Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda güýzki at çapyşygynyň üçünji güni geçirildi.
Iki ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda 1500 metr aralyga geçirilen 7-nji at çapyşygynda ussat çapyksuwar Baba Annaseýidowyň adyna golan baýrak ugrunda bäsleşildi. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişli bolan Perhat atly dor at bu aralygy 1 minut 44,8 sekuntda geçip, pellehana birinji bolup geldi.
“Keýmirkör” atly baýragy almak ugrunda geçirilen 8-nji at çapyşygy 4 we uly ýaşar saýlama ahalteke bedewleriniň arasynda geçirildi. Bu at çapyşygynda aralyk hem iň uzyny, ýagny 3000 metr aralyga boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniuň Ahal atçylyk toplumynyň “Dalbedew” atly dor bedewi 3 minut 41,7 sekuntda geçip, birinji bolup gelmegi başardy.
Bu atçylyk hojalygynyň wekilleri ýene-de at çapyşyklarynyň üçüsinde ýeňiji bolmagy başardylar. Birinji at çapyşygynda 1000 metr aralyga geçirilen bäsleşikde Perzent atly mele at, üçünji at çapyşygynda Merhemet atly çypar bedew şol aralykda, onunjy at çapyşygynda 1600 metr aralykda geçirilen bäsleşikde Mekan atly gara at birinji bolup gelmegi başardy.
At çapyşygynyň ikinji, dördünji we altynjy tapgyrlary hususy eýeçilikde bolan ahalteke bedewleriniň arasynda geçirildi. Olardan Kepel atly dor aty, Ýapalak atly mele, Näzliýar atly mele atlary görkezmek bolar.
Bäşinji at çapyşygynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň athanasynyň Ýelsona atly garamtyl-dor atyna bäs gelen bolmady. Bu bedew bellenen aralygy 1minut 06,7 sekunda geçip, günüň rekord netijesini görkezmegi başardy. Deňeşdirilende, ikinji orundaky atyň wagt görkezijisinden tapawut 4 sekunda golaý boldy.
1600 metr aralyga geçirilen dokuzynjy at çapyşygynda Gökdepe etrabyndan at çapyşygyna gatnaşan Perhat atly gara at birinji orny eýelemegi başardy.
Indiki ýekşenbe güni behişdi bedewleriň güýzki at çapyşygynyň çäklerinde nobatdaky at çapyşygy dowam etdiriler.