Ï Türkmenistanly ussat türgeniň halkara tennis ýaryşyndaky ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly ussat türgeniň halkara tennis ýaryşyndaky ýeňşi

view-icon 698
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, türkmen paýtagtynda geçirilen tennis boýunça 12-nji halkara ýaryşy Türkmenistanyň ussat tennisçisi, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyby A.Ärnepesowyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu ýeňşi gazanmagyň ýolunda biziň toparymyzda birinji belgide çykyş edýän 18 ýaşly tennisçi bäş gezek üstünlik gazandy. Ilkibaşda A.Ärnepesow S.Poýejini (Indoneziýa) 6:1, 6:2 hasabynda, soňra bolsa yzly-yzyna P.Petrowy (Gazagystan) 6:3, 6:4 we G.Poçaýy (Türkmenistan) 6:2, 4:6, 6:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýarym finalda biziň ildeşimiz birinji torda sekizinji belgide çykyş edýän A.Hergunwarimi (Türkiýe) birinji torda 6:2 hasabynda utdy. Ikinji torda bolsa hasap türkmen türgeniniň peýdasyna 2:0-a ýetende, türkiýeli tennisçi şikes aldy. Şeýlelikde, oýun A.Ärnepesowyň peýdasyna tamamlandy. Aýgytlaýjy duşuşyk biziň ildeşimiz ikinji belgide çykyş edýän D.Klogy (Ukraina) 6:1, 5:7, 6:3 hasabynda utup, ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Ýakynda “Aşhgabat Cup” ady bilen geçirilen 3-nji halkara ýetginjekler ýaryşynda hem A.Ärnepesow ikinji orny eýeläpdi. Indi bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanylyp geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) 5-nji derejeli ýaryşyň ýekelikde çykyş edilýän görnüşinde ol ilkinji gezek ýeňiş gazandy.

Aýal-gyzlaryň arasynda ýekelikde çykyş etmek görnüşi boýunça russiýaly türgen S.Esterman finalda L.Gançarowany (Belarus) 6:1, 6:1 hasabynda utup, birinji orny eýeledi. Türkmen tennisçisi D.Baýramowa bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dörtden bir finalda S.Estermandan 6:4, 6:2 hasabynda utulyp, biziň ildeşlerimiziň arasynda iň oňat netijäni görkezdi.

Aýal-gyzlaryň arasynda jübütleýin görnüşde geçirien bäsleşiklerde D.Baýramowa – M.Ifijen (Russiýa) finalda S.Esterman –A.Gasanowa jübütinden 0:6, 3:6 hasabynda utulyp, kümüş baýraga eýe bolmagy başardy. Bäsleşikleriň bu görnüşi boýunça erkekleriň arasynda A.Hergunwarim—M.Zinçirli (Türkiýe) jübüti finalda R.Ahmadaliýew—M.Ýesipow (Özbegistan) jübütini 6:2, 3:6 we 11:9 hasabynda utup, birinji orna mynasyp boldy. Türkmen tennisçileriniň arasynda jübütlikde çykyş edenlerden A.Ärnepesow—G.Poçaý ýarym finala ýetdiler we şonda çekeleşikli bäsleşikde A.Hergunwarim—M.Zinçirli jübütinden 6:4, 3:6 we 3:10 hasabynda utuldy.

Däp boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän tennis boýunça halkara bäsleşigi Indoneziýadan, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan 18 ýaşa çenli tennisçileriň gatnaşmagynda köpugurly “Aşgabat” stadionynda guraldy.