Şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde okrug saýlaw toparlarynyň düzümini döretmek işi tamamlandy.
Ozal habar berlişi ýaly, milli parlamentde deputat mandatlarynyň sany boýunça jemi 125 saýlaw okrugy döredildi. Şol sanda Aşgabatda 15 saýlaw okrugy, Ahal welaýatynda 15 saýlaw okrugy, Balkan welaýatynda 10 saýlaw okrugy, Daşoguz welaýatynda 27 saýlaw okrugy, Lebap welaýatynda 28 saýlaw okrugy, Mary welaýatynda hem 30 saýlaw okrugy döredildi. Okruglaryň çäkleri we merkezi görkezilen saýlaw okruglarynyň sanawlary merkezi we ýerli metbugatda çap edildi.
Saýlaw okruglary döredilenden soň, olaryň toparlaryny döretmek işi başlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan tassyklanan ýokarda agzalan saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek baradaky çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ähli ýerlerde okrug saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri görkezmek boýunça ýygnaklar geçirildi. Toparlaryň düzümine wekiller – milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işgärleri jemgyýetçilik guramalaryndan we birleşiklerinden, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, saýlawlara ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden we beýlekilerden, şeýle hem saýlaw kanunçylygynda özgertmeleriň bolup geçmegi netijesinde döwlet durmuşyna gatnaşmagyny has işjeňleşdiren raýatlar toparlaryndan görkezilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň saýlawlara has işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň yzygiderli döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçlik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Dalaşgärleri görkezmek işi tamamlanandan soň, ýokarda agzalan partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň teklipleri esasynda Merkezi saýlaw toparlary okrug saýlaw toparlarynyň düzümlerini tassyklady. Toparyň her bir agzasyna degişli şahadatnamalar gowşuryldy. 125 okrug saýlaw toparynyň agzalarynyň sanawlary metbugatda çap ediler.
Täze döredilen saýlaw toparlary bellenen möhletlerde saýlaw uçastoklaryny we olaryň düzümlerini döretmäge, zerur bolan resminamalary taýýarlamaga girişdiler.
Häzirki wagtda saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Şol maslahatlar olara gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygyndaky özgertmeler, has takygy, Türkmenistanyň täze Saýlaw kodeksi, özleriniň wezipe borçlary hem-de öňdäki saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, bu çäräniň iň jogapkärli tapgyrlarynyň biri – Mejlise deputatyga dalaşgärleri görkezmek çäresi bilen baglanyşykly anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, ses bermäge hukugy bolan her bir raýatyň saýlawlar gününde özüniň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmagy üçin zerur bolan düşündiriş işlerini geçirmek babatda düşündirişler berildi.
Milli parlamente saýlawlara taýýarlyk görmek özüniň işjeň tapgyryna gadam basýar. Türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgelerini berkarar etmek jähtinden bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu däpler mynasyp dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.