Ï Türkmenistanyň we Russiýanyň ýygyndylary finalda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýygyndylary finalda

view-icon 703
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda Türkmenistanyň we Russiýanyň ýygyndylarynyň futbolçylary duşuşar. Munuň özi şu gün ýarym final oýunlrynyň jemleri boýunça kesgitlenildi.

Bu oýunlaryň ilkinjisinde “Aşgabat” köpugurly stadionynda Gyrgyzystanyň we Russiýanyň ýetginjekleri duşuşdylar. Gyrgyzystanlylar şondan öňki oýunda eýranlylar bilen güýç synanyşyp, finala ýollanma almak üçin ähli tagallalary etdiler. Olar bu oýunda ýeňiş gazanmak üçin köp güýç çarp etdiler. Munuň özi şu günki oýunda hem duýuldy. Russiýalylar duşuşygyň bütin dowamynda artykmaçlyk gazanyp, oýny 7:1 hasabynda tamamlamagy başardylar. Ýeňiji toparda Artur Gridçiniň (12-nji we 26-njy minutlarda), Igor Melnigiň (14-nji we 64-nji minutlarda), Anton Udalowyň (55-nji we 80-nji minutlarda) her biri bu duşuşykda iki pökgüden geçirdiler. Ýene-de bir pökgini Wladislaw Sarweli (53-nji minutda) öz hasabyna ýazdy.Utulan toparda Artur Zarylyk uuly (32-nji minutda) tapawutlanmagy başardy.

Beýleki ýarymfinal duşuşygynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň toparlary bäsleşdiler. Olar “B” we “A” toparlarda degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler. Ýaryşda Özbegistanyň ýygyndysyna “Pahtakor” futbol klubynyň akademiýasynyň tälimçileri wekilçilik edýärler. Olar ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda şowly çykyş edip, Belarusyň toparyny 2:1 we Täjigistanyň toparyny 7:0 hasabynda utmagy başardylar.

Özbegistanlylar ýer eýeleri bilen bolan duşuşykda, esasan hem, goranyşda oýnap, öňe diňe bir hüjümçini iberdiler. Türkmenistanlylar bolsa giňden oýnap, köplenç, uzak aralykdan urgulary ýerine ýetirdiler. Uly artykmaçlyga garamazdan, biziň futbolçylarymyza oýnuň birinji ýarymynda hasaby açmak başartmady. Toparlar 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Özbegistanyň toparynyň derwezesine hüjümi güýçlendirdiler we oýnuň 53-nji minutynda Mihail Titow hasaby açmagy başardy. Türkmenistanyň ýygyndysy 1:0 hasaby bilen öňe saýlandy. Şondan 3 minut geçenden soň, tomaşaçylar ýaryşda derwezä girizilen iň owadan pökgüleriň biriniň şaýatlary boldular. Parahat Muhammedowyň jerime meýdançasyndan batly depen pökgüsi derwezäniň sütünine degip, onuň içine girdi. Türkmen futbolçylary has-da tijenip, şondan köp wagt geçmänkä ýene-de bir pökgini geçirdiler. Duşuşygyň 66-njy minutynda Hydyrgylyç Orazowyň çep gyradan ýollan pökgüsini M.Titow derwezäniň aşaky sag burçuna gönükdirmegi başardy. Hasap 3:0 ýetdi. Oýnuň 77-nji minutynda bolsa Söhbet Gaýypow Özbegistanyň ýygyndysynyň derwezesine ýene-de bir pökgini geçirmegi başardy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy we bassyr ikinji ýyl baş baýrak ugrunda finalda güýç synanyşar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky final oýny 19-njy sentýabrda geçiriler. Şol duşuşykda ýeňiş gazanan topar ABŞ-niň 20 müň dollaryna, utulan topar bolsa 10 müň dollara mynasyp bolar. Bu oýun 18.00-da “Aşgabat” köp ugurly stadionynda geçiriler. Şol gün 10.00-da “Köpetdag” stadionynda Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň toparlarynyň arasynda üçünji orun ugrundaky duşuşyk geçiriler. Bu oýnuň ýeňijisine ýaryşyň baýrak gaznasyndan 5 müň amerikan dollary gowşurylar.

Şol duşuşyklaryň jemleri boýunça ýaryşda iň köp pökgi geçiren oýunçy hem mälim ediler. Häzirlikçe bu görkeziji babatda Parahat Muhammedow, Mihail Titow (ikisi hem Türkmenistandan), Wladislaw Sarweli (Russiýadan) öňde barýarlar. Olaryň her biri 4 pökgi geçirmegi başardy. Futbolçylaryň ýene-de birnäçesi bosla derwezä 3 pökgiden geçirdi.