Şu günler Aşgabat şäheriniň täze döredilen Ruhabat we Abadan, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etraplarynda saýlawlaryň öňýanyndaky iki möhüm tapgyr – etrap halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleri görkezmek we bellige almak çäreleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu etrap halk maslahatlaryna saýlawlar öňümizdäki ýekşenbede—18-nji awgustda geçiriler.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna gürrüň berişleri ýaly, häzirki wagtda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary tamamlanyp barýar, saýlaw uçastoklarynda ýygnaklar, duşuşyklar we saýlawçylar bilen söhbetdeşlikler geçirilýär. Olaryň barşynda isleg bildirýänleriň ählisi özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler, dalaşgärleriň terjimehaly we saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanşyp bilerler.
Deslapky maglumatlara görä bu etraplaryň her birinde halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlaw okruglarynyň 20-si hem-de Derweze etrabynda Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň 9-sy döredildi. Milli saýlaw kanunçylygyna – Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň täze redaksiýasyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda bellige alnan dalaşgärleriň ählisine saýlawçylar bilen duşuşyklary we çykyşlary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredildi. Ähli etraplarda saýlawlaryň öň ýanyndaky çäräniň gözegçiligini bolsa milli synçylar amala aşyrýarlar.
Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Baş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýakyn ýyllarda paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan hem-de ösen şäherleriniň birine öwürmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zaman şäher binagärliginiň talaplaryna görä ýerleşdirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň çäginiň ýerlerini hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň çäginiň ýerlerini bölekleýin Aşgabat şäheriniň ýerleriniň çägine goşmak baradaky çözgüdiň ähmiýeti aýratyn nygtalýar. Paýtagtymyzyň çäklerini giňeltmek wezipesi diňe bir okgunly ösýän we giňelýän şäheriň isleglerine däl, eýsem, oňa ýanaşyk etraplaryň durmuş-ykdysady kuwwatyny artdyrmak, olaryň ösüşini üpjün etmek hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksatlaryna laýyk gelýär.
Täze döredilen etraplarda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny kemala getirmegiň demokratik häsiýeti ýurdumyzda bolup geçýän okgunly ykdysady we syýasy prosesleriň, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesiniň, onuň döredijilik we intellektual kuwwatynyň artýandygynyň, esasy durmuş özgertmeleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän ähli özgertmeler hem hut şu ugurlarda amala aşyrylýar.
Häzir bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ilkinji iki tapgyrynyň – Aşgabat şäheriniň täze döredilen etraplarynda – Ruhabat we Abadan etraplarynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda halk maslahatlarynyň agzalaryny görkezmek we bellige almak çäresiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilendigini hem-de öňümizdäki saýlawlary halkara ülňülerine laýyk gelýän hakyky demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin ygtybarly binýady döredendigini ynamly aýtmak bolar.