Şu gün Halaç etrabynyň dolandyryş merkezinde durky doly täzelenen sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Sport merkeziniň dürli reňkli şarlar we toý baglary bilen bezelen meýdançasynda şäherçäniň ýaşaýjylary, ýaş türgenler, il sylagly ýaşulular ýygnandylar. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Estrada we döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazlary, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary dabara aýdyň öwüşgin çaýdy.
Durmuş ulgamynyň şunuň ýaly döwrebap desgalarynyň, şol sanda sport toplumlarynyň açylyş dabaralary gadymy türkmen topragynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Dabarada bellenilişi ýaly, döwlet baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde bu gün türkmen jemgyýetinde ýaş nesli ösdürip ýetişdirmegiň we oňa bilim bermegiň sazlaşykly serişdesi hökmünde sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti görnetin artýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda oňat enjamlaşdyrylan döwrebap sport desgalarynyň gurulmagyna uly üns berýär. Şol desgalar Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegiň ygtybarly binýady bolup durýar.
Bu babatda Lebap welaýaty hem nusgalyk bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ýerde ajaýyp sport desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Diňe şu ýylyň başyndan bäri täze döwrebap sport toplumlary Serdarabat, Hojambaz, Galkynyş, Atamyrat, Döwletli etraplarynda we Seýdi şäherinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Ine, bu gün bolsa şol täze desgalaryň üstüni Halaçdaky durky täzelenen sport merkezi ýetirdi.
Bu toplumda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, sport ussatlygyny kämilleşdimegi, köpçülikleýin ýaryşlary, bäsleşikleri, spartakiadalary geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Sport zallary we meýdançalar täze sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportuň göreş, boks, gimnastika, küşt we beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar. Türgenleriň ygtyýarynda ajaýyp tennis korty, woleýbol meýdançasy bar. Toplumyň umumy binagärlik görnüşi hem häzirki zaman talaplaryna gabat getirildi.
Münberler oňat enjamlaşdyrylyp, olardan sport meýdançasynda bolup geçýän ähli ýaryşlaryň ajaýyp görnüşi açylýar. Uly futbol meýdançasy ýörite ýaşyl ot bilen örtüldi. Stadionyň oňat yşyklandyrylmagy sport çärelerini agşamlaryna hem geçirmäge mümkinçilik berýär. Futbol meýdançasynyň daşynda ýeňil atletikaçylaryň ýaryşlaryny geçirmek üçin ylgaw ýodalary çekildi. Sport merkeziniň açylyş dabarasyndan soň futbol ýaryşy guraldy.
Sport toplumynyň durkuny Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça hususy kärhananyň gurluşykçylary täzelediler, şu gün olaryň işde tapawutlananlaryna gymmatly sowgatlar gowşuryldy.