Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli Halkara ýaryşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli Halkara ýaryşy

view-icon 760
Şu gün “Aşagabat” köpugurly stadionynyň tennis meýdançasynda badalga alan halkara ýaryşy Indoneziýadan, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan,Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan bolan ýaş tennisçileri ýygnady.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllyk senesi mynasybetli ýaryş ýurdumyzda tennisi has-da ösdürmek we wagyz etmek, ýygyndy topara zehinli türgenleri saýlamak, türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen Sport baradaky döwlet komiteti we Milli tennis merkezi tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli ITF-iň bäşinji derejeli halkara ýaşlar ýaryşy ýyl-ýyldan barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Onuň 11 ýyllyk taryhynyň dowamynda paýtagtymyzyň meýdançalarynda Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Awstraliýanyň dürli ýurtlarynyň wekilleri baýrak ugrunda bäsleşdiler. Şu ýyl biziň ýaryşymyzyň baýragy ugrunda bäsleşmäge ilkinji gezek Indoneziýanyň wekilleri hem geldiler.

Ýaryşyň ilkinji gününiň netijeleri boýunça türkmen tennisçileriniň arasynda ýaryşyň esasy torunda bäsleşigiň ikinji tapgyryna: erkekleriň arasynda ýekelikdäki görnüşde R.Ahmadalyýewden (Özbegistan) –6:3, 6:3 hasabynda üç torda üstün çykan G.Poçaý we B.Husinadan (Indoneziýa) 6:4, 6:4 hasabynda ýeňiş gazanan I.Barzasekow, zenanlaryň arasynda bolsa G.Muhammetgulyýewa hem-de Ý.Proskurýakowa geçdiler. Zenanlaryň birinjisi D.Döwletowadan (Türkmenistan) -6:1, 6:1, ikinjisi bolsa D.Begişewadan (Türkmenistan) - 3:6, 6:1, 6:2 hasabynda üstün çykdylar.

Jübütleýin ýaryşda ikinji tapgyra biziň jübütlerimiziň ikisi: A.Ernepesow-G.Poçaý hem-de K.Gurbanberdiýew-I.Mämmetgulyýew çykdylar. Ilkinji jübüt B.Gafurow-Ş.Rajapow (Özbegistan) jübütinden – 6:2, 6:0, ikinji jübüt bolsa D.Mişenko – P.Petrow (Gazagystan) jübütinden - 6:4, 7:5 hasabynda üstün çykld.

Ertir ýaryşlar dowam eder. Biziň tennisçilerimiziň arasynda özüniň ilkinji duşuşygyny ýekeleýin görnüşde Türkmenistanyň birinji raketkasy A.Ernepesow geçirer. Ol S.Poýeji (Indoneziýa) bilen bäsleşer.

Tennis boýunça halkara ýaryşy 28-nji sentýabrda tamamlanar.