Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşynda dürli bäsleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça bäşinji-sekizinji orunlara mynasyp bolan toparlar kesgitlenildi.
Köpugurly “Aşgabat” stadionynda ýedinji we sekizinji orunlar ugrundaky bäsleşikde ýaryşyň toparlaýyn tapgyry boýunça Täjigistanyň we Kuweýtiň toparlary duşuşdylar. Oýnuň soňky on minutynda Kuweýtiň topary az düzümde oýnady, ýöne bu oýnuň netijesine täsir edip bilmedi. Şeýlelikde, ýeňijini kesgitlemek üçin 11 metrlik jerime urgulary bellenildi. Şonda Kuweýtiň toparynyň derwezeçisi iki pökgüni saklap tapawutlanmagy başardy we öz toparynyň 4:2 hasabynda ýeňiş gazanmagyny şertlendirdi. Onuň netijesi boýunça Kuweýtiň topary ýedinji, Täjigistanyň topary bolsa sekizinji orny eýelemegi başardy we ýaryşa gatnaşyjy toparlaryň sekizliginiň jemini jemledi.
Bäşinji we altynjy orunlar ugrundaky bäsleşikde Belarusuň ýygyndysy Eýranyň toparyndan 6:2 hasabynda üstün çykdy we ýaryşyň toparlarynyň bäşligine düşmegi başardy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara bäsleşiginde ýene-de iki oýun geçiriler. Olaryň ikisi-de “Aşgabat” stadionynda 19-njy dekabrda bolar. Ir sagat 10.00-da üçünji ýer ugrunda Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň toparlary duşuşar. 18.00-da bolsa, sport toplumynyň baş meýdançasynda Türkmenistanyň we Russiýanyň toparlarynyň arasynda final oýunlary geçiriler.