Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkeziň toparyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň esasy meselesi şu ýylyň dekabrynda geçiriljek ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boldy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzallary, Merkezi saýlaw toparynyň diwanynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen işçi toparlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.
Mejlisde saýlaw ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde milli kanunçylygyň häzirki ýagdaýy barada düýpli gürrüň edildi we parlamentarileriň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Hut şonda Saýlaw kodeksini işläp düzmek we herekete girizmek baradaky mesele gozgaldy. Şol duşuşykda gün tertibine girizilen köp sanly meseleleriň hatarynda milli Liderimiz geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna hem ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol saýlawlar aç-açanlyk we aýanlyk ýörelgeleriniň pugta berjaý edilmegi bilen ýokary guramaçylyk we syýasy derejede geçirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu saýlawlaryň häsiýetiniň biziň ýurdumyzyň täze eýýama gadam basandygy bilen kesgitlenýändiginiň belledi. Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmak üçin syýasy partiýalaryň ikisiniň wekilleri bäsleşikli göreş alyp bararlar. Munuň özi saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüme kuwwatly itergi berer hem-de saýlawçylara ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edaralaryna iň mynasyp wekilleri hödürlemäge mümkinçilik berer.
Mejlisi açyp Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkeziň toparyň başlygy bu ulgamdaky hemme kanunçylyk namalaryny bir ýere jemlän, Saýlaw kodeksiniň kabul edilmeginiň ähmiýetini nygtady. Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň aýratyn jogapkärçiligini bellenildi. Olaryň takyk we guramaçylyk işine bu jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň üstünlikli geçirilmegi köp babatda bagly bolup durýar. Bellenilişi ýaly, ýurduň Mejlisine 125 adam saýlanar. Olar diňe iň mynasyp, zähmetsöýer hem-de aýratyn hormatdan peýdalanýan, öz işine wepaly halkyň wekilleri bolmalydyrlar. Çünki Mejlisiň täze çagyrylyşynyň öňünde örän köp kanun çykaryjylyk işini amala aşyrmak boýunça uly wezipeler durýar. Şol wezipeler milli Liderimiziň ýurdumyzyň geljekki ýyllar üçin güýçli depginli ösüşi boýunça iri möçberli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň hukuk binýadynyň pugtalandyrmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Konstusiýasynyň 60-njy maddasyna laýyklykda Merkezi saýlaw toparynyň Karary bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 sany saýlaw okruglary döredildi, hususan-da, Aşgabat şäherinde – 15, Ahal welaýatynda -15, Balkan welaýatynda -10, Daşoguz welaýatynda -27, Lebap welaýatynda – 28, Mary welaýatynda -30 saýlaw okruglary döredildi. Saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri merkezi hem-de ýerli gazetlerde çap ediler
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek babaradaky Merkezi toparyň Karary bilen 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 2013-nji ýylyň 5-nji okatýabryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi. 2013-nji ýylyň 16-njy oktýabryndan 14-nji noýabry aralagynda milli parlamente dalaşgärleri hödürlemek işi geçiriler. Olar 26-njy oktabrdan 20-nji noýabra çenli aralykda bellegi alnar.
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlanmak maksady bilen Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde ýokarda agzalan saýlawlara taýýarlanmak we ony geçirmek boýunça çäreleriň seneleýin meýilnamasy, okrug saýlaw toparlarynyň möhürleriniň nusgalary, okrug we uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmalar, saýlaw resminamalarynyň ýygyndysy – kitapçalaryň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, dalaşgärleriň, milli we halkara synçylaryň, habar beriş serideleriň wekilleriniň şahadatnamalarynyň, mejlisleriň protokollarynyň, beýleki iş resminmalarynyň nusgalary tassyklanyldy. Mundan başga-da resminama dolanyşygynyň ýeke-täk ulgamy girizildi, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň we synçylaryň wekilleri üçin ýatlamalar, birnäçe resminamalar tassyklanyldy.
Mundan başga-da Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we birleşikleriniň, saýlaw toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri we milli synçylar üçin okuw maslahatlaryny geçirmek barada çözgüt kabul edildi.
Saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň barşyna diňe bir ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň milli synçylarynyň däl, eýsem-de köp sanly daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan, ilkinji nobatda Ýewropa Bileleşiginden, GDA-dan we ÝHHG-den çagyrylan halkara bilermenleriň we synçylaryň gözegçilik etjekdiklerine ünsi çekdiler.
Şunuň bilen baglylykda Merkezi saýlaw toparynyň agzalary deputatlyga dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň düzgünlerini açyk beýan etmeklerine, saýlawçylara bolsa olar bilen tanyşmaga, olary ara alyp maslahatlaşmaga we oýlanyşykly saýlamaga mümkinçilik berýän saýlawlary erkin ýagdaýda, bäsleşik esasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin özlerine bagly hemme işleri etjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmenistan Saýlawlary wesala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisiniň barşynda oňa gatnaşyjylar bu möhüm syýasy – jemgyýetçilik möwsüminiň geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe beýleki guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlige bellige alnanlaryň her biriniň maksatnamalarynyň, suratlarynyň we terjimehallarynyň neşir edilmegi boýunça taýýarlyk işleri bellenildi. Bellenip geçirilişi ýaly, eýýam ýakyn wagtda saýlaw uçastoklarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylar – olaryň hemmesi has kämil we ygtybarly aragatnaşyk, täze guramaçylyk tehnikalary we beýlekiler bilen üpjün ediler.
Şeýlelikde, şu gün uly guramaçylyk işine badalga berildi. Ol her gün tassyklanan senenamalaýyn meýilnama takyk laýyklykda alnyp barylar.