Şu gün paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda iki duşuşyk bilen däbe öwrülen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol boýunça 19-njy halkara ýaryşy badalga aldy. Onuň baýrak gaznasy ABŞ-niň 35 müň dollaryna deňdir.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly baýrak ugrunda bäsleşikleriň ilkinji tapgyrynda iki topara bölünen ýetginjekler ýgynda toparlarynyň (17 ýaşa çenli) sekizisi bäsleşer.
Ýaryşlary “A” toparda çykyş edýän komandalar açdylar. Birinji duşuşykda Russiýanyň we Täjigistanyň ýygyndylary duşuşdylar. Aşgabat ýaryşlarynda Russiýa Çertanowo diýip at alan ýutbol mekdebinde tälim alýan ýetginjekler wekilçilik edýärler. Bu toparyň Moskwanyň birinjiliginde çykyş edýän 12 toparyň arasynda “Spartak” we “Dinamodan” soň 3-nji orny eýeleýändikleri hem olaryň ussatlyk derejesinden habar berýär.
Täjigistanyň topary bu ýurduň toparlary üçin ýaş zehinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça esasy merkez bolan Ýokary sport usaatlygynyň respublikan mekdebiniň binýadynda tälim alýan ýetginjeklerden düzülendir.
Ýaryşyň ilkinji duşuşygynyň 13-nji minutynda russiýaly futbolçy I.Melnik bäsdeşleriň jerime meýdançasyndan batly urgy bilen ilkinji pökgüni derwezä geçirdi. Arakesmä çenli täjigistanlylaryň hasaby deňlemäge mümkinçilikleri boldy. Emma oýnuň 17-nji we 26-njy minutlarynda derwezeçi bilen ýüzbe-ýüz çykan täjik futbolçylary bu mümkinçiligi elden giderdiler.
Oýnuň ikinji ýarymynda russiýaly futbolçylar yzly-yzyna hüjüm edip, bäsdeşleriniň derwezesine ýene-de alty pökgi geçirdiler.
Oýun tamamlanandan soň tälimçiler žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde ýaryşyň guramaçylaryna özleriniň bu bäsleşiklere gatnaşmaga çagyrylandyklary üçin hoşallyk bildirdiler. Olaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda futbolyň ösmegi üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Muňa şu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesi hem şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşikler bu ýokary derejeli ýaryşlardyr. Oňa gatnaşmak ýaş futbolçylaryň tejribe toplamaklary üçin gymmatly mekdepdir diýip, Russiýanyň we Täjigistanyň ýygyndy toparlarynyň tälimçileri bellediler.
Beýleki oýunda Belarusuň we Özbegistanyň toparlary duşuşdylar. Oýnuň 29-njy minutynda D.Ýusubow jerime meýdançasynyň daşyndan pökgüni dürs urup, özbegistanly futbolçylary 1:0 hasabynda öňe çykardy. Şondan dört minut geçenden soň S.Dawlatjonow derwezeçi bilen ýekeme-ýeke çykyp, belarus toparynyň derwezesine ikinji pökgüni geçirdi. Duşuşygyň 52-nji minutynda W.Lisakowiç garşydaşlaryň derwezesine bir pökgi geçirip, hasaby 2:1-e ýetirdi.
Şeýlelikde, ýaryşlaryň ilkinji gününden soň, “A” toparda Russiýanyň we Özbegistanyň toparlary öňde barýarlar. Olaryň hersiniň 3 utugy bar. Belarusuň we Täjigistanyň toparlary häzirlikçe utuk gazanmadylar.
11-nji sentýabrda baýrak ugrunda bäsleşiklere “W” toparyň futbolçylary hem girişerler. Sagat 10.00-da “Köpetdag” stadionynda Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndy toparlary, sagat 18.00-da bolsa “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň we Eýranyň futbolçylary duşuşarlar.