Ï Ata Watanymyzyň welaýatlarynda baýramçylygyň öňýanyndaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň welaýatlarynda baýramçylygyň öňýanyndaky binagärlik açylyşlary

view-icon 725
Şu günler, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bütin ýurdumyzda täze bilim desgalarynyň häzirki zaman toplumlary, şol sanda sport mekdepleri yzygiderli gurulýar. Şu mynasybetli ata Watanymyzyň dürli welaýatlarynda geçirilen şu günki dabaralarda oňa gatnaşyjylar--welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, okuwçy ýaşlar, köp sanly türgenler, hormatly ýaşulular ýokary üstünlikler gazanylýan sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş-hereketini ösdürmegiň meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar diýip hoşallyk bilen bellediler. Sport desgalarynyň ulgamynyň degişli halkara ülňülerine laýyklykda döredilmeginiň esasynda bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmenistanlylaryň bilimli, ruhy taýdan baý we beden taýdan sagdyn ösüp gelýän ýaş neslini kemala getirmegi maksat edinýändir, olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünliklerini artdyrmaga özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Daşoguz welaýatynyň täze sport desgalarynyň okgunly ösýän ulgamyna S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde gurlan 365 orunlyk täze sport mekdebi goşuldy. Şu gün bu ýerde onuň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze desga üç ýarym gektar meýdany eýeledi.

Mekdebiň çäklerinde ýerleşen basketbol, woleýbol we tennis oýnamak üçin açyk meýdançalaryň hem-de futbol meýdançasynyň münberleriniň üstündäki telärler tomaşaçylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. Täze desganyň tomaşaçylar üçin münberler bilen enjamlaşdyrylan üç sany uly zaly sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşmeleri we ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Zallaryň parket bilen örtülmegi, gök ot örtülen futbol meýdançasy, sport esbaplary we beýleki ýöriteleşdirilen enjamlar öz ölçegleri boýunça halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde futzal, basketbol, gandbol, woleýbol, gündogar başa-baş söweşi, boks, agyr atletika, sportuň beýleki görnüşleri boýunça okuwlary we ýaryşlary geçirmek, saglygyňy berkitmek hem-de dürli türgenleşdirijilerde sagaldyş gimnastikasy bilen meşgullanmak mümkindir. Mekdepde eminler otaglary, lukmançylyk nokady, suwa düşülýän otaglar, beýleki esasy we kömekçi jaýlar hem guruldy. Üzňe durmuş üpjünçiliginiň ulgamlary olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.

Täze mekdep etrabyň çäklerinde soňky wagtlarda işe girizilen sport edaralarynyň hasap boýunça ikinjisidir, şol ýerde eýýäm bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadion bilen iri sport toplumy guruldy. Häzirki wagtda ýene-de şular ýaly sport desgalarynyň biri we 350 orunlyk sport mekdepleriniň ikisi gurulýar, olar eýýäm ýakyn wagtlarda öz gapylaryny giňden açarlar.

* * *

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda Baýramaly şäheriniň sport bilen meşgullanýan ýaşlary ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde şu gün durmuş taýdan möhüm desganyň, ýagny häzirki zaman sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Ýerli ýaş ýigitleriň we gyzlaryň köpüsini sporta çekmek üçn hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan bu täze mekdep beden taýdan kämilleşmegiň merkezi, türgenleri taýýarlaýan mekan bolar.

Binanyň we ýanaşyk ýerleriň göwnejaý meýilleşdirilmegi, mekdebiň häzirki zaman sport enjamlary, türgenleşik abzallary bilen üpjün edilmegi onda bir wagtyň özünde türgenleşikleri hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Binanyň içindäki zallardan başga-da mekdebiň gök zolaga öwrülip abadanlaşdyrylan çäklerinde köp sanly açyk sport meýdançalary gurlupdyr. Mekdepde türgenler we tälimçiler, eminler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Lukmançylyk nokady, suwa düşülýän ýerler bar.

Galkynyş köçesinde ýerleşen täze binalar toplumy şäheriň nobatdaky binagärlik bezegi boldy.

Sport mekdebiniň ýokarda bellenip geçilen açylyş dabaralarynyň barşynda sport toparlarynyň görkezme çykyşlary boldy. Ýetginjekler we gyzlar ýeňil atletika, sambo, dzýudo, çeper gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem iň oňat gurluşykçylara dabaraly ýagdaýda gymmatly sowgatlaryň gowşurylmagy bu çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.