Ï “Balkan” Malaýziýanyň toparyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Balkan” Malaýziýanyň toparyny ýeňdi

view-icon 880
>“Balkanyň” futbolçylary Malaýziýada FK UTeM ýerli topar bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 9:0 hasabynda uly ýeňiş gazandylar.

Melaka şäherinde geçirilen oýundaky hasaby 16-njy minutda M. Hemraýew açdy. 36-njy minutda Ý. Tkaçenko hasaby artdyrdy. Ýene bir minut geçenden soň G.Çonkaýew bäsdeşiň derwezesine üçünji pökgini saldy. Oýnuň 39-njy minudynda W.Baýramow nobatdaky pökgini derwezä saldy we toparlar arakesmä “Balkanyň” peýdasyna 4:0 hasabynda çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi R.Gurbanmämmedowyň şägirtleri Malaýziýanyň toparynyň derwezesine jogapsyz pökgüleriň ýene-de bäşisini saldylar. Olary Ý.Ekezow (51-nji minutda), Ý.Tkaçenko (58-nji minutda), G.Çonkaýew (62-nji minutda), R.Şermetow (64-nji minutda) we A.Ylýasow (88-nji minutda) öz hasaplaryna ýazdylar.

Türkmenistanyň Kudogynyň eýesi we çempiony üçin bu duşuşyk 23-nji sentýabrda Melakada (Malaýziýa) başlanýan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidentiniň Kubogynyň final ýaryşynyň öňýanyndaky synag oýny boldy. Ähmiýeti boýunça üçünji bolan yklymyň klub baýragy ugrunda iki topara bölünen komandalaryň 6-sy bäsleşer.

Atylan bijä laýyklykda, “Balkan” AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi “Erchim” mongol topary hem-de 2005-nji ýylda geçirilen şu ýaryşyň ýarym finalçysy “Three Star Club” nepal komandasy bilen “A” toparyna düşdi. “B” toparynda “KRL Football Club” (Pakistan), “Al Quds Hilal” (Palestina) we “Dordoi” (Gyrgyz Respublikasy) çykyş ederler. “A” we “B” toparlarynyň ýeňijileri 29-njy sentýabrda Kubogyň eýesini kesgitlärler.

AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlar 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu baýrak ugrunda soňky ýaryşlaryň üçüsine gatnaşan “Balkan” ikinji gezek bu ýaryşyň final tapgyrynda çykyş eder. 2011-nji ýylda “Türkmennebit” DK-nyň topary ilkinji gezek AFK-nyň prezidentiniň Kubogyna gatnaşan iň gowy toparlaryň altysynyň hataryna girmegi başaryp, finala ýetip bilmedi. Ynha, indi Türkmenistanyň çempiony yklymyň baýragyny almak ugrunda nobatdaky gezek synanyşar.