Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ýene-de türkmen futbolçylarynda!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ýene-de türkmen futbolçylarynda!

view-icon 857
Şu gün Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary aýgytlaýjy oýunda Russiýanyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna eýe boldular.

Jemleýji duşuşyk 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly “Aşgabat” stadionyna ýygnanan futbol janköýerlerini oýnuň ahyryna çenli dartgynly ýagdaýda saklady.

Komandalaryň ikisiniň hem futbolçylary meýdança çykyp, ýeňiş gazanmaga ymtyldylar. Final duşuşygyna çenli geçilen ýoluň ýeňil bolmandygyna garamazdan, olar özleriniň güýçlerini we mümkinçiliklerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi bolmak ýaly bagta mynasyp bolmak üçin bermäge taýýardylar. Şeýle möhüm oýunda oýunçylar hemişe tolgunma duýgularyny başdan geçirýärler. Hut şu ýagdaý hem biziň goragçylarymyzyň biriniň ýalňyşmagyna getiren bolmagy mümkin. Ol 4-nji minutda myhmanlaryň toparynyň hüjümçisi Iwan Miroşnine ýer eýeleriniň derwezebany bilen ýekeme-ýeke çykmaga we hasaby açmaga mümkinçilik döretdi.



Oýnuň başynda emele gelen şeýle ýagdaý Ahmet Agamyradowyň türgenlerini ruhdan düşürmedi. Olar az bolmadyk howply urgulary urmak arkaly has-da köp hüjüm etdiler. Emma russiýalylaryň derwezebany Mihail Sidorow saklamasy kyn bolan pökgüleri hem yzyna gaýtaryp, derwezede ygtybarly durýardy.

Oýnuň birinji ýarymynda goşulan ikinji minutda türkmenistanlylar burçdan nobatdaky gezek pökgini oýna girizdiler. Berlen pökgi Şiraly Ibragimowa düşdi. Ol bolsa 22 metr töweregi aralykdan derwezäniň çep çüňküne urgy geçirdi. Şol pursat janköýerleriň şatlykly şowhuny al-asmana göterildi. Olar geçirilen jogap pökgini tüýs ýürekden gutladylar. Toparlar 1:1 hasabynda arakesmä çykdylar.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda biziň watandaşlarymyz hüjümlerini dowam etdiler we 75-nji minutda russiýalylaryň goragçysy özleriniň jerime meýdançasynda biziň hüjümçimizi ýykýar. Emin dessine düzgüni bozany iki sany sary duýduryşynyň bolandygy üçin oýundan çykarýar we 11 metrlik jerime urgusyny belleýär. Pökgini urmaga Serdargeldi Kabaýew çemeleşýär. Onuň uran urgusyny derwezeban M.Sidorow yzyna gaýtarýar.

Bu hem biziň oýunçylarymyzy ruhdan düşürmedi. Olar garşydaşyň derwezesine hüjümlerini dowam edýärler. Oýnuň esasy wagtyna goşulan ikinji minutda pökgi eýýäm iki ýola rus toparynyň derwezesiniň kese sütünine degip yzyna gaýdýar. Goşulan dört minudyň üçünji minudy tamamlanyp barýarka bolsa, burçdan berlen pökgini Durdygylyç Meretgylyjow kellesi bilen derwezä gönükdirmegi başaryp, ýeňiş nokadyny goýýar!

Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda onuň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy we altyn medallar bilen birlikde 20 müň amerikan dollary gowşuryldy. Ikinji orna mynasyp bolan Russiýanyň futbolçylaryna kümüş medallar we 10 müň amerikan dollary gowşuryldy. Baýrak gaznasyndan bürünç medallar bilen 5 müň amerikan dollary bolsa, Özbegistanyň toparynyň paýyna düşdi. Olar üçünji orun üçin şu gün geçirilen duşuşykda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 6:0 hasabynda ýeňdiler.



Ýaryşyň iň oňat oýunçysy diýlip Anton Udalow (Russiýa) yglan edildi. Beýleki ugurlarda bolsa oňatlar diýlip: derwezeban Mihail Sidorow (Russiýa), goragçy Dian Talhatow (Özbegistan), ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedow (Türkmenistan), hüjümçi Wadim Ni (Gyrgyzystan) dagy yglan edildiler. Iň köp pökgi geçirmekde Parahat Muhammedow, Mihail Titow (ikisi hem Türkmenistandan), Wladislaw Sarweli (Russiýa), Saijamol Dawlatžonow we Jamşid Ýusupow (ikisi hem Özbegistandan) 4 pökgini tora salmak bilen tapawutlandylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky 19-njy halkara ýaryş taryhyň gymmatlygyna öwrüldi. Ol Russiýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Belarusdan, Eýrandan, Kuweýtden, Täjigistandan we ýurdumyzyň Prezidentiniň Kubogyna yzly-yzyna ikinji gezek mynasyp bolýan Türkmenistandan ýetginjek toparlarynyň sekizisiniň gatnaşmagynda geçirildi.