Türkmen türgenleri halkara derejeli iri ýaryşlaryň ikisinde – sambo boýunça dünýä çempionatynda we jiu-jitsi boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde uly üstünlik gazandylar. Sambo boýunça dünýä çempionatynda biziň watandaşlarymyz altyn medallaryň 1-ne we kümüş medallaryň 2-sine, jiu-jitsi boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda bolsa altyn medallaryň 3-sine, 1 kümüş we 1 sany bürünç medala mynasyp boldular.
Sambo boýunça dünýä çempionaty Gresiýanyň Saloniki şäherinde geçirilip, oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan türgenler gatnaşdylar. Biziň toparymyzdan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ikinji ýyl talyby Ý.Atamyradow 65 kilograma çenli agramda çykyş edip, birinji orny eýeledi. Şunda baýrakly orunlar üçin 18 türgen güýç synanyşdy. Biziň ildeşimiz Ysraýyldan, Belarusdan, Gruziýadan we Gazagystandan gelen türgenleriň 4-si bilen bäsleşip, üstün çykdy.
52 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edip, 2-nji orny eýelän R.Ysmaýylow Mary welaýatyndandyr. Ol indi dördünji ýyl Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby bolmak bilen, aşgabatly tälimçilerden ussatlyk sapaklaryny alýar. Ol hem belarus, gyrgyz we ukrain samboçylary bilen 4 gezek başa-baş bäsleşip, diňe finalda has tejribeli bäsdeşinden asgyn geldi.
56 kilograma çenli agram derejede çykyş eden lebaply türgen N.Muhuddinowa kümüş medala mynasyp boldy. Ol özüniň geçiren dört duşuşygynyň üçüsinde Russiýanyň, Gazagystanyň we Gruziýanyň türgenlerinden üstün çykdy.
Ýokarda görkezilen ýaryşlar bilen bir wagtda Ýalta şäherinde jiu-jitsi boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrundaky bäsleşikler geçirildi. Onda biziň ýurdumyzdan türgenleriň 6-sy çykyş edip, olaryň 5-si medallar bilen gaýdyp geldiler.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby T.Döwletow 84 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, birinji orny ynamly eýelemegi başardy. Ol Belarusdan, Portugaliýadan, Türkiýeden we Russiýadan gelen türgenlerden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy.
Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlary 74 we 76 kilograma çenli agramlarda çykyş edip, altyn medallaryň ikisine mynasyp boldular. Şunda degişlilikde F.Abdullaýew we R.Rozmetow ýokary sport ussatlygyny görkezdiler.
62 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän daşoguzly türgen K.Rozymow kümüş medala, 92 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän aşgabatly türgen D.Jumaýew bolsa bürünç medaly eýelemegi başardy.