Türkmen paýtagtynda futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda dowam edýän halkara ýaryşynda şu gün “A” toparda ikinji tapgyryň duşuşyklary boldy.
Olaryň birinjisinde “Aşgabat” köpugurly stadionynda Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary duşuşdylar. Bäsdeşler ilkinji oýunlarda dürli netijeleri görkezdiler. Birinji duşuşykda özbegistanlylar Belarusyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar, täjigistanly futbolçylar bolsa Russiýanyň toparyndan 0:7 hasabynda utuldylar.
Bir ýyl mundan ozal Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary biziň şu ýaryşymyzda duşuşypdylar. Şonda Täjigistanyň topary 4:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdy.
Eýýäm duşuşygyň birinji ýarymynda özbek futbolçylarynyň artykmaçlygy duýlup başlandy. Olar goranyşda hem-de hüjümde sazlaşykly hereket etdiler we oýnuň 28-nji minutynda hasaby açdylar. Bu pökgini Janibek Kuçimow derwezeden geçirdi. Şondan on minut geçenden soň bu oýunçy hasaby 2:0 ýetirmegi başardy.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda özbegistanlylar oýnuň depginini has-da güýçlendirdiler. Şonuň netijesinde duşuşygyň 56-njy minutynda Jamşid Ýusupow hasaby 3:0 ýetirdi. 63-nji minutda bolsa Saidžamol Dawlatžonow dördünji pökgini geçirdi. Ýene-de 5 minut geçenden soň D.Ýusupow bäşinji pökgini geçirmegi başardy. 70-nji minutda Suhrob Nurullaýew Täjigistanyň toparynyň derwezesine ýene-de bir pökgini geçirdi. Duşuşygyň 79-njy minutynda bolsa Witaliý Karaý hasaby 7:0 ýetirdi.
Şu gün Russiýanyň we Belarusyň toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk has çekeleşikli boldy. Belarusly oýunçylar duşuşygyň ilkinji minutlaryndan hüjüme geçdiler. Oýnuň 20-nji minutynda russýalylaryň derwezesiniň öňünde ilkinji howply pursat döredi. Pawel Kupsow ýakyn aralykdan pökgini derwezä tarap ugrukdyrdy, ýöne derwezeban Mihail Sidorow ynamly oýnady. Duşuşygyň 31-nji minutynda hem belarusly futbolçylar ýene-de iki gezek ýakyn aralykdan urgulary geçirdiler. Ýöne russiýalylaryň derwezebany bu gezek hem ussatlyk görkezdi. Oýnuň 43-nji minutynda bolsa Belarusyň ýygyndy toparynyň derwezebany Maksim Plotnikow öz ussatlygyny görkezmeli boldy.
Duşuşygyň iň aýgytlaýjy pursady 73-nji minutda boldy: belaruslaryň derwezebany özüniň jerime meýdançasynda russiýanyň oýunçysy Daniil Týumensewiň garşysyna gödek oýnady. Ejir çeken oýunçynyň özi 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine etirip, hasaby 1:0-a ýetirdi. Galan wagtda belarusly ýetginjeklere hasaby deňlemek başartmady.
- Türkmenistanyň Prezidentinie Kubogy ugrundaky abraýly ýaryşa gatnaşmak biziň oýunçylarymyz üçin geljekde Ýewropanyň birinjiliginiň saýlama oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur bolan halkara tejribesini edinmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir – diýip, Belarusyň futbol wekiliýetiniň ýolbaşçysy, 1982-nji ýylda Minskiniň “Dinamosynyň” düzüminde SSSR-iň çempiony bolan Igor Below habarçymyz bilen bolan söhbetdeşlikde gürrüň berdi. – Öňler, SSSR-iň çempionatlarynyň geçirilen döwründe maňa Aşgabatda, ozalky merkezi stadionda ençeme gezek futbol oýnamak miýesser edipdi. Ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen paýtagtynyň tanalmaz derejede özgerendigi bizi haýran galdyrdy. Häzirki wagtda siziň paýtagtyňyz hakyky sport merkezine öwrülipdir. Ajaýyp myhmanhanalary, stadionlary, halkara ülňülerine laýyk gelýän futbol meýdançalary döwrebap futbol düzümi hem-de 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlary üçin gurulýan Olimpiýa şäherçesi bizi haýran galdyrdy.
Şeýlelikde, şu günki oýunlardan soň “A” toparynda ýarym finalçylaryň ilkinji ikisi belli boldy. Iki duşuşykdan soň alty utuk toplan Özbegistanyň we Russiýanyň futbolçylary möhletinden öň ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Ýöne olaryň ýarym finala haýsysynyň birinji orundan, haýsysynyň bolsa ikinji orundan çykjakdygy olaryň 14-nji sentýabrda boljak öz aralaryndaky duşuşykda kesgitlener.
13-nji sentýabrda “B” toparda ikinji tapgyryň dşuşyklary geçiriler. Sagat 10.00-da “Aşgabat” stadionynyň meýdançasyna Eýranyň we Kuweýtiň toparlary, 17.00-da bolsa Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary çykar. Birinji tapgyrda biziň futbolçylarymyzyň eýranlylardan 6:2 hasabynda üstün çykandygyny, Kuweýtiň we Gyrgyzystanyň toparlarynyň bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandygyny ýatlatmalydyrys.
Iň köp pökgi geçiren oýunçularyň bäsleşiginde 3 pökgi bilen Jamşid Ýusupow (Özbegistan) öňde barýar. Hydyrgylyç Orazow (Türkmenistan), Janibek Kuçimow, Saidžamol Dawlatžonow (ikisi hem Özbegistandan), Wladislaw Sarweli we Daniil Týumensew (ikisi hem Russiýadan) dagylaryň her biri 2 pökgüden geçirdiler.