Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp, köpugurly “Aşgabat” stadionynda dowam edýän tennis boýunça halkara ýetginjekler ýaryşynyň ikinji gününiň bäsleşikleri boldy.
Biziň toparymyzda birinji belgide oýnaýan ussat tennisçi A.Ärnepesow ilki bilen indoneziýaly tennisçi S.Poýejiniň garşysyna oýnady. Bu bäsleşikde türkmen türgeniniň artykmaçlygy has-da ýokary bolup, ol iki toruň dowamynda 6:1, 6:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýlelikde, A.Ärnepesow ýaryşyň çärýek finalyna çykmak üçin gazagystanly P.Petrow bilen duşuşar. Gazak tennisçisi ýaryşyň birinji aýlawynda türkmenistanly H.Çaryýewden 6:2, 6:0 hasabynda üstün çykdy.
Şeýle hem ýakynda geçirilen “Ashgabat Cup” halkara ýaryşynyň ýeňijisi, türkmenistanly türgen I.Mämetgulyýew özbegistanly tennisçi B.Gafurowy 6:1, 6:0 hasabynda utmagy başardy. Ol indiki bäsleşikde gazagystanly türgen B.Mamyr bilen duşuşar. Ozal habar berlişi ýaly, türkmenistanly tennisçileriň ikisi G.Poçaý we I.Barzasekow hem ýaryşyň 1/8 bäsleşiklerine gatnaşmaga hukuk gazandy. Şonda G.Poçaý türkiýeli S.Agabigun, I.Barsasekow bolsa özbegistanly M.Ýesipow bilen güýç synanyşar.
Aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde biziň tennisçilerimiz D.Baýramowa we A.Guseýnowa şu günki ýaryşlaryny ýeňiş bilen tamamladylar. Şonda D.Baýramowa türkmen tennisçisi M.Garaýewadan 6:0, 6:0 hasabynda, A.Guseýnowa bolsa türkmenistanly E.Tamaýewadan 6:2, 7:6 hasabynda üstün çykdylar. Şeýlelikde, çärýek final oýunlaryna çykmak üçin D.Baýramowa özbegistanly S.Smirnowa bilen, A.Guseýnowa bolsa türkiýeli D.Günaý bilen bäsleşer.
Ýaryşyň ýeňijileri 28-nji sentýabrda belli bolar.