Şu gün Malaýziýadan türkmen futbolçylarynyň uly ýeňiş gazanandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy.
Mälim bolşy ýaly, Aziýa futbol konfederasiýasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda Malaýziýada geçirilen bäsleşikler tamamlandy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Balkan” topary şeýle abraýyl ýaryşa gatnaşmaşa hukuk gazandy.
Bäsleşikleriň hemmesiniň örän çekeleşikli we gyzykly geçendigini bellemeli. “Balkan” toparynyň futbolçylary bu bäsleşige örän taýýarlykly gelendiklerini turuwbaşdan subut etdiler. Türkmen futbolçylary ýaryşyň jemleýji final oýnunda Pakistanyň futbol topary bilen duşuşdylar.
Örän çekeleşikli geçen aýgytlaýjy oýnuň 87-nji minutynda ildeşlerimiziň hasaby açmagy netijesinde “Balkan” topary ýeňiji boldy. Şeýlelikde, türkmen topary futbol boýunça Aziýa konfederasiýasynyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp boldy. Bu abraýly baýragyň gowşurylyş dabarasynda gazanylan ýeşi4 şaynanya Türkmenistanyň döwlet baýdagy al-asmanda pasyrdady.