Ï Milli baýdak Týan-Şanyň ýedi müň metr belentliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli baýdak Týan-Şanyň ýedi müň metr belentliginde

view-icon 1284
Awgust aýynda Türkmenistanyň baýdagy Orta Aziýanyň iň belent nokatlarynyň biri bolan belentligi 7010 metr Han-Tengri belentligine galdyryldy. Tehniki taýdan çylyşyrymly bolan bu belentlige çykyşy Aşgabadyň “Agama”klubynyň türkmen alpinistleri “Týan-Şan-2013” ekspedisiýasynyň çäklerinde amala aşyrdy.


Türkmen türgenleri şunuň ýaly çylşyrymly belentlige çykmagy ýurduň alpinizminiň taryhynda ilkinji sapar halkara toparynyň düzüminde däl-de, özbaşdak toparda guradylar. Bu sportuň howply görnüşinde milli ýygyndynyň döremeginde ädilen möhüm ädimdir. Belentlige çykmakda toplanan bu tejribe geljekde – türkmen alpniziminiň taryhynda hil taýdan täze taryhy sahypa açyldy.

Ekspedisiýanyň düzümini saýlap almakda “Agama” alpinistler kluby tarapyndan guralan Türkmenistanyň iň belent nokady bolan Aýrybaba we Türkmen baýdagynyň gününne bagyşlanyp “Ararat - 2012” ekspedisiýasyna üstünlikli gatnaşmagy aýgytlaýjy orny eýeledi. Ekespedisiýanyň agzalary türkmen baýdagynyň matasyny Týan-Şan dagyna hem öz ýanlary bilen alyp gitdiler. Ekspedisiýa ugralmazdan bir-näçe aý ozal oglanalar bedenterbiýe we tehniki taýýarlygy kämilleşdirdiler, dag çykylýan abzallar bilen işleşdiler.

Toparyň aglabasy üçin alpinizimiň bu belentlige çykyşlygynda - hakyky çylşyrymly we howply spotuň görnüşi boýunça hakyky synag boldy. Toparyň üstünlik gazanmagynda ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, ýurduň tanimal alpinistleriniň biri, Pamiriň belentliklerine çykmakda baý tejribe toplan Alekper Ahmedowyň usuly we başarnygy uly ähmiýete eýe boldy.


Ekspedisiýanyň çylşyrymlylygy onuň uzak dowam etmegi bilen şertlendirilendir – heniz iýun aýynyň ahyrynda biziň toparymyz ekspedisiýanyň ýolbaşçysyndan başga hem Karen Bortýakow, Wadim Sobalýew, Dmitriý Winokurow we Anastasiýa Loskareýewa dagynyň düzüminde uçar bilen Almaty şäherine tarap ýola düşüdüler. Şol günler alpinizm bilen meşgullanmak üçin ýene-de bir alpinist – Balkanabadyň alpinistler toparynyň ýolbaşçysy Begenç Mämmedow Kawkaza ugrady.

Uçar, awtoulag, dikuçar bilen uzak ýol geçilenden soňra, türkmen toparyny Hantengriniň eteginde Gyrgyzstanda ýaýlyp ýatan Günorta Inyljyk buzlugynda ýerleşýän lagerde türkmen toparyny mähirli garşy aldylar. Ýogsa-da bu ýere barýan ýol ýok,ýa-da göwrümi boýunça dünýäde iň uly buzluklary biri örän uly buzluk dagyň belentliginde bu gyradan o gyra çenli dolduryp dur, jülgäniň aşagy bolsa doňan uly suw bölekleri bilen ýapylypdyr.


Eýýäm lageriň bazasy dört müň metrden hem belentlikde ýerleşýär. Topar mundan beýleki synaglara taýýar bolmak üçin bedenleriniň uýgunlaşmaklary üçin iki günläp bu ýerde galdy. Bu maksat bilen, daga gutarnykly çykmak üçin, adatça, belentligiň iň ýokary nokadyna çykmak üçin barnäçe uýgunlaşmak çäreleri geçirilýär.


Ilkinji belentlige – 4800 metr belentlige çykmak barlag häsiýetine eýe boldy. Oglanlar ýolda ilkinji belentlik lagerini gurdylar. Ikinji sapar belentlige çykanlarynda 5800 metri eýelemegi başardylar. Bu ýere barýan ýol buzuň jaýrylan ýerinden geçýärdi, gar süýşmek howply we sallanyp duran kert gaýa buzly eňňitden geçýär. Bu ýol Günorta Inylçekden Han-Tengirä gitmek bilen, ondan aýlanyp geçmek asla mümkin däldi. Bu ýol gönüden-göni harsaň ýüşmekleriň üstündengeçýär. Bu ýoly ir ertir bilen, haçan-da gün bu töweregi öz şöhleleri bilen ýagtyltmazdan ozal geçilse gowy bolýar. Ir sagat 8-den soňra dag gerişlerinden eşdilýän yzy üznüksiz gürrüldiler bu töweregi doldurýardy. Bu sesler alpinistlere ikinji belentlik lagerine üstünlikli barandyklaryny, olaryň ugurlaryny dogry saýlap alndyklaryny hem-de howply bölegi öz wagtynda geçendiklerini ýatladýardy.

