Futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky nobatdaky halkara bäsleşiklerine bary-ýogy birnäçe gün galdy. Bu ýokary sylag ugrundaky futbol bäsleşikleri pýtagtymyzdaky “Aşgabat” we “Köpetdag” stadionlarynda 10-20-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Ýaryşyň şertine görä bu gezek hem baýrakly orunlary eýelän üç toparlara medallar we ýaryşyň kubogy bilen bir hatarda ýeňiji bolan toparlara ABŞ-nyň 35 müň dollary möçberinde pul baýraklary berler.
Ozal habar berlişi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşyň 19-njysy bolmak bilen, onda 17 ýaşa çenli türgenler topary indi ikinji gezek çykyş ederler. Geçen ýyl ýaryşyň baş baýragyna türkmen futbolçylarynyň mynasyp bolandygyn bellemeli. Olary şol bäsleşige Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow taýýarlapdy. Bu gezekki bäsleşiklere türkmen futbolçylaryny ýaş hem bolsa ukyply tälimçi hasaplanylýan Ahmet Agamyradow taýýarlady.
Türkmenstanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky ýaryşda “Aşgabat” we “Köpetdag” stadionlarynda ilkinji guralan bäsleşikler boldy. Köpugurly “Aşgabat” sport toplumy halkara bäsleşiginiň öňüsyrasynda gurlup ulanmaga berlipdi. “Köpetdagyň” meýdançasyndaky emeli örtük aýrylyp, onda gök otlar ekilipdi. Şonda bu stadionda guralan bäsleşikler ilkinji ýaryşlar bolupdy. Myhmanlar stadionlaryň ýokary derejä eýedigini belläpdiler.
Şeýle hem futbol boýunça geçen ýyl geçirilen halkara ýaryşlarynda bolan şanly wakalaryň ýene birini ýatlamak ýerlikli bolar. Bu waka bäsleşikleriň açylyş dabarsynda boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa däp bolan Fudokan – Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasyýasynyň adyndan 10-njy danyň (karate we dzýudo boýunça kämilligiň ýokary derejesiniň) Örän hormatly eýesiniň gara guşagy we diplomy gowşuryldy. Bu guramanyň Ýerine ýetiriji başlygy Iliýa Ýorga milli Liderimize bu ýokary sylaglaryň milli we halkara sport hereketiniň ösdürilmegine örän uly goşant goşandygy üçin gowşurylandygyny aýtdy.
Munuň özi ýöne ýerden däldir, çünki sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we onu wagyz ediji diýlip hasaplanýan milli Liderimiziň alada etmegi netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sport hereketi ozal görlüp eşidilmedik derejede ösdürilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döwrebap spor toplumlary açyldy, munuň özi halkara derejesinde täze bäsleşikleriň guralmagyna ýardam berýär. Bu ýagdaý yzygiderli häsiýete eýe bolup, şol ýaryşlara gatnaşmak isleýänleriň sany hem barha artýar.
Ýurdumuzyň garaşsyzlyga eýe bolan döwründen bäri, geçen ýylda köpugurly “Aşgabat” sport toplumynyň futbol meýdançalarynda ilkinji gezek Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäheriniň “Al Şaab” futbol toparynyň ýetginjeklerden we ýaşlardan ybarat düzümleri üçin okuw türgenleşikleri guraldy. Şonda bu toparyň taş tälimçisi şunuň ýaly stadionlara seýrek gabat gelinýändigini hem-de bularyň binýadynda diňe bir okuw türgenleşiklerini däl-de, halkara derejesindäki ýaryşlary hem geçirip boljakdygyny belledi. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş muny dolulygyna äşgär etdi.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda futbol boýunça halkara ýaryşyna gatnaşýanlaryň sany artyp, 20-den geçdi. Şu ýylda olara ýene-de bir topar goşuldy – ýaryşda esasy baýragy almak ugrunda Kuweýtiň topary hem bäsleşer. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Belarussiýanyň, Russiýanyň toparlary we Türkmenistanyň ýetginjeklerden ybarat topary gatnaşar.
Ýaryşa iki topara bölüner. Şonda has tapawutlanan toparlaryň dördüsi ýarym finalda duşuşarlar, şonda üstün çykanlar esasy baýragy almak ugrundaky göreşi dowam etdirerler. Pul baýragy barada aýdylanda bolsa, ýeňijilere 20 müň dollar, kümüş medala mynasyp bolanlara – 10 müň we bürünç medallara ýeýe bolanlara – 5 müň dollar berler.
Ýeri gelende, ozalky halkara bäsleşiklerinde myhmanlaryň toparlarynyň üç gezek, ýagny Eýranyň “Istegal” toparynyň (1998-nji ýylda), Gruziýanyň “Torpedo” toparynyň (2002-nji ýylda) we Moldowanyň “Daçiýa” toparynyň (2006-njy ýylda) Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda üstün çykandygyny ýatlatmak bolar. Şu sapar hem biziň ýygyndy toparymyzyň ýokary ussatlygyny görkezjekdigine ynam bildirýäris.