Ï Paýtagtdaky köpçülikleýin welosipedli ýöriş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtdaky köpçülikleýin welosipedli ýöriş

view-icon 837
Şu gün sporta höwesekleriň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerijileriň 8 müň 500-den gowragy köpçülikleýin welosipedli ýörişe çykdylar. Ol paýtagtymyzyň şaýollary boýunça geçirildi. Onuň ugry Köpetdag we Çandybil şaýollarynyň kesişýän ýerinden ýurdumyzyň baş meýdançasyna çenli aralygy öz içine aldy.

Birinji sentýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýan ählihalk welosipedli ýörişe taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen bu iri möçberli sport çäresine ilatyň giň gatlagynyň wekilleri—ministrlikleriň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.


Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazananlary ösdürmek meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly üns berýär. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen milli Liderimiz öz Karary bilen “Türkmenistanda 2013-2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny” tassyklady. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine öz garamagynda Türkmenistanyň Milli tehniki welosport merkezini edara görnüşli tarap hökmünde bellennen tertipde döretmek tabşyryldy.

Welosporty ösdürmegiň, bu pudakda bar bolan düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, sportuň bu meşhur görnüşi bilen meşgullanmaga giň köpçüligi çekmegiň möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz şeýle hem biziň ýurdumyzda 1-nji sentýabrda wellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň hormatyna welosipedli ýörişi geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu ählihalk çäresiniň milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar astynda ýol hereketini üpjün etmek boýunça biraýlygyň çäklerinde geçiriljekdiginiň çuňňur manysy bardyr. Görnüşi ýaly, türkmenistanlylarda—çagardan, mekdep okuwçylaryndan, talyplardan başlap dürli pudaklaryň işgärlerine çenli ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi—welosiped münmäge geçmek ýaly ajaýyp sebäp peýda bolýar.

Ulaglaryň bu görnüşiniň ähli babatda peýdaly artykmaçlyklaryny ilkinji bolup 3-nji awgustda öz egindeşleri bilen günsaýyn gözelleşýän ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welospiedli gezelenji amala aşyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezdi. Milli Liderimiziň bu göreldesinden ruhlanyp, welosiped sportunyň köp sanly muşdaklary şu günki köpçülikleýin ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemme artykmaçlyklaryny äşgär duýdular.