Türkmenistanyň topary Watanymyza Aziýanyň ýetginjekler futbol ýaryşyndan ýeňijileriň Kubogy bilen gaýdyp geldi. Bu ýaryş 2014-nji ýylda XVII tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Inçhon şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirildi.
Koreýa Respublikasynyň Milli ýaşlar futbol federasiýasy tarapyndan guralan bu iri sport ýaryşy Aziýa ýurtlarynda ýetginjekler futbolyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen “Hemişelik arzuwlar bilen bilelikde oýna!” diýen şygar astynda geçirildi.
Festiwala dünýäniň 16 ýurdundan 10-12 ýaşly zehinli ýetginjekleriň müňe golaýyndan düzülen toparlaryň 50-den gowragy gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň ählisi ýaşyna görä toparlara bölündi, olaryň her birinde aýlawlaýyn ýaryşyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen topar festiwalyň ýeňijisi boldy.
Bu kontinental futbol baýramçylygynda biziň ýurdumyza “Mellennium” çagalar futbol klubynyň10 ýaşly futbolçylarynyň topary wekilçilik etdi. Bu toparyň düzümine Aşgabat şäher sport komitetiniň sport futbol mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň olimpiýa rezerwiniň ýöriteleşdirilen çagalar—ýetginjekler mekdebiniň türgenleri girdiler.
Birinji duşuşykda türkmenistanlylar “Jiangong Primary School” topary (Hytaý) bilen 4:4 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Ikinji oýunda biziň futbolçylarymyz “Wabu” futbol klubynyň (Koreýa Respublikasy) türgenlerinden 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Ýeňiş pökgüsini toparyň kapitany Andreý Timçur geçirdi. Üçünji duşuşykda tälimçi Wladimir Milleriň şägirtleri “Gaon” futbol klubyny (Koreýa Respublikasy) 2:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Pökgüleri B.Öwezow we I.Aulow geçirdiler. Jemleýji duşuşykda biziň ildeşlerimiz Koreýanyň ýene-de bir toparyndan—“Hwasung Junior” toparyndan 6:2 hasabynda üstün çykdy we B-1 toparynda 10 utuk toplap, Aziýanyň ýetginjekler futbol festiwalynyň ýeňijileriniň biri boldy. Iň soňky duşuşykda biziň toparymyzda A.Timçur 3 pökgi, I.Aulow 2 pökgi we A.Bazarow 1 pökgi geçirmegi başardy.
Festiwalyň ýapylyşynda oňa gatnayjylaryň ählisine, şol sanda Türkmenistanyň futbolçylaryna ýadygärlik medallary gowşuryldy.
Tejribäniň görkeziji ýaly, Aziýanyň ýetginjekler futbol festiwaly uly futbola badalga bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, biziň ýaş futbolçylarymyzyň sport geljeginiň uludygyna umyt etmek bolar.