Daşoguz welaýatynda uzynlygy 35 kilometr bolan Daşoguz syýahatçylyk ugry boýunça Izmykşir galasyna tigirli ýöriş geçirildi. Bu çäräni welaýat sport komiteti “Daşoguzsyýahat” Döwlet syýahatçylyk kärhanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde gurady.
Tigitli ýörişe ýurduň demirgazyk sebtiniň şäherleriniň we etraplarynyň sport mekdepleriniň işgärleriniň elliden gowragy: tälimçiler we türgenler, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýanlar, dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdylar.
Badalga “Uzboý” myhmanhanasyndan berildi. Çärä gatnaşyjylaryň ählisi bu köp kilometrlik ýoluň ugrunda özlerini fiziki taýdan gowy duýdular hem-de bu özüne çekiji ajaýyp gezelençden örän uly ruhubelentlik aldylar. Tigir sürüjiler Görogly etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Izmykşir galasy boýunça syýahat etdiler.
Tapawutlanan tigir sürüjilere “Daşoguzsyýahat” Döwlet syýahatçylyk kärhanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň adyndan ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy. Şular ýaly tigirli ýňrişi yzygiderli geçirmek bellenildi.