Palembang şäherinde (Indoneziýa) geçirilýän 3-nji Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýaryşlarynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň toparynyň gazanynlarynyň üsti ýene-de iki medal bilen ýetirildi.
Biziň ýurdumyz üçin bürünç gymmatly baýragy uşu sanda – ikiçäk tutluşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň biriniň wekili Şöhrat Orazgeldiýew (52 kilograma çenli agramda) we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby Goçmyrat Jumanyýazow (65 kilograma çenli) gazandylar.
Baş edarasy Er-Riýad (Saud Arabystany) şäherinde ýerleşýän Yslam raýdaşlyk oýunlary Yslam raýdaşlygynyň Sport federasiýasynyň şygary astynda dört ýylda bir gezek geçirilýär. Häzirki wagtda bu sport guramasynyň düzümine Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan we Günorta Amerikadan döwletleriň 60-dan gowrak milli assosiasiýalary girýär.
Indoneziýada geçirilen 3-nji Yslam raýdaşlyk oýunlaryna sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşen 40-dan gowrak ýurtlaryň türgenleri gatnaşdylar.Türkmenistan sportuň woleýbol, agyr atletika we uşu görnüşleri boýunça wekilçilik etdi. Olaryň ikisinde biziň ildeşlerimiziň umumylykda 4 medaly gazanmaklary guwançlydyr. Ilkinji iki bürünç baýragy ozal agyr atletikaçylaryň bäsleşiginde Jasurbek Jumaýew (94 kilograma çenli agramda) we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Hojamuhammet Toýçyýew (105 kilogramdan ýokary) gazandylar.
Şeýlelikde, Indoneziýadaky Yslam raýdaşlyk oýunlary türkmen türgenleriniň hormat münberine çykan toplumlaýyn iri ýaryşlarynyň şu ýyl üçünjisi boldy. Muňa çenli Inçhonda (Koreýa Respublikasy) ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň wekilleri dürli medallaryň 7-sini gazandylar, Kazanda (Russiýa Federasiýasy) ХХVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada iki esse köp – 14 medal gazandylar. Indi bolsa Yslam raýdaşlyk oýunlarynda ýene-de 4 medal gazanan, biziň türgenlerimiz ýakynlaşyp gelýän ählihalk baýramçylygyna – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna ajaýyp sowgat etdiler.