Aýratyn hem, opurylmalaryň sesi ikinji belentlikdäki lagerde 5300 metr belentlikde gowy eşdilýärdi. Bu ýerde gijesini geçirip hem-de täze belentlige uýgunlaşan topar üçünji beletlikdäki lagere çykdylar. Bu ýerde ygally howa garşylady. Olar gar ýagmasy gaçan gutararka diýip, garaşmaly boldylar, iki gijläp garaşmaly boldylar. Özi hem ikinji gijäni dag eňňidine gazylyp oýulan gar gowagynda geçirmeli boldy. Onda çadyr palatalaryndan has amatly boldy, ýelden goranmaga oňaýly boldy. Ýöne bolar ýaly gowakda gelýän howanyň öňüni kesip, dem alamgyňy kesýän gardan gömülip galmazlyk üçin gijesine dik oturmaly bolýardy.

Ýogsa-da çadyrlar barada. Olary aşak alyp gitmezlik kararyna gelindi, olary ýokary çykmaga gerek bolan abzallar bilen ýerinde goýdylar. Birbäçe günden, elbetde ýokary belentlige çykylandan soňra, bu ýere gelmelidi. Şonda bu enjamlar öňde duran tehniki taýdan iň çylşyrymly bölegi geçmek üçin gerek bolar.

Ýene-de lagere düşmeli. Ýokary çykmak uzaga çekdi, bir-näçe günläp bulaşan howa Inylçeke barýan işjeň durmuşy togtatdy, hatda dikuçarlar hem uçmaýardy, topar ýokary çykyp bilmeýärdi. Güýçli ýagýan gar töwerekdäki howply jaýryklaryň üstüni galyň gar bilen örtüp, barylýan ugry harsaň iner howpuna öwrüp, hiç kimi hiç ýerik göýbermeýärdi.


Ynha-da gönüden-göni bellenen belentlige çykmak, belentlige çykylandakjy howa uýgunlaşyp, şol ýol geçilýär. Birinji lagerde ýatyp, ikinji lagere sowulman, göni üçünji lagere barmak. Gün gözýetime tarap süýşüp ugrady. Oglanlar agşamlyk naharyny edinmek barada pikir hem etmän, çayrlaryny goýan ýerlerine geldiler. Ýöne çadyr bu ýerde ýokdy, diňe gün şöhlesinden ýaldyraýan gar basan düzlük emele gelipdi. Çadyr ýakynda bulaşan howa zerarly iki metr galyňlykdaky garyň aşagynda gömlüp galypdy. Onuň içinde bolsa ýoly mundan beýläk hem dowam etdirmek üçin abzallar bardy.

Gar gowaklarynda ýerleşen üçünji lageriň beýleki ýaşaýjylaryndan çadyry wagtlaýyn alyp, oglanlar gijäni bu ýerde geçirdiler. Ertesi gün olar belentlige çykmagyň ýerine, abzallaryny gazyp almaly boldylar. Özi hem ony göni tapaýmak aňsat däldi. Haýsy ýerden gazyp başlamaly, şu ýerdenmi ýa-da iki metr gapdaldan başlamaly. Az-owlak agyr degýär. Bular ýaly howa bu ýerde adaty ýagdaý, onuň nähili boljagyny öňünden bilip bolmaýar. Ýöne, äpberiň diýlen buýruk bolsa-da, abzallar tapyldy hem-de olar ýene-de garyň astynda goýuldy.

Ekspedisiýanyň owamynda alynan çadyryň öýe gaýdyp gelinende onuň abat gelmedigi dag howasynyň ýowuzlygyna şaýatlyk edýär. Gar agramlary eginlerden taýýarlanan direg egirmeleri ýeňillik bilen döwdi. Tebigatyň ýowuz güýçlerine hiç-hili tehnologiýalar garşy durup bilmedi. Dogrysy, başarjaň eller we ätiýaçlyk toplumlar bu dörän ýagdaýy halas etdi. Bu oňaýsyzlyklar dagyň çylşyrymly häsiýetlerini görkezdi, ýönu bu ýokary çykmaga päsgelçilik bermedi. Has hem esasy lagerden rasiýa boýunça gowy howanyň ýene-de bir gün saklanjakdygyny we geçilmedik ýoluň öwezini dolup boljakdygyny habar berdiler. Şonuň üçin hem oglanlaryň ýetijekdigini aýtdylar!

Ynha-da şol garaşylýan gün gelip ýetdi. Alpinistler bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Eýýäm adata öwrülen ir sagat bäşde turmak – garaňkylykda iň belentlige galmak adata öwrülipdi. Gijiki tümlikde içiňden geçip barýan şemal bu töweregi buza öwrülen gaýalara öwrüpdi.


Ugruň iň soňky üçünji lagerden belentlige barýan tehniki taýdan iň çylşyrymly bölegi. Çylşyrymly belenlige çykýan ýol müň metrden hem gowrakdy. Özi hem bu ýol ýörite abzallar bilen geçilýärdi. Ýokary çykmaklygy dag belentliklerindäki dykyzlygy gowşak howanyň kislorodynyň ýetmezçiligi, pes temperaturasy, güýçli ýel çylşyrymlaşdyrýardy.

Bu bölegiň dowamynda eýýäm germew ýüpleri çekilgidi. Oňa alpinistler goranmak ätiýaçlygy üçin ildirgiçlerini ildirýärdiler, ýaplanýardylar. Ýüzlerçe metr ýüp, ýokary çykýardy, hemme hereketler eýýäm işlenilipdi, ätiýaçlik bir ýüpden beýleki ýüpe öz-özi geçýän ýalydy. Özi hem içiňden geçip barýan ýeliň hem täsiri ýok diýen ýalydy. Bellenilen sepgide ýetmäge hiç zat zeper ýetirip bilmeýärdi. Şunlukda pikiriňi jemlemegi ýütirmek bolmaýardy, islendik ýaşňyşlygyň erbetlige eltmegi mümkindi. Muňa bu dagyň belentligigine çykmagyň köp ýyllyk maglumaty hem tassyklaýar.

Tehniki taýdan 10 sagatdan hem gowrak – erkiň ygtyýaryna, elleriň we abzallaryň berkligine, belentlik we ahyrsoňunda ynha-da iň soňky garly-buzly dag gerşi. Belentlige çykýan türkmen alpinistleriniň dördüsi hem bir ýere ýygnandy.

Belentlik. Goş haltasyndan belentlikleriň köpüsinde bolan türkmeniň milli baýdagy çykarylýar. Ýeliň ugruna baýdak parlaýar. Ol haly gölleri bilen ýyladýan ýaly ellerde parlaýar. Dabaraly belentlikde bir minutlyk dymyşlyk bolýar, içki begençlikleriňi daşary çykarmazlyk mümkin däldi. Bu dörtligiň her biri belentlige çykanyna buýsanýardy. Bu sekuntlarda bu sebitlerde bu baýdakdan ýurduň baş nyşanynyndan belent hiç zat ýokdy! 7010 müň metr belentlikdäki bu şatlanmalar hakykatdan hem çeken azabya degýär. Bu çärä gatnaşyjynyň her birinde ömründe ýatdan çykmajak waka öwrüler. Çünki Han-Tengriniň belent gaýalaryndaky bu dabaraly wakalar surata düşürilip, ýadigärlik hökmünde saklanyp galar.

Yza ýola düşmäge wagt boldy. Galan güýjüňi bir ýere jemläp, aşak düşmek bilen, alpinistler ýokary çykylanda gabat gelen şol bir kynçylyklary ýene-de geçip başladylar. Dag biziň alpinistlerimizi gözýetime ýaýrap ugran gün şöhleleri bilen ugradýardy. Ýoluň iň soňky bölegini garaňkylykda geçmeli boljakdy. Ýöne uly şowlulyk ýaran boldy. 6400 metr belentlikde gijäni seýrek geçirilýän dördünji lagerde piterli kärdeşleriň çadyry göründi. Sankt-Pterburgdan gelen tejribeli türgenler Oleg Koltunow we Igor Wiskow bu ýerde goňşy Ýeňiş belentligine çykmaga taýýarlyk görýärdiler. Şonuň üçin hem olar has ýokardaky howa uýgunlaşmak üçin Han-Tehgiride gijäni geçirmegi maksat edinipdiler. Olar biziň alpinistler toparymyzy ertire çenli myhman bolamklaryny uly höwes bilen garşy aldylar. Olara örän köp sag bolsunlary aýdýarys!


Ir bilen ýene-de aşak düşmek başlandy. Biziň türgenlerimizi baş lagerde biziň toparymyzyň ýene-de biri – Nastýa Loskarýowa garşy alýar. Ol kesellänligi sebäpli toparyň düzüminde dag gerşine çykyp bilmändi. Toparyň hemmesi bir ýere ýygnandy, ýetilen belent sepgit üçin gutlaglary kabul edýärler. Türkmen alpinistleri ýene-de birnäçe gün garaşyp, dikuçar bilen Günorta Inylçeke tarap ugradylar. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we “MTS-Türkmenistan” hojalyk hasaplaşygyndaky kärhananyň ýardam bermeginde guralan bir aýa çeken ekspedisiýa tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Oglanlar eýýäm belentlige çykylmagyny tassyklaýan sertifikat, ýatdan çykmajak pursatlary beýan edýän giden fotosuratlar, esasan hem belentlige çykmakda toplan tejribeleri bilen Aşgabada geldiler. Ýene-de dürli belent dag gerşine çykaryljak şol bir baýdak ýene-de Watanyna dolanyp geldi.