Ï Watanymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmak her bir adamyň borjudyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmak her bir adamyň borjudyr

view-icon 967
Ýetip gelýän aýda köpsanly binagärlik açylyşlary bolar. Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ak mermere örtülen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli maksatly desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda baýramçylyň öňýanyndaky açylyşlara badalga berler. Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça deňiz ýakasynda gurlan ýokary derejeli köpugurly “Berkarar” dynç alyş merkezi binagärlik açylyşlarynyň ilkinjileriniň biri bolar.

Öňde boljak binagärlik açylyşlaryň ählisi öz maksady we möçberi boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de ýurdumyzyň ägirt uly durmuş-ykdysady we syýahatçylyk kuwwatyny hem-de anyk ýagdaýda deňiz ýakasynyň mümkinçiliklerini toplumlaýyn durmuşa geçirmegi maksat edinen taslamany durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ädimdir, munuň özi birnäçe şertler bilen esaslanandyr. Ilkinji nobatda, munuň özi baý, köpdürlüligi boýunça özboluşly tebigy serişdelerdir hem-de elbetde, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenar ýakasynda dünýä derejesindäki dynç alyş zolagyny döretmek üçin geografiki taýdan amatly ýerleşmekdir we howa şertleridir.

Daşky we içki bezegi kaşaň “Berkarar” dynç alyş merkezi onuň töweregindäki gülhanalar we gök zolaklar, bezeg agaçlary, owadan dynç alynýan ýerler bilen abadanlaşdyrylmagy bilen utgaşýar. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Açyk sport meýdançalary dynç alýanlaryň hyzmatynda bolar.

Häzir kaşaň “Berkarar” dynç alyş merkezinde iň soňky taýýarlyk işler alnyp barylýar we merkeziň çäklerini abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga öwürmek baradaky işlere Mejlisiň deputatlary hem hyjuw bilen goşuldylar. Milli parlamentariler milli syýahatçylyk zolagyny ajaýyp tokaýçylyga öwürmek işine öz goşantlaryny goşup, agaç nahallaryny oturtdylar, şol ýerde eýýäm agaçlaryň müňlerçesi ösüp ýetişýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän gerimi boýunça ägirt uly bolan bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine garşy dünýä derejesinde göreş alyp barmak işine hem önjeýli goşantdyr. Her bir şäheriň, her bir ilatly ýeriň töwereginde tokaý zolaklary peýda bolup, has oňaýly howa ýagdaýyny döredýär, ýurdumyzyň şäherlerini we jülgelerini tomsuna çölüň gyzgyn yssysyndan, gyşyna bolsa aýazly ýellerden goraýar. El bilen döredilen ýaşyl zolaklar hem haýwanlaryň köp görnüşleri üçin mekan bolup, bioköpdürlülige amatly täsir edýär, olar täze mesgen tutýan ýerlerine uýgunlaşýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge hakykatda bütin türkmen halky gatnaşýar. “Ýaşyl ösüşiň strategiýasy” döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere daýanýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň usullarynyň biri hökmünde düýbi tutuldy. Ösüşiň ekologiýa taýdan “Ýaşyl” maksatnamasy ahyr netijede ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Ol daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagy, ýurdumyzyň göni we ýokary manyda gülläp ösmegini maksat edinýär.