Ï Gökderedäki okuw-türgenleşik ýygnanşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderedäki okuw-türgenleşik ýygnanşygy

view-icon 828
Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” sagaldyş merkezi Aşgabadyň maýyplar mekdebiniň wekilleriniň “Tomus we sport hemmeler üçin” ady bilen okuw-türgenleşik geçirilýän ýerine öwrüldi. Göni ýigrimi ýyl mundan ozal sport hereketi döredildi. Ol bedeniniň daýanç-hereket edýän agzalarynyň näsaz işleýän adamlara ikinji durmuşy gaýdyp berdi. 1993-nji ýylda şol döwürlerde fizika mugallymy bolup işlän, häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirrjisi, maýyplar sport mekdebiniň ilkinji sport halypasy Ýusup Alyýew bu hereketiň başlangyjy bilen çykyş etdi.

“Ýaşlyk” sagaldyş merkezinde diňe bir dynç almaga däl, eýsem sport bilen meşgullanmaga hem ähli şertler döredilendir. Bu merkez giň türgenleşik zalyna eýedir. Bu ýerde türgenler pauerliftingde we stoluň üstünde oýnalýan tennisde öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Suwda ýüzmek boýunça sapaklar birnäçe howuzda geçirilýär.

Şeýle hem bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak we Türkmenistanda maýyplar sportyny ösdürmäge bagyşlanan temalar boýunça maslahatlar, surat çekmek boýunça tematiki bäsleşikler, wiktorinalar we breýn-ringler geçirilýär. “Agama” alpinistler klubynyň wekilleri isleg bildirýänleriň ählisini Köpetdagyň ajaýyp künjekleri bilen tanyşdyrdylar.

Milli we halkara derejelerindäki ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, bu babatda MSM okaýanlar elmydama öň hatarda. Meselem, iýul aýynyň soňky günlerinde Belgiýanyň Antwerpen şäherinde pauerlifting boýunça geçirilen dünýä çempionatynda paýtagtyň maýyplar mekdebiniň okuçysy, halkara derejeli sport ussady Walentina Simakowa 63 kilograma çenli agramda ýeňiş kubogynyň dördüsini almagy başardy. Türkmen türgeni klassiki bäsleşikde altyn medallaryň ikisini hem-de iki sany ýörite sport-ekipirowiki maýkalaryny aldy.

Walentina geçen ýyllarda ýatan ýeriňden ştangalary galdyrmak boýunça Londanda geçirilen bütindünýä paralinpiýa bäsleşiklerde öz agram derejesinde planetanyň iň gowy türgenlerini ýedisiniň arasyna goşuldy. Şonda MSM mekdebiniň ýene-de bir okuwçysy, sport ussady Mekan Agalikow ýygyndyň düzüminde çykyş etdi. Ol 52 kilograma çenli agram derejede pauerlifting boýunça 150 kilogram bilen sekinji oruny eýeledi. Mekan diňe bir pauerlifting boýunça sport ussady bolman, eýsem ol ýüzmek, oturan ýeriňden oýnalýan woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça hem sport ussadydygyny belläp geçmelidiris.

Aýratyn hem bu mekdebiň “Geraklysyny”, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna birnäçe gezek gatnaşyjy we iri halkara bäsleşiklerine gatnaşyjy Merdan Kadyrowy belläp geçmelidiris. Ol onlarça medallary, olaryň ýarysyndan gowragy bolsa altyndan ýasalandyr.

Bu okuw türgenleşik ýygnanşygy “Ýeňme” durmuş kömegi merkezi tarapyndan guralandyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi, “Aýid” firmasy, “Degro” kompaniýasy we telekeçileriň birnäçesi bu çäräni geçirmäge hemaýatçylyk etdiler.