Ï “Ashgabat Cup” bäsleşiginde esasy orunlar boýunça göreş başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ashgabat Cup” bäsleşiginde esasy orunlar boýunça göreş başlandy

view-icon 828
Paýtagtymyzdaky köp ugurly “Aşgabat” stadionynda“Ashgabat Cup” üçünji halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) senenamasyna girýän bu ýaryşlara Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Indoneziýanyň tennisçileri gatnaşýarlar. Şunlukda, Ukrainanyň we Indoneziýanyň tennisçileri barha abraýy artýan “Ashgabat Cup” ýaryşynyň baýragy ugrunda ýaýbaňlandyrylan bäsleşiklere ilkinji gezek gatnaşýarlar, munuň özi bu ýaryşyň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Ýaryşyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Halkara tennis federasiýasynyň we ýurdumyzyň Milli tennis merkeziniň wekilleri on toparyň gatnaşmagynda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zonal ýaryşlaryndan ýeňiş bilen gaýdyp gelen türkmen tennisçilerini gutladylar. Mälim bolşy ýaly, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Türkmenistanyň topary bu abraýly ýaryşlarda öz garşydaşlarynyň hemmesinden üstün çykyp, ilkinji gezek geljek ýylda Dewisiň Kubogy ugrunda III zonal toparda oýnamaga hukuk gazandy.

Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi göni hatarlara düzülip, ýaryşyň açylyş dabarasyna garaşýarlar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutlarynyň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem-de sport we çeper gimnastikasynyň wekilleriniň ýerine ýetiren görkezme oýunlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Şu gün “Aşgabat” stadionynyň kortlarynda ITF-niň bäşinji derejesiniň ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşyň esasy oýunlary başlandy. Ýaryşyň ikinji aýlawynda türkmen tennisçileriniň hataryna ýekelikde Indoneziýaly tennisçi Braýan Husinden 6:2, 6:1 hasabynda üstün çykan Isa Mämmetgulyýew, gyzlaryň arasynda bolsa, Arzuw Gylyjowa, Jemal Bekmyradowa, Diana Ziýatowa we Güljan Mämmetgulyýewa dagy goşuldylar.

Ertir ýaryşlar dowam eder. Biziň tennisçilerimiziň arasynda özüniň ilkinji bäsleşigini geçirýän Türkmenistanyň öňdebaryjy türgeni Aleksandr Ärnepesow gazagystanly Jansultan Çembotaýew bilen bäsleşer.

“Ashgabat Cup” ýaryşynyň ýeňijileri 21-nji sentýabrda kesgitlener.