Şu gün Aşgabatda futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrunda halkara ýaryşy badalga alýar.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara sport ýaryşlaryny giňden geçirmek we ata Watanymyzyň sport älemindäki abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem futbol oýnuny wagyz etmek arkaly ýaş neslimizde bu oýna höwes döretmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşyny geçirmek hakynda” Karar kabul etdi.
Ministrler Kabinetiniň 23-nji awgusta bolan mejlisinde bu resminama gol çekip, milli Liderimiz ýurdumyzda ýokary üstünlikler sportuny has-da ösdürmek, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny mynasyp geçirmäge guramaçylykly taýýarlanmak nukdaýnazaryndan halkara futbol ýaryşyny geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Baş baýraga eýe bolmak ugrunda ýaryşa gatnaşyjy daşary ýurt toparlarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi bu halkara ýaryşynyň barha artýan meşhurlygyndan habar berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Muňa bolsa degişli maglumatlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara Aşgabat ýaryşynyň bütin taryhynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda Ermenistandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Latwiýadan, Litwadan, Molgowadan, Russiýadan, Ukrainadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Estoniýadan, Bahreýinden Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Hytaýdan, Taýlanddan toparlar we ýer eýeleri bäsleşdiler. Şu ýylda baýrak ugurnda ýaryşjaklaryň hataryna ilkinji gezek Kuweýtiň wekilleri goşuldylar. Indi ýaryşa gatnaşyjy döwletleriň sany 21-e ýetdi.
18 ýylyň içinde hormatly baýrak üç gezek ýurdumyzdan daşyna çykdy – 1998-nji ýylda oňa Tährandan Eýranyň “Isteglal” topary eýe boldy, 2002-nji ýylda – Kutaýisiden Gurziýanyň “Torpedo” topary, 2006-njy ýylda – Kişinýowdan Moldowanyň “Daçiýa” topary eýe boldy. Dört gezek Aşgabadyň “Nnisa topary (1999, 2003, 2004 we 2005-nji ýyllarda) mynasyp boldy. Üç gezek Kubogy Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary (2007, 2008 we 2009-njy ýyllarda ”eýelemegi başardylar, iki gezek -paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary (1995 we 2001-nji ýyllarda), Türkmenistanyň futbol toparlaryndan düzülen ýygyndy (1996 we 1997-nji ýyllarda), Aşgabadyň “Altyn asyr” topary (2010 we 2011-nji ýyllarda) eýe boldular we bir gezekden Aşgabadyň ýygyndysy (2000-nji ýylda) hem-de Türkmenistanyň ýetgenjekler ýygyndysy (2012-nji ýylda) mynasyp bolmagy başardylar.
2012-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda halkara futbol ýaryşy täze görnüşde geçirilip başlandy-hormatly baýrak ugrunda ýetgenjekler ýygyndylary (17 ýaşa çenli) bäsleşýärler. Ilkinji şeýle ýaryş Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýolbaşçylyk eden ýylynda geçirilip, şonda GDA ýurtlaryndan dokuz topar ýygnandy. Şu ýylda ýaryşy guraýjylaryň çakylygyna oňa gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny artdyrmak bilen Eýranyň we Kuweýtiň ýetgenjekler ýygyndylary seslendiler.
Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetinde habar berişleri ýaly, abraýly baýrak ugrunda bäsleşjekler ikit topara bölündiler: “A” – Russiýa, Belarus, Özbegistan, Täjigistan; “B” – Türkmenistan, Eýran, Kuweýt, Gyrgyzystan. Toparlardaky ýaryşlar “Aşgabat” we “Köpetdag” stadionlarynda geçiriler.
Her topardan iň oňat iki komanda ýarym finala çykar, olaryň ýeňijileri finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler, ýeňilenler bolsa ýaryşyň bürünç baýragy üçin güýç synanyşar.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda ýaryşyň baýrak gaznasy ABŞ-nyň 35 müň dollaryna deňdir. Ýaryşyň ýeňijisi Prezidentiň Kubogy bilen birlikde 20 müň dollar alar. Ikinji orna mynasyp bolan – 10 müň dollar, üçünji orna eýe bolan – 5 müň dollar alar.
Oýunlaryň tertibi:
10-njy sentýabrda
10.00 Russiýa – Täjigistan (“Köpetdag” stadiony) 17.00 Belarus – Özbegistan (“Köpetdag” stadiony)
11-nji sentýabrda
10.00 Gyrgyzystan – Kuweýt (“Köpetdag” stadiony) 17.30 Ýaryşyň dabaraly açylyşy (“Aşgabat” stadiony) 18.00 Türkmenistan – Eýran (“Aşgabat” stadiony)
12-nji sentýabrda
10.00 Täjigistan - Özbegistan (“Aşgabat” stadiony) 17.00 Russiýa – Belarus (“Aşgabat” stadiony)
13-nji sentýabrda
10.00 Eýran – Kuweýt (“Aşgabat” stadiony) 17.00 Türkmenistan – Gyrgyzystan (“Aşgabat” stadiony)
14-nji sentýabrda
10.00 Belarus – Täjigistan (“Aşgabat” stadiony) 17.00 Özbegistan – Russiýa (“Köpetdag” stadiony)
15-nji sentýabrda
10.00 Eýran – Gyrgyzystan (“Aşgabat” stadiony) 17.00 Kuweýt – Türkmenistan (“Aşgabat” stadiony)
17-nji sentýabrda
1/2 final
10.00 “A” toparynyň ýeňijisi – “B” toparynda ikinji orna mynasyp bolan komanda (“Aşgabat” stadiony)
17.00 “B” toparynyň ýeňijisi – “A” toparynda ikinji orna mynasyp bolan komanda (“Aşgabat” stadiony)
18-nji sentýabrda
7-8-nji orunlar üçin duşuşyk
10.00 “A” toparynda dördünji orna eýe bolan komanda - “B” toparynda dördünji orna eýe bolan komanda (“Aşgabat” stadiony)
5-6-njy orunlar üçin duşuşyk
17.00 “A” toparynda üçünji orna eýe bolan komanda – “B” toparynda üçünji orna eýe bolan komanda (“Aşgabat” stadiony)
19-njy sentýabrda
10.00 üçünji orun üçin duşuşyk (“Köpetdag” stadiony) 18.00 Final (“Aşgabat” stadiony)