Ï “Ashgabat Cup” bäsleşigine gatnaşýan ýurtlaryň sanawy artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ashgabat Cup” bäsleşigine gatnaşýan ýurtlaryň sanawy artýar

view-icon 744
Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Indoneziýanyň tennisçileriniň 100-e golaýy şu gün Aşgabatda başlaýan “Ashgabat Cup” halkara turnirine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna ýygnandy. Ýaryşy Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Milli tennis merkezi we paýtagtymyzyň häkimligi bilelelikde gurady. Bu çäre ýurtda tennis sportuny mundan beýläk-de ösdürmek we wagyz etmek, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, şeýle hem ýygyndy toparyna has ukyply türgenleri seçip almak maksady bilen guraldy.

“Ashgabat Cup” Halkara tennis ýaryşy indi üçünji ýyl guralýar. Şu gysga döwrüň içinde oňa gatnaşýan daşary ýurtly türgenleriň sany yzygiderli artýar. Şu ýyl bu bäsleşige Ukrainanyň we Indoneziýanyň türgenleri ilkinji gezek gatnaşýarlar.

-nji ýyldan başlap, Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) senenamasyna girizilen ýaryşyň bäsleşilkleri köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilýär. Ýaryşyň ilkinji iki gününde tennisçiler öz derejeleri boýunça bäsleşerler. 16-njy sentýabrda ITF-niň 5-nji derejesi boýunça ýaryşlaryň esasy bäsleşiklerine badalga berler.

“Ashgabat Cup” ýaryşynyň ýeňijileri 21-nji sentýabrda final oýunlarynda kesgitlener.