Ï “Balkanyň” AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky jemleýji ýaryşynda ýeňişli badalgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Balkanyň” AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky jemleýji ýaryşynda ýeňişli badalgasy

view-icon 971
“Balkanyň” futbolçylary Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidentiniň Kubogy ugrunda Malaýziýada şu gün badalga alan final ýaryşyny Nepalyň “Three Star” toparyny uly hasap—6:0 bilen ýeňmekden başladylar.

Ozal habar berlişi ýaly, ähmiýeti boýunça komandalaryň arasynda üçünji yklymlaýyn baýraga eýe bolmak ugrunda Melaka şäherinde bitarap meýdançada iki topara bölünen 6 komanda bäsleşýär. “Balkan” “Erchim” (Mongoliýa) we “Three Star” (Nepal) komandalary bilen “A” toparda çykyş edýär. “B” toparyny “KRL Football Club” (Pakistan), “Al Quds Hilal” (Palestina) we “Dordoi” (Gyrgyz Respublikasy) komandalary düzdüler. Finala toparlaryň ýeňijileri çykyp, 29-njy sentýabrda aýgytlaýjy özara duşuşykda Kubogyň eýesini kesgitlärler.

” AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrunda 2005-nji ýylda geçirilen ýaryşyň ýarym finalçysy Nepalyň “Three Star” komandasynyň garşysyna ilkinji duşuşygy türkmen futbolçylarynyň uly artykmaçlygynda 32 dereje yssy howada geçdi. Olar 22-nji minutda Ýewgeniý Tkaçenkonyň dürs ugrusyndan soň, hasapda öňe çykdylar. Iki minutdan soň “Balkanyň” kapitany we iň köp pökgi geçiren Mämmedaly Garadanow hasaby ikä ýetirdi.

Arakesmeden soň Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi we çempiony has-da ökdelik bilen oýnady we 59-njy minutda hüjüme goşulan goragçy Mekan Saparow biziň komandamyzyň artykmaçlygyny üç pökgä çenli artdyrdy. 63-nji minutda duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna giren Rahmet Şermetow hasaby 4:0 ýetirdi. 78-nji minutda Amir Gurbani on bir metrlik jerime urgusyndan bäşinji pökgini derwezä geçirýär. 87-nji minutda bolsa oýna giren Gahrymanberdi Çonkaýew ahyrky hasaby goýýar – 6:0 “Balkanyň” peýdasyna.

Ilkinji oýun gününiň beýleki duşuşygynda AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşa sekiz gezek gatnaşan we bu ýaryşyň 2006-njy hem-de 2007-nji ýyllardaky iki gezek ýeňijisi Gyrgyzystanyň “Dordoý” komandasy Pakistanyň “KRL Football Club” komandasyndan 0:1 hasabynda ýeňildi.

Oýunlaryň ikinji tapgyry 25-nji sentýabrda geçiriler. Şol gün “Al Quds Hilal”- “Dordoi” we “Erchim”-“Three Star” duşuşarlar. Topardaky oýunlar 27-nji sentýabrda “KRL Football Club”-“Al Quds Hilal” we “Balkan”-- “Erchim” komandalarynyň oýunlary bilen tamamlanar.