaşyjylary we baýramçylygyň myhmanlaryny duz-çörek, milli tagamlar, miweler we elbetde, şirin-şeker gawunlar we garpyzlar bilen dabaraly ýagdaýda garşyladylar.
Bu ýerde howa şarlary asma uçuryldy, äpet gawunyň we garpyzyň görnüşinde alty sany täsin uly şar 50 metrlik beýiklikde howalanyp hemmeleriň ünsüni çekýär. Seýilgähiň bezelen arkasynyň ýanynda myhmanlaryň öňünde döredijilik toparlarynyň artistleri tans ýerine ýetirmek arkaly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly uly spektakl bilen çykyş etdiler.
Oba hojalyk toplumlarynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Perman diýen ahalteke bedewi sowgat berildi.
Seýilgähiň içinde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ussat bakjaçysy” atly bäsleşigiň ýeňijileriniň gatnaşmagynda sergi ýaýbaňlandy. Olar bakja ekininiň täsin nygmatlaryny—gawunlaryň, garpyzlaryň we kädileriň saýlama sortlarynyň nusgalaryny görkezdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň oba hojalygynyň ähmiýetli pudagy bolan bakjaçylygyň buýsanjy hasaplanýan hem-de öz tagamlary bilen baldan süýji gawunlary we kädileri, şeýle hem süýji tagamly garpyzlary synlamak bolýar. Olar türkmen bakjaçylarynyň aladasy bilen ösdürilip ýetişdirildi.
Güneşli ýurdumyz Türkmenistanda dünýä belli gawunlaryň saýlama sortlary ösdürilip ýetişdirilýär, seçgiçilik we çakyşdyrma arkaly olaryň täze görnüşlerini alýarlar. Bu köpdürlülik ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda dürli gawunlary döreden halk seçgiçileriniň mirasyna daýanýan bakjaçylaryň nesilleri, şeýle hem soňky onýyllyklaryň seçgiçileriniň tejribesi bilen ösdürilýär. Biziň ata-babalarymyz gawunlaryň tiz bişýän sortlaryny döredipdirler, olar 40-45 günde ýetişýär. Olaryň hatarynda “kyrkgünlük”, “garypgaldyran”, “zamça”, şeýle hem 120-130 günde ýetişýän gawunlaryň giçki sortlary, “garrygyz”, “gyzylhum”, “garaganat”, “sarygaş”, “sarypöwhe” bar. Gatlanan gawunlaryň we kädileriň alnan nusgalary aklyňy haýran edýär, olar bakjaçylygyň görlüp-eşidilmedik miweleriniň seýrek duş gelýän nusgalary hökmünde goýlupdyr. Gawundan we garpyzdan taýýarlanan “sök”, “toşap”, “itjan”, “gawun kak” ýaly milli süýjülikler görkezilýän diwarlyklaryň ýany däbe görä köp adamly boldy. Baýramçylygyň myhmanlaryna olary taýýarlamagyň usuly görkezildi—şeýle ýerler tomaşaçylaryň we gawun süýjülikleriniň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi.
Bu ýerde , açyk asmanyň astynda uly sergi guraldy, onuň agramly bölegini ýurdumyzyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň öndürýän et-süýt, ýag, süýji-köke, gök, miwe we çakyr önümleri eýeledi. Döwlet birleşiginiň işgärleri oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň we saklamagyň täze tehnologiýalaryny işläp düzýärler we ýylsaýyn önümçilige ornaşdyrýarlar, azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga, şol bir wagtyň özünde harytlaryň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän önümleriň täze görnüşlerini çykarýarlar. Azyk bolçulygyny görkezmek bilen birlikde olaryň dürli görnüşlerini satyn almak isleýänler üçin söwda nokatlary açyldy.
Soňra myhmanlar “Aşgabat” aýdym-saz medeni merkezine tarap ugradylar. Onuň töwereginde giň meýdançada ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň özboluşly sergileri guralypdyr. Bu ýerde owadan bannerlerde Türkmenistanyň oba hojalygynyň hemme baýlygy giňden görkezilipdir. Olar topragyň hasyllylygy hem-de ekerançylygyň medeniýeti bilen bir hatarda daýhanlaryň nusgalyk zähmetini şöhlelendirýär. Bu ýerde üýşürilip, dag döredilen onlarça görnüşli gawunlarda hem-de garpyzlarda ünsüň eglenýär. Olar hünärmenleriňem, ýönekeý raýatlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Topragy öwrenijiler, seçgiçiler, ösümlikleri ýetişdirmek boýunça hünärmenler, oba hojalykçy alymlar, bakjaçy kärdeşler, şeýle hem türkmen nygmatlaryna uly gadyr goýýanlar bakja önümleriniň gymmaty barada pikir alyşdylar. Welaýatlaryň iň oňat halk döredijilik toparlarynyň teatrlaşdyrylan aýdym-saz horegrafik çykyşlary, bagşylaryň aýdymlary, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary we milli guşakly göreş boýunça däp bolan ýaryşlar guralan serginiň täsirini artdyrdy.
Soňra baýramçylygyň köpsanly myhmanlary we oňa gatnaşyjylar “Aşgabat” aýdym-saz medeni merkeziniň töweregine ýygnandylar. Ol ýerde umumymilli baýramçylygyň esasy çäreleri geçirildi. Onuň resmi böleginiň barşynda baýramçylyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň watandaşlarymyza, ussat bakjaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns berip diňlediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz Gutlagynda oba zähmerkeşleriniň, şol sanda bakjaçy daýhanlaryň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär hem-de babadaýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär diýip nygtaýar. Bu bolsa olary täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, belent sepgitlere ýetmäge galkyndyrýar. Edermen daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny, ondan bol hasyl öndürmäge, halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaga höwesini artdyrýar, şeýle hem ata-babalarymyzdan gelýän daýhançylyk däplerini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan örän irki döwürlerden bäri gawunlaryň watany hasaplanyp gelýär. Asyrlarboýy dünýäniň ekerançy alymlarynyň, taryhçylarynyň ünsüni özüne çekip gelýän, abraýly halkara sergilerinde altyn medallaryň birnäçesine mynasyp bolan türkmen gawunlarynyň at-owazasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär. Geljekde hem gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragynda bakjaçylygyň täze sepgitlere ýetmegi üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler dörediler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ussat bakjaçysy” atly däp bolan hünär baýramçylygynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Welaýat bäsleşikleriniň dowamynda ýurdumyzyň iň oňat bakjaçylarynyň elli bäşisiniň ýüze çykarylandygyny nygtamak gerek. Olar “altyn gawun”, “äpet garpyz”, “iň uly kädi”, “täsin bakja önümleri” we “ussat-seçgiçi” görnüşleri boýunça baýrakly orunlary eýelediler. Aşgabatda öz sebitlerine wekilçilik etmek hukugyny öz welaýatlarynda bäş görnüşiň birinde iň oňat bolmagy başaranlar gazandylar. Anyk aýdylanda, şu gün 25 adam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylyglandylar. Olara, şeýle hem bäsleşigi guraýjylardan diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Bu görnükli bakjaçylaryň atlary bütin ýurdumyza mälim edildi. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň “Waharman” daýhan birleşiginden Çaryýew Merdan agramy 18 kilogramdan gowrak bolan gawunyň “ak maral” görnüşini ýetişdirdi, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginden Garýagdy Garýagdyýew bolsa, öz ekin meýdanyndan 31 kilogramdan geçýän garpyzyň “ala garpyz” görnüşini almagy başardy. Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň daýhan birleşiginden bakjaçy Enegül Arzymedowa agramy 32 kilogramdan geçýän kädiniň “palaw kädi” diýen iň agyr görnüşini ösdürip ýetişdirdi.
Baýramçylyga gatnaşyjylar, görnükli bakjaçylar, alym-çeçgiçiler, öz zähmeti bilen türkmen gawunynyň şöhratyny saklaýanlaryň we artdyrýanlaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize oba hojalyk pudagynyň işgärleri barada hemişelik ünsi we aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de bakjaçylygy mundan beýläk ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin tagallalarynyň gaýgyrylmajakdygyna ynandyrdylar.
Sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti dabaranyň bezegine öwrüldi. Onda ähli welaýatlaryň hem-de Aşgabadyň iň gowy aýdymçylary hem-de halk döredijilk, aýdym-saz we tans t