>“Aşgabat” köpugurly stadionyň tennis meýdançalarynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen tennis boýunça “Ashgabat Сup” 3-nji halkara ýaryşy şu gün biziň watandaşlarymyz üçin üstünlikli tamamlandy. Onuň baýraklary ugrunda Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Indoneziýadan we Türkmenistandan 18 ýaşdan uly bolmadyk tennisçileriň 100-e golaýy bäsleşdiler. Ýaryşlaryň 4 görnüşinde hem Türkmenistanyň wekilleriniň hormat münberine çykmagy örän guwançly ýagdaý boldy.
Erkekleriň ýekelikde bäsleşen jemleýji oýunlary türkmen tennisçilerine üstünlik getirdi. Şu ýaryşyň baş baýragy ugrunda aýgytlaýjy bäsleşikde yzygider ikinji ýyl ýurdumyzyň birinji tennisçisi A. Ernepesow we Fransiýanyň tennis akademiýasynda tälim alýan, bäşinji orunda barýan I. Mämmetkulyýew duşuşdylar. Bir ýyl mundan öň üstünlik A.Ernepesowa hemra boldy. Bu gezek bolsa I.Mämmetkulyýew üç tapgyrda çekeleşikli bäsleşikde şowly çykyş etdi. Hasap 7:5, 4:6, 6:3 boldy we ol ilkinji gezek “Ashgabat Сup” halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu üstünlige alyp barýan ýolda I.Mämmetkulyýew şeýle hem yzygiderlilikde B.Husinden (Indoneziýa) –6:2, 6:1, G. Poçaýdan (Türkmenistan) 6:2, 5:7, 6:4, R.Ahmadaliýewden (Özbegistan)-6:7 (5), 7:6 (4), 6:1 hem-de ikinji orunda barýan D.Klokdan (Ukraina)-6:3, 6:3 hasaby bilen üstün çykdy.
Erkekleriň jübütleýin ýaryşynda A.Ernepesow-G.Poçaý öňdeligi eýelediler. Birinji oýunda biziň tenisçilerimiz halkara oýunçylar B.Gnilozubowy (Gazagystan)-T.Igamberdiýewi (Russiýa)-6:0, 6:3 hasaby bilen ýeňdiler. Soňra bolsa jübütler D.Klok--A.Litwinowdan (Ukraina) 6:3,6:3 hem-de M.Ýesipow-R.Ahmadaliýeden (Özbegistan)-6:4, 3:6 we 10:7 hasabynda üstün çykdylar. Jemleýji duşuşykda A.Ernepesow we G.Poçaý halkara oýunçylar S.Agabiguny (Türkiýe)-K.Akžarkenowy (Gazagystan)-6:3, 6:1 hasaby bilen ýeňdiler we netijede hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.
Zenanlaryň jübütleýin duşuşygynda şeýle üstünligi Ispaniýanyň tennis akademiýasynda tälim alýan J.Baýramowa (Türkmenistan) gazanmagy başardy. Ol B.Jengiz (Türkiýe) bilen bilelikde L.Hançarowany—W.Mişinany (Belarus)—6:3, 7:6 (3), E.Akýurty-D.Günaýy (Türkiýe)—6:3, 6:4 hasaby bilen ýeňdiler, jemleýji duşuşykda bolsa russiýaly tennisçiler A.Gasanowadan we M.Ifijenden-6:2, 6:2 hasabynda üstün çykdylar.
J.Baýramowanyň jübütleýin duşuşykda gazanan ýeňşine ýekelikde oýnalýan ýaryşlarda gazanan kümüş medalyny goşandygyny bellemek gerek. Birinji duşuşykda biziň tennisçi gyzymyz Ş.Hatamowany (Özbegistan)-6:4, 7:6 (5), soňra A.Karimowany (Russiýa)-6:3, 6:2 we L.Hançarowany (Belarus)-4:6, 6:3, 6:0 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Jemleýji duşuşykda J.Baýramowa A.Gasanowadan (Russiýa)-3:6, 4:6 hasabynda ýeňildi we netijede hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
23-nji sentýabrda “Aşgabat” stdadionynyň tennis meýdançalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna däbe öwrülen ýaryşlaryň ýene-de biri, 5-nji toparyň ITF halkara ýetginjekler ýaryşynyň esasy torunda bäsleşikler başlanar. Ol hasap boýunça 12-nji ýaryşdyr.