Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň wagt tapyp sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy adaty endige öwrüldi. Ine bu günem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, ir säherde agtygy bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýakynda gurlup ulanmaga berlen Sport-ulag merkezine geldi.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Sport-ulag merkeziniň açylmagy we şol gün biziň ýurdumyzda awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň guralmagy sportuň dürli ugurlary bilen bir hatarda awtomobil sportunyň hem sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen türgenleriniň tälim almak we ussatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin mynasyp şertleri üpjün edýän paýtagtymyzyň sport düzüminiň täze desgasynyň açylmagynyň ähmiýeti bu merkeziň açylyşy mynasybetli guralan dabara döwlet Baştutanymyzyň “Alfa Romeo” sport ulagynda ýaryşa gatnaşmagy bilen tassyklanyldy.
Bu sport baýramçylygynyň hormatly myhmanlary bolan ähli türkmenistanlylarda, şeýle hem köp sanyl myhmanlarda ussat türgen bilen des-deň ýaryşan milli Liderimiziň ajaýyp ýeňşiniň pursatlary uly täsir galdyrdy. Şeýle hem şol gün awtomobil ulaglarynyň “Volkicar” görnüşinde we kartinglerde geçirilen ýaryşlar hem ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Ýurdumyzyň täze sport-ulag merkezinde geçirilen ilkinji ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklaryň we kuboklaryň gowşurylmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.
Bu merkeziň terjimehalynyň şunuň ýaly başlanmagy onuň ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagyna ýardam etdi. Olar awtoulag sportunyň tejribeli ussatlary ýaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa awtomobil sportunyň ösdürilmegi, sport ulaglarynyň üstüniň yzygiderli ýetirilmegi ugrundaky aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Şu gün döwlet Baştutanymyz agtygy bilen Sport-ulag merkeziniň çägine aýlanyp bu ýerde bar bolan kämil tehnikalar, hususan-da, sport awtomobilleriniň görnüşleri bilen tanyşdylar. Milli Liderimiz bu ýerde goýulan ulaglaryň aýratynlyklary, olara erk etmegiň ugurlary hem-de usullary barada agtygyna giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz merkezdäki “Volkicar”, “Renault”, “Mitsubishi Lancer” görnüşli sport ulaglarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen agtygyny tanyşdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen “Volkicar”, sport ulagynyň ýanyna bardylar. Milli Liderimiz bu ýerde agtygyna ulaga münüp ony herekete girizmänkä ýerine ýetirmeli işler barada aýtdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ulagy ilki bilen arassalamalydygyny, oňa tehnika gözegçiligi ýerine ýetirmelidigini, tigirleriniň we beýleki gurallarynyň abatlygyny gözden geçirmelidigini gürrüň berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ynsan ulag sürende hereket howpsuzlygyna ynamynyň bolmagy üçin awtoulagyň onuň her bir hereketine täsir edýändigini duýmagynyň zerurdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, şu günler sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrülen diýarymyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän bir aýlyk üstünlikli dowam edýär. Onuň çäklerinde biziň jemgyýetimizde ýollardaky düzgün-tertibiň berjaý edilmegini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň onuň howpsuz bolmagy üçin şahsy jogapkärçilik çekýändigine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ýaýbaňlandyryldy. Bu umumymilli çäre Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanda adam hakynda aladanyň, onuň goragly bolmagy tutuş döwlet syýasatynyň esasyny düzýänliginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bir aýlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen dürli sport ýaryşlary we welosipedli ýörişler guralýar, munuň özi köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we ekologiýa hereketini has-da ösdürmäge gönükdirilendir.
…Döwlet Baştutanymyz “Volkicar” sport ulagyna münüp, merkeziň sport ýaryşlary üçin niýetlenen ýolunda birnäçe aýlaw etdi. Sagdyn we sport durmuş ýörelgesine gyşarnyksyz eýerýän hormatly Prezidentimiziň göreldesi watandaşlarymyzyň müňlerçesini, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirýändigi gürrüňsizdir. Milli Liderimiziň sport ulaglaryny dolandyrmakda görkezän ussatlygyna haýran galýan oglanlar hem ýaryş awtoulagyny edil şonuň ýaly dolandyrmagy arzuw edýärler.
Häzir türkmen awtoulag sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Şunda hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary ägirt uludyr. Soňky ýyllarda ýokary tizlikli awtoulaglaryň täze görnüşleriniň gelip gowuşmagy bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artmagyny awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň we tälimçileriň ussatlygyny ýokarlandyrmagy üçin zerur şertler üpjün edilýär. Munuň özi biziň ýurdumyzyň awtomobil sporty boýunça halkara derejesinde guralýan ýaryşlaryň merkezine öwrülmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.
...Hormatly Prezidentimiz özbaşdak awtoulaga münen agtygy bilen merkeziň ýaryş menzilinde birnäçe aýlawy amala aşyrdylar. Oglan sport ulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, ýaryş ýodasynda birnäçe öwrümleri takyk ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz türgenleşik aýlawyndan soň, öz agtygynyň gatnaşmagynda ussat türgenleriň ýaryşyny synlady. Her bir hünärden ussatlyk bilen baş alyp çykaryp bilýän, esasan-da sportuň dürli görnüşlerine uly höwesi bolan hem-de sport ulagyna ynamly erk edýän agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançly wakadyr. Milli Liderimiziň agtygynyň sport awtomobilini ýokary tizlikde okgunlulyk bilen hereket etdirmegi we päsgelçilikli öwrümlerde ussatlyk bilen geçmegi we ulaglaryň matorlarynyň sesleriniň töweregi gaplap almagy örän täsirli wakalardyr.
Hormatly Prezidentimiziň agtygynyň sport ulagynda ýokary tizlikde edýän öwrümlerini synlap, onuň erjelligine, her bir işe edýän yhlasyna guwandy. Döwlet Baştutanymyzyň agtygynyň türgen bilen bilelikde ýaryş menzilini ýokary tizlikde geçmegi, olaryň öwrüm mahalynda hem ulagyň tizligini peseltmän aýlanyp gitmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz halkyň we ozaly bilen ösüp gelýän nesliň saglygyny goramagy möhüm döwlet wezipesi hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe – sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikli sportuny ösdürmäge uzakmöhletleýin umumymilli maksatnamanyň guramaçylykly we maksada gönükdirilen häsiýetini çaýdy. Bu ugurda eýýäm anyk ädimler ädildi, şol sanda düzümi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda sportuň täze, şeýle hem däbe öwrülen görnüşlerini, şol sand welosiped we awtoulag sportlaryny ösdürmek, ilat köpçüligini şol sportlar bilen meşgullanmaga çekmek babatda uly işler edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag –sport merkezine aýlanandan soň, şu günki çärä gatnaşyjylara uly sport üstünliklerini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